Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasat habarlary
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 11.08.2021
1780

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň ajaýyp ýurduňyza döwlet saparymyň dowamynda maňa hem-de Täjigistan Respublikasynyň wekiliýetine bildirilen örän mähirli myhmansöýerlik we aýratyn üns-alada üçin Size, Türkmenistanyň Hökümetine we doganlyk halkyna çuňňur hoşallygymy bildirýärin.

Siziň bilen Aşgabatda geçirilen oňyn gepleşiklerimiziň netijeleriniň strategik hyzmatdaşlyk babatda iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň tutuş toplumyny sazlaşdyrmakda we döredijilikli ösdürmekde hil taýdan täze binýat döredendigi gürrüňsizdir.

Saparyň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalar ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň hem-de köptaraply hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny köp derejede berkidýär we bize olaryň ýakyn geljegine uly ruhubelentlik bilen garamaga mümkinçilik berýär. Gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň iki halkyň esasy bähbitlerine laýyk gelýän täjik-türkmen gatnaşyklaryny netijeli we uzak möhletleýin ösdürmegiň möhüm ýagdaýy boljakdygyna ynanýaryn. Biz şunda ýakyn döwür üçin Siziň bilen bilelikdäki hereketlerimiziň özenini görýäris.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyny guramakda hem-de onuň möhüm bölegini umumysebitleýin wajyp çäreler bilen baýlaşdyrmakda Siziň tagallalaryňyz örän ýokary baha mynasypdyr.

Maňa “Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Hormat nyşanyny” gowşurmak baradaky başlangyjyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin. Men bu ýokary sylagy sebitiň ýurtlarynyň arasynda taryhy däplere esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça mundan beýläk-de yhlasly işlemek üçin uly itergi hökmünde kabul edýärin.

Türkmenistanda ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň netijeleri bilen çuňňur kanagatlanýandygymy beýan edip, özüňiz üçin amatly wagtda sapar bilen Täjigistana gelip görmek baradaky çakylygymy ýene-de bir gezek kanagatlanma bilen beýan edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, gadyrly dostum, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk we täze üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, durnuklylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden,

Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň bilşiňiz ýaly, şu ýyl Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy özüniň döredilmeginiň 20 ýyllygyny belleýär.

ŞHG geçen döwürde halkara giňişlikde abraýly we depginli ösýän, sebitiň täze görnüşli birleşmesi hökmünde ykrar edilip, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek işine uly goşant goşýar.

Şu şanly ýylda Täjigistan Respublikasyna ŞHG-ä başlyklyk etmek hormaty nesip etdi we 16-17-nji sentýabrda Duşenbe şäherinde guramanyň şanly sammiti geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Sizi ŞHG-ä agza döwletleriň Liderleri bilen bilelikde, başlygyň hormatly myhmany hökmünde bu möhüm syýasy çärä gatnaşmaga uly kanagatlanma bilen çagyrýaryn.

Gadyrly dostum, Sizi Täjigistanyň gadymy topragynda mübäreklemäge tüýs ýürekden şat bolaryn.

Hormatlamak bilen,

Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gadyrly doganym!

Däp bolan mähirli myhmansöýerlik bilen göwnaçyk garşylandygyňyz hem-de ajaýyp Awazada Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň örän ýokary derejede guralandygy üçin Size we Siziň üstüňiz bilen Türkmenistanyň doganlyk halkyna örän uly hoşallygymy bildirýärin.

Merkezi Aziýada durnuklylygy, sebitiň döwletleriniň arasynda dostlugy we ylalaşygy pugtalandyrmakda Siziň işjeň tagallalaryňyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilendigini aýratyn nygtamak isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Siziň başlangyjyňyz boýunça geçirilen, maksatnamalara örän baý bolan nobatdaky konsultatiw duşuşyk örän netijeli boldy we onuň aýdyň netijeleriniň doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň müňýyllyklara uzaýan gatnaşyklary bilen bagly bolan biziň ähli halklarymyzyň düýpli bähbitlerine we umytlaryna laýyk gelýändigi gürrüňsizdir.

Awazada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy — munuň özi sebitleýin gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylmagyna möhüm goşant bolan hakyky taryhy wakadyr. Ol sebitde ýola goýlan täze ýagdaýlaryň mizemez häsiýetini, döwlet Baştutanlarynyň pugta syýasy erkini hem-de özara ynanyşmagy we goldawy mundan beýläk-de güýçlendirmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydyklaryny görkezdi.

Siziň başlangyjyňyz boýunça guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, ykdysady forumy, milli önümleriň sergisi, milli tagamlaryň festiwaly we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti biziň doganlyk halklarymyzyň ruhy ýakynlygyny, däp-dessurlarynyň meňzeşdigini, şeýle hem olaryň sebitiň gün tertibini hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga bolan ymtylmalaryny doly derejede ýüze çykardy.

Gadyrly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň bilen geçirilen netijeli ikitaraplaýyn gepleşikler strategik hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de köptaraply gatnaşyklary ösdürmäge biziň taýýardygymyzy ýene-de bir gezek tassyklady. Bu gün biz özara hormat goýmak, goldaw bermek we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan özbek-türkmen gatnaşyklarynyň Merkezi Aziýada durnuklylygy we rowaçlygy üpjün edip, halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigini ynam bilen nygtap bilýäris.

Pursatdan peýdalanyp, Sizi özüňiz üçin amatly wagtda resmi sapar bilen Özbegistana gelip görmäge çagyrmaga rugsat ediň!

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk hem-de döwlet işleriňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
16.04
Halkymyzyň döredijilik kuwwaty — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
16.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 2-nji tapgyryň netijeleri
top-arrow