Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Täze suw howdany suwdan oýlanyşykly peýdalanmagyň ylmy çemeleşmesiniň netijesidir
Jemgyýet
Täze suw howdany suwdan oýlanyşykly peýdalanmagyň ylmy çemeleşmesiniň netijesidir
Çap edildi 11.08.2021
2833

Şu gün Bereket etrabynda täze suw howdany ulanylmaga berildi. Bu howdan ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ekerançylyk meýdanlaryny Garagum derýasynyň suwy bilen üpjün etmäge niýetlenendir.

Dabaraly çärä Hökümet agzalary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Balkan welaýatynyň häkimliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem oba zähmetkeşleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Dabara baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançada geçdi. Estrada aýdymçylarynyň, bagşy-sazandalaryň, folklor tans toparlarynyň çykyşlary dabaranyň joşgunyny has hem artdyrdy. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda ulanylmaga berilýän suw hojalyk pudagynyň täze desgasynyň işe girizilmegi mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň merdana suw hojalyk işgärlerine we ähli oba zähmetkeşlerine iberen Gutlagyny uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler.

Milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilişi ýaly, ýaşaýşyň we bolçulygyň gözbaşy bolan mukaddes suw tebigaty janlandyrýar, giň sähralarymyzy gülzarlyga hem-de bereket mekanyna öwürýär. Şonuň üçin hem suwuň gadyr-gymmatyny, sarpasyny belent tutan halkymyz asyrlarboýy onuň her damjasyny altyn dänesine deňäpdir.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda: “Suwuň asla ýok ýerlerine hem suw eltmegiň kämil usullaryny oýlap tapan ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerinden ugur alyp, häzirki döwürde ýurdumyzda suw serişdelerini aýawly saklamak we ondan tygşytly peýdalanmak boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda biz ýurdumyzyň bahasyna ýetip bolmaýan baýlyklaryny goramak, suwuň her damjasyny aýawly we rejeli peýdalanmak boýunça köp işleri amala aşyrýarys. Suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny, suw hojalyk desgalarynyň we ulgamlarynyň gurluşyklarynda öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri alyp barýarys” diýip bellenilýär.

Ýaşuly nesliň wekilleri welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak baradaky ýadawsyz aladasy üçin çuňňur hoşallyk bildirip, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri hem pudagy ösdürmekdäki taýsyz tagallalara hoşallyk bildirip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen giň möçberli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin mundan beýläk-de döredijilikli zähmet çekjekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.

Dabaranyň dowamynda täze suw hojalyk toplumynyň gurluşygynda tapawutlanan hünärmenlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär: il sylagly ýaşulular böwedi açyp, Garagum derýasynyň suwuny suw howdanyna goýberýärler. Soňra dabara gatnaşyjylar howdanyň suw goýberiji desgasynyň hem-de suw ölçeýji enjamlarynyň işleýşi bilen tanyşýarlar, bu toplumy dolandyrmak üçin ýörite enjamlar oturdylan dolandyryş binasyna baryp görýärler.

Garagum derýasynyň 1096-njy kilometrinde gurlan suw howdanynyň göwrümi 18 million kub metr bolup, ol ýerde sekuntda 30 kub metr suw geçirmäge ukyply suw ýygnaýjy desga ýerleşýär. Bu desga güýz-gyş aýlarynda derýanyň aşaky akymynda suwy ýygnamak, ekerançylyk ýerleriniň suwarylýan wagtynda suwuň paýlanyşyny sazlamak üçin niýetlenendir.

Bu gidrotehniki toplumyň taslamasy “Türkmensuwylymtaslama” institutynda taýýarlanyldy, gurluşyk işlerini bolsa Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň “Garagumderýagurluşyk” önümçilik birleşiginiň hünärmenleri ýerine ýetirdiler.

Desganyň gurluşygynda dünýäniň iri kompaniýalaryndan yzygiderli satyn alnan kuwwatly ekskawatorlaryň, buldozerleