Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa we tekstil önümleri öňdeligi eýeleýär
Ykdysadyýet
Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa we tekstil önümleri öňdeligi eýeleýär
Çap edildi 23.08.2021
1349

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Marşal adalarynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtomobil benzinini, uçar ýangyjyny satyn aldylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Täjigistanyň işewürleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gazy («Türkmengaz» DK) hem-de agyr wakuum gazoýli satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň işewürlerine float aýnasy, nah ýüplük, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de buýan köküniň ergini ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 31 million 712 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň we Ermenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 39 million 270 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropilen plýonkasyny satyn aldylar. Geleşigiň bahasy 3 million 700 müň manada deň boldy, daşary ýurt puluna bolsa jemi bahasy ABŞ-nyň 541 müň dollaryndan gowrak portland sement ýerlenildi.


Soňky habarlar
16.09
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylygyň öň ýanynda täze desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
16.09
«Türkmengeologiýa» gözleg-barlag işlerini geçirmek üçin Singapuryň kompaniýasy bilen şertnama baglanyşar
16.09
«Türkmen atlary» Balkan atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek üçin «Berk ýol» HJ bilen şertnama baglanyşar
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasyny 2021-nji ýylda saklamak üçin çykdajylaryň sanawyny hem-de şu wekilhananyň wezipe sanawyny tassyklady
15.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi