Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistanyň köpugurly kuwwaty we dünýä derejesindäki abraýy ýokarlanýar
Hepdäniň wakalary
Türkmenistanyň köpugurly kuwwaty we dünýä derejesindäki abraýy ýokarlanýar
Çap edildi 19.09.2021
3918

Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny syýasy durnukly ýagdaý, ykdysadyýetiň sazlaşykly ösüşi, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek bilen garşylaýar. Geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzyň okgunly täzeçil ösüşini we ähli ulgamlarda ýetilen sepgitleri, ilata berilýän durmuş goldawynyň ýokary derejesini, türkmen döwletiniň halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny we daşary syýasat başlangyçlarynyň üstünliklere beslenýändigini görkezdi.

13-nji sentýabrda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine görülýän taýýarlyk, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we şanly sene mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hususan-da, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän ýadygärlikler toplumynda alnyp barylýan işleriň depginleri barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň beýik akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görülýän döwürde bu desganyň açylmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Akyldar şahyryň özygtyýarly döwlet, erkinlik we ynsanperwer ýörelgeler baradaky arzuwlary biziň günlerimizde, ajaýyp zamanada hasyl boldy. Magtymguly Pyragynyň çuňňur many-mazmuna eýe bolan şygryýeti halkymyzy halal zähmete, beýik maksatlara ruhlandyryp, biziň bahasyz gymmatlygymyza öwrüldi diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi üçin obasenagat toplumynyň ösüşiniň ähmiýetlidigini belläp, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ylmyň gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagynyň, seçgiçilik işini höweslendirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz welaýatlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň möhüm ugurlary barada aýdyp, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmelidigini we olaryň bellenen möhletlerde gurlup tamamlanylmalydygyny, mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk dabaralaryna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine toplumlaýyn esasda taýýarlyk görülmelidigini tabşyrdy.

14-nji sentýabrda milli Liderimiz ykdysady we maliýe-bank ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda geljek ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabatlar diňlenildi. Şeýle hem Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň amala aşyrylmagynyň, halk hojalyk toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleri jikme-jik gözden geçirmegiň zerurdygyny belledi. Makroykdysady görkezijilere yzygiderli gözegçilik etmegiň, geljek ýyl üçin çaklamalaryň düzülmeginiň möhümdigine üns çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň durnuklylygyny üpjün etmegiň, durnukly ykdysady ösüşi saklamagyň, şeýle hem bazar edaralaryny özgertmegi dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Eksport ugurly kärhanalara goldaw bermek arkaly, olaryň goşmaça maliýeleşdirilişini ösdürmek, söwdany maliýeleşdirmegiň häzirki zaman serişdelerini giňden peýdalanmak, daşary ykdysady işleri höweslendirmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy wezipelerini kesgitläp, bilim ulgamyny ösdürmek, saglygy goraýyş we beýleki pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalary doly derejede ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15-nji sentýabrda geçiren iş maslahatynda milli kanunçylygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmagyň ählumumy derejesinde ýurdumyzyň energetika ulgamyndaky bähbitleriniň goragyna gönükdirilen kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamagy möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Saglygy goraýyş ulgamynda we ählumumy pandemiýa ýaly umumy wehimlere garşy durmakda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler dowam etdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak bilen baglanyşykly milli bähbitleri goramak maksady bilen, söwda ulgamynda we ulag syýasatynda zerur bolan hukuk çärelerini taýýarlamagyň wajypdygyna üns berildi.

Ýurdumyzyň energetika serişdeleriniň eksport möçberleriniň yzygiderli artýandygyny nazara alyp, olary ugratmagyň kepilliklerini üpjün etmek üçin ygtybarly hukuk binýady zerur bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitleýin ykdysady we maliýe guramalary bilen işjeň goşulyşmak üçin kanunçylyk binýatlaryny işläp taýýarlamagy milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça möhüm çäreleriň hatarynda görkezdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasynyň konwensiýalaryna, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň söwda hyzmatdaşlygy boýunça Çarçuwaly ylalaşygyna goşulyşmagy bilen baglanyşykly meseleleriň jikme-jik öwrenilmeginiň zerurdygy nygtaldy.

Dünýä tejribesine esaslanyp, içerki we daşarky maýadarlary çekmek maksady bilen, hökümete degişli bolmadyk halkara täjirçilik arbitraž kazyýetlerini döretmek üçin, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýanynda Halkara täjirçilik arbitraž merkezini döretmek işleri geljegi uly ugurlar hökmünde kesgitlendi.

