Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Ykdysady forum — dünýä hojalyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm şerti
Teswirlemeler
Ykdysady forum — dünýä hojalyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm şerti
Çap edildi 10.08.2021
1308

6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gabatlanyp geçirilen sebitiň ýurtlarynyň ykdysady forumy möhüm wakalaryň birine öwrüldi. Ozal habar berlişi ýaly, oňa Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň Hökümetleriniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, maliýe guramalarynyň, hususy işewürligiň, beýleki degişli düzümleriň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy soňky ýyllarda ýokary derejeli duşuşyklaryň, halkara we sebit ähmiýetli iri çäreleriň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde ähli babatda dünýä ölçeglerine kybap gelýän döwrebap düzüm döredildi.

Döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, degişli ugurda möhüm wezipeleri kesgitlemek hem-de sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak üçin açyk meýdança öwrülen forum halkara bileleşigi tarapyndan hem uly gyzyklanma döretdi. Onuň gün tertibine girizilen hem-de söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly bolan meseleler sebitde, şeýle hem sebitara derejede, häzirki zaman dünýä hojalyk işlerinde netijeli gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan hem aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

Bitarap Türkmenistan sebitde netijeli gatnaşyklary ilerletmekde işjeň orny eýeläp, sebitiň strategik ähmiýetinden hem-de ägirt uly kuwwatyndan ugur alyp, hyzmatdaşlyga yzygiderli we toplumlaýyn çemeleşmek hem-de oňa täze itergi bermek ugrunda çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady we senagat kuwwatyny berkitmek, integrasiýa gatnaşyklaryny giňeltmek, halklaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri möçberli maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak dünýä ykdysadyýetiniň globallaşma şertlerinde olary ösdürmegiň esasy ugurlary bolup durýar. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleriniň her birinde innowasion senagaty hem-de ösen ulag düzümini döretmäge gönükdirilen anyk ädimler ädildi. Şonuň bilen birlikde, olar häzir sebitiň içinde, şeýle hem beýleki döwletler we halkara ykdysady guramalar bilen özara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygyň täze, döwrebap görnüşleri we nusgalarydyr. Olar dünýä ykdysadyýetiniň üýtgäp durýan ýagdaýlaryna, täze ykdysady merkezleriň döredilmegine, innowasiýalaryň, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna kybap gelmelidir. Bularyň ählisi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häsiýetini gaýtadan kesgitlemegi, täze, geljegi uly bolan ugurlara çykylmagyny talap edýär.

Milli Liderimiziň Gutlagynda belleýşi ýaly, ara alnyp maslahatlaşyljak möhüm meselelere öz çemeleşmelerini beýan etmek bilen, Merkezi Aziýa strategik ähmiýetli, şeýle hem köp asyrlaryň dowamynda biziň ýurtlarymyzyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň aýrylmaz we örän möhüm bölegi bolan sebit hökmünde garaýyşlardan ugur alýar.

“Türkmenistan öz hyzmatdaşlary bilen has ýakyn ykdysady hem-de ylmy-tehniki taýdan goşulyşmaga gyzyklanma bildirýär” diýlip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagynda döwletimiziň möhüm ugurlarda bilelikde işlemäge, toplan tejribesini paýlaşmaga taýýardygy nygtalýar.

Geçen hepdede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan forumyň dünýä ykdysadyýetinde emele gelen wehimleriň dowam edip, ähli ýurtlaryň we sebitleriň, şol sanda Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetine gös-göni täsir eden döwründe geçirilmegi onuň tapawutly aýratynlygydyr. Bu bolsa diňe çökgünligiň ýaramaz täsirlerini azaltmaga däl-de, eýsem, ykdysady ösüşiň durnukly ugruna çykmaga, durmuş taýdan ösüşiň maksatnamalaryny amala aşyrmak üçin şertleriň üpjün edilmegine, sebitiň ýurtlarynyň Baştutanlarynyň gazanan ylalaşyklaryna laýyklykda, özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen bilelikdäki meýilnamalary we anyk wezipeleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, forumyň gün tertibi Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň esasy ugurlaryna gabat gelip, hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň arasyndaky doly bahaly söwda-ykdysady gatnaşyklary täzeden dikeltmegiň, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň, ony giňeltmegiň we hil taýdan täzelemegiň şolaryň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygyny belledi. Şondan ugur almak bilen, döwlet Baştutanymyz birnäçe başlangyçlary beýan etdi. Şolaryň biri-de orta möhletli döwre niýetlenen, ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak bilen bagly meseledir.