Milli Liderimiz raýatlara ýokary hilli hukuk kömegini bermek, fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini netijeli we ygtybarly goramak, dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletlerinde, goňşy ýurtlarda ulanylýan “Bir penjire” tehnologiýasynyň goşundysyna elýeterliligi kämilleşdirmek üçin hukukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrýan merkezi döretmek barada tabşyryk berdi.

16-njy sentýabrda, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen Döwlet münberiniň toplumy açyldy. Bu ýerdäki granit daşy bilen örtülen meýdançada ýurdumyzyň taryhynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneler mynasybetli dabaralar geçiriler.

Ýurdumyzyň iň gowy döredijilik toparlarynyň we belli artistleriň çykyşlary bu ýerde guralan dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Çykyşlar Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň milli gymmatlyklarynyň, döwlet nyşanlarynyň dürli yşyklar arkaly asmanda «janlandyrylan» şekilleri bilen utgaşdy. Dron şüweleňiniň ýakymly pursatlary älemgoşar öwüşginli feýerwerk bilen bir bitewi sazlaşygy döretdi.

Döwlet münberi toplumynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda Fransiýanyň “Bouygues Batiment International” kompaniýasynyň wekili milli Liderimiziň garamagyna ozalky döwlet münberiniň durkuny täzeläp, ony Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynyň Işewürleri kabul ediş merkezine öwürmek boýunça taýýarlanan taslamalary görkezdi.

Ýakynda paýtagtymyzyň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň düýpli özgeren we Halkara howa menziline çenli uzaýan böleginde täze seýilgähiň hem-de ýerasty geçelgeleriň açylyp, ulanmaga berlendigini bellemek gerek. Umumy meýdany 10 gektar bolan täze seýilgähiň merkezi böleginde Oguz hanyň ýyldyzy şekilindäki suw çüwdürimler toplumy ýerleşdirildi. Şeýle hem bu ýerde suw howdanlary, bassyrmalar, dynç alyş üçin niýetlenen ýerler göz öňünde tutuldy. Ýaşyl zolak landşaft dizaýny usulynda bezelipdir. Umumy meýdany 6 müň 270 inedördül metre barabar bolan 4 sany täze ýerasty geçelgelerde dükanlar we ulag duralgalary ýerleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça taslamalar amala aşyrylanda, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyryldy.

Ministrler Kabinetiniň 16-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde döwletimiziň durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Garalan meseleleriň hatarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk maksatnamasyny taýýarlamak, milli Liderimiziň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna saparyna taýýarlyk meseleleri bar.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň 27-nji awgust — 2-nji sentýabr aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň jemlerine garaldy. Onuň çäklerinde BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary we Prezidentiň işleri boýunça ministri bilen, şeýle hem Milli howpsuzlyk boýunça Ýokary Geňeşinde, Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginde, Energetika we senagat ministrliginde duşuşyklar geçirildi. Birnäçe degişli Ähtnamalaryň taslamalaryny taýýarlamagyň meseleleri ylalaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň iri önümçilik taslamalary we Türkmenistanda Maýa goýum edarasyny döretmek boýunça degişli işleri geçirmek üçin Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy bilen bilelikde maýa goýumlary çekmäge ýurdumyzyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna ygtyýarnamany bermek hakyndaky teklibi makullady we göz öňünde tutulan çäreleriň öz wagtynda, takyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, onuň serişde binýadyny berkitmek, pudaklaýyn kärhanalar we edaralar tarapyndan önümçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyryp, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe ýatagynyň gündogar böleginde 3D ölçegli hem-de Günorta Burun meýdançasynda 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek üçin “Yug-Neftegaz Private Limited” (Singapur) kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine “Berk ýol” hojalyk jemgyýeti bilen Balkan atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek üçin şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu ýerde geljek ýylda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralary we at çapyşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň himiýa toplumlarynyň bökdençsiz işiniň, olaryň doly önümçilik kuwwatyna çykarylmagynyň wajypdygyny belledi we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen “Tejenkarbamid” zawodynyň durkuny täzelemek boýunça şertnama baglaşmak hakyndaky meseläni jikme-jik öwrenmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz demir ýol ulaglarynda edilýän hyzmatlaryň görnüşleriniň giňeldilmegini we hiliniň gowulandyrylmagyny öz içine alýan “Türkmenistanyň demir ýol ulagynyň Tertipnamasynyň” taslamasy bilen tanşyp, bu düzümiň pudaklaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň we oňa täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hususan-da, döwlet hünär bilim edaralary hakynda Düzgünnamalaryň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işler bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesle halkara ölçeglere gabat gelýän ýokary hilli bilim berilmeginiň Watanymyzyň nurana geljegine goýlan düýpli maýa goýumdygyny aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň barşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Aral boýunça Türkmenistanyň Milli maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylandygy barada hasabat berildi. Sekiz bölümden ybarat bu resminama Aral sebitiniň durmuş-ykdysady we ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça hereketleriň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Ol işler milli derejede alnyp barlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Aral deňzini halas etmek boýunça hereketleriň toplumlaýyn strategiýasyny taýýarlamaga işjeň gatnaşýandygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz “Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri) Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň meseleleri hakynda” Karara gol çekdi.