Milli Liderimiz bu wezipäni çözmegiň ýollaryny ulgamlaýyn esasda gözläp tapyp biljek bäştaraplaýyn iş edarasyny döretmegiň maksadalaýykdygy barada aýdyp, muňa daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekmek mümkinçiligi bilen Merkezi Aziýada ykdysady we telekeçilik işjeňligine ýardam bermek boýunça Işewürler geňeşini döretmek baradaky meselä garamagy teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ýurtlarynyň ykdysady ösüşiniň möhüm ugry hökmünde daşary ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegi, ilkinji nobatda, munuň energetika, ulag, söwda ulgamlarynda bilelikdäki taslamalara gatnaşmagy teklip edip boljak goňşy döwletler bilen amala aşyrylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Eýran, Owganystan, Pakistan, Hindistan, Orta Gündogaryň we Günorta Aziýanyň gyzyklanma bildirýän beýleki döwletleri bilen ykdysady gatnaşyklar hem-de düzümleýin taslamalar boýunça hyzmatdaşlygyň maksatlaýyn ýollaryny döretmegiň üstünde oýlanyşmak teklip edildi. Bu meseleler umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän sebit hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň okgunly ösmegine ýardam etmäge gönükdirilen ykdysady forumyň barşynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan esasy ugurlaryň hatarynda ulag we energetika ulgamlaryny ileri tutýar. Hyzmatdaşlygyň bu ugurlaryna garaýyşlaryň we çemeleşmeleriň umumylygy Merkezi Aziýa döwletleri üçin iş ýüzündäki gatnaşyklar babatda degişli şertleri döredýär. Bu ýerde gürrüň bir bitewi maksatlaryň ikisi dogrusynda barýar: birinjiden, sebitiň içinde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ikinjiden, häzirki zaman geoykdysadyýetiniň möhüm subýekti hökmünde kontinental we dünýä hojalyk gatnaşyklaryny doly derejede gurmak hakynda barýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň eýe bolan bäsdeşlige ukyply artykmaçlyklaryny — strategik Ýewraziýa ýollarynyň çatryklarynda çäk taýdan ýerleşmeginiň amatlyklaryny, uly möçberli serişde — çig mal serişdeleriniň baý goruny, ykdysady ösüşde ölçegleriň birnäçesi boýunça düzüm ylalaşyklylygyny doly peýdalanmagyň zerurdygy bellenildi.

Ýokarda görkezilen şertler Merkezi Aziýany uly we uzak möhletleýin daşarky maýa goýumlary üçin özüne çekiji sebite öwrüp, giň halkara hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri açýar. Şunda ýene bir zat aýdyň, ol hem agzalan mümkinçilikleri ýakynlaşdyrmak üçin degişli derejedäki itergini sebitiň döwletleriniň özi anyk ädimler, ozaly bilen, giň gerimli düzüm taslamalarynyň başyny başlamak arkaly amal etmelidir.

Soňky ýyllarda Türkmenistan milli, sebit hem-de halkara ulag-logistika we energetika ulgamyny yzygiderli ösdürýär, kämilleşdirýär. Ýurtda ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça döwrebap ugurdaş düzümiň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär.

Ýurduň gündogarynda gaz ýataklaryny Hazaryň kenary bilen birleşdiren «Gündogar — Günbatar» gaz geçirijisini gurmagyň milli taslamasy üstünlikli amala aşyryldy. Türkmen tebigy gazyny Hytaý Halk Respublikasyna ibermek boýunça strategik taslamanyň başy başlandy we durmuşa geçirildi.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmagyň taslamalaryna badalga berildi. Türkmenistandan Owganystana tarap geljekde Pakistanyň ýol-ulag düzümi bilen birleşdirilmegi göz öňünde tutulýan demir ýollar çekilýär.

Bu mysallar biziň sebitimizde we çäkleşýän zolaklarda iri taslamalary amala aşyrmagyň daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň goldaw bermegi we ýardam etmegi bilen amala aşyryp boljak wezipedigini görkezýär diýip, S.Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň şol ugurlar boýunça bilelikde işlemeginiň uly mümkinçiliklerini görýär hem-de sebit boýunça goňşularyna döwrebap ulag-logistika we energetika düzümini döretmek boýunça meýilnamalary işläp taýýarlamaga işjeň goşulmagy teklip edýär.

Sebitde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek möhüm wezipe bolup durýar. Hoşniýetli goňşuçylygyň bilelikdäki tejribesine we däplerine daýanmak bilen, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna täze itergi bermek, biziň ýurtlarymyzyň işewürleriniň arasynda özara gatnaşyklaryň ugurlaryny işjeň peýdalanmak, sebitiň içinde maýa goýumlaryny höweslendirmek, serhetýaka söwda-täjirçilik işine ýardam etmek zerurdyr.

Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň umumy ykdysady kuwwaty netijeli ulanylyp, dünýä ösüşiniň häzirki meýillerine we esasy ugurlaryna, ozaly bilen, onuň tehnologik, sanly, ekologiýa düzümlerine tarap gönükdirilmelidir.

Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň tagallalary, olaryň syýasy erki, öňdengörüjiligi we jogapkärçiligi netijesinde häzir sebitde ähli ugurlarda bilelikde işlemek üçin örän amatly şertleriň döredilýändigi bellenildi. Biziň umumy üstünligimiziň, öňde goýlan maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmegiň özeni şundadyr.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri, energetika we himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri; ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk ýaly ugurlar boýunça guralan forumyň bölümler boýunça geçirilen mejlisleriniň gün tertibine girizilen meseleler boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem sebitde döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi.

Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek we giňeltmek baradaky başlangyçlaryny goldamak bilen, Türkmenistanyň Baştutanynyň durmuşa geçirýän döredijilikli içeri we daşary syýasatynyň netijelidigini bellediler. Nygtalyşy ýaly, ýurtda türkmen Lideriniň baştutanlygynda ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, ösdürmek we sanly ulgama geçirmek, täze, eksport ugurly hem-de import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini döretmek, ähli pudaklarda innowasiýaly we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, hususy pudagy höweslendirmek, durmuş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Baştutanynyň oýlanyşykly maýa goýum strategiýasy öz netijelerini berýär. Koronawirus pandemiýasy zerarly dörän ýagdaýlara garamazdan, dünýä ykdysady çökgünligi şertlerinde hem Türkmenistanyň ykdysadyýeti durnukly ösmegini dowam edýär. Her ýyl iri möçberli sebit hem-de halkara ähmiýetli milli taslamalary amala aşyrmaga uly möçberde maýa serişdeleri gönükdirilýär.

Bularyň hemmesi, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň, şol sanda energetika we ulag ulgamlarynda başlangyçlarynyň BMG, beýleki abraýly halkara guramalar, maliýe edaralary tarapyndan goldanylmagy uzak möhletli, yzygiderli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy guramak üçin şertleri döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, forumyň barşynda Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýadaky netijeli gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandy aýratyn bellenildi. Häzirki döwürde onuň geosyýasy we geoykdysady gatnaşyklar ulgamynda eýeleýän orny yzygiderli artýar. Bellenilişi ýaly, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi ugur edinýän strategik taýdan möhüm pudaklarda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi sebitiň bäş ýurdunyň hemmesiniň abadançylygynyň maksatlaryna doly kybap gelýär.

Foruma gatnaşyjylar durnukly we sazlaşykly ykdysady ösüşi gazanmaga, Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetlerini berkitmegiň hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň, sebitiň ýurtlarynyň goşulyşmagynyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň bähbidine sebitiň döwletleriniň kuwwatyny netijeli peýdalanmaga gönükdirilen maslahatlaryň birnäçesini işläp taýýarladylar. Olar Jemleýji resminamada öz beýanyny tapdy.

Foruma gatnaşyjylar çäräniň yzygiderli geçirilmegi barada pikirlerini aýdyp, şol maslahatlaryň döwletara işewür hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň integrasion işlerini we ykdysady kuwwatyny yzygiderli ösdürmäge, däbe öwrülen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Şonuň üçin bularyň hemmesiniň daşary ýurtlaryň işewürlik we syýasy toparlarynda, şeýle hem döwrebap multimedia we interaktiw tehnologiýalara eýe bolmagy netijesinde köp sanly okyjylary bolan habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döretmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet we hususy kärhanalarynyň hem-de olaryň geljekki hyzmatdaşlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilip, olaryň barşynda özara gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlaryň we anyk taslamalaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny hem bellemek gerek.

Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň kompaniýalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 131,5 million dollaryna barabar bolan, eksport we import ugurly hem-de hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň 74-sini baglaşdylar. Olar oba hojalyk we azyk önümlerini, plastik turbalary, dürli görnüşdäki polimer önümlerini ibermek, ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly işleri öz içine aldy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň çäklerinde möhüm pudagara resminamalaryň 11-sine gol çekildi. Olar taraplaryň birnäçe ugurlarda, şol sanda ulag, halkara konteýner we multimodal ýük daşamalary, senagat, nebitgaz we elektroenergetika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek pikirini tassyklady.

Şeýlelikde, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenen, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda geçirilen forum uzak möhletleýin geljegi hem-de anyk netijeleri gazanmagy nazarlaýan döwletara hyzmatdaşlygyň täze görnüşiniň esasyny goýdy.

Soňky habarlar
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
top-arrow