17-nji sentýabrda milli Liderimiz hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisine gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz sammitde çykyş edip, Türkmenistan üçin ŞHG bilen gatnaşyklar biziň daşary gatnaşyklarymyzyň giň geografik we düzümleýin diwersifikasiýasyna ygrarlylyga esaslanýan halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugrudyr diýip belledi.

Biz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işine gyzyklanma we hormat goýmak bilen garaýarys, energetika hem-de ulag ulgamlarynda, söwda we maýa goýumlarda, senagatda, obasenagat toplumynda, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygymyzyň uly kuwwata eýedigine düşünýäris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu gurama girýän ýurtlaryň Türkmenistanyň öňden gelýän däp bolan hyzmatdaşlary, onuň goňşulary we dostlary bolup durýandygy hem wajypdyr. Şoňa görä-de, biz ŞHG bilen gatnaşyklara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşi hem-de özümiziň dünýä we kontinental işlere gatnaşygymyzyň umumy ugry bilen sazlaşykly arabaglanyşykda garaýarys.

Türkmenistan Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde ŞHG bilen bu möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilmeginde, ilkinji nobatda bolsa, terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşe, maglumat we biologik howpsuzlygyň üpjün edilmeginde özara gatnaşyklaryň işjeň ýola goýulmagyna taýýardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşmek meselelerindäki jogapkärli garaýyşlaryna möhüm orun degişlidigini belledi. Elbetde, bilelikdäki işiň däp bolan ulgamlaryndan başga-da, onuň mümkinçilikleri, toplan tejribesi pandemiýanyň täsirini azaltmak, kontinental ykdysady we ulag gatnaşyklaryny, düzümleri hem-de logistikany dikeltmek bilen baglanyşykly wezipeler babatda örän zerurdyr.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde 2022-nji ýylyň aprelinde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň halkara maslahatyny özünde guramagy meýilleşdirýändigini aýdyp, ŞHG-ä agza döwletleriň wekillerini halkara maslahata gatnaşmaga çagyrdy. Türkmen tarapy oňa adatdan daşary şertlerde hem-de çökgünlikden soňky döwürde halkara ulag hyzmatdaşlygy meseleleri boýunça anyk we iş ýüzündäki gepleşikler üçin oňat mümkinçilik hökmünde garaýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasynda köpugurly, yzygiderli, maksadalaýyk hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň ösüşe täze, kuwwatly itergi bermäge, tutuş Ýewraziýa giňişliginde syýasy, ykdysady, durmuş, ynsanperwer işleriň okgunly hem-de ýokary hilli bolmagyna ýardam etmäge ukyplydygyna ynam bildirdi we ýurdumyzyň bu ugurda bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn hem-de sebit derejesinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmony Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde 28-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek 15-nji sammitine gatnaşmaga çagyrdy we onuň sebitiň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine sebitara we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mynasyp goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy. Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, eýranly kärdeşini EYR-nyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we oňa jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanlary häzirki döwürde milli ykdysadyýetleriň ösüşiniň geljekki ugurlaryny nazara alanyňda, söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny we eksport-import harytlarynyň görnüşlerini artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtadylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eýranly kärdeşini ýurdumyzda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygyna gatnaşmaga hem-de özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Geçen hepdäniň beýleki wakalary barada aýdylanda, Daşoguz welaýatynyň kärendeçileriniň pagta ýygymyna girişendiklerini bellemek gerek. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde gowaça meýdany 155 müň gektary tutýar. Şonça ýerden “ak altynyň” 275 müň tonnasyny ýygnap almak maksat edinilýär. Soňky ýyllarda milli Liderimiziň tagallasy bilen satyn alnan “John Deere” kysymly ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň ýüzlerçesi ýygymda bökdençsiz işlediler.

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen parahatçylyk söýüjilik we döredijilikli syýasatynyň oňyn netijelere beslenýändigini aýdyň görkezdi.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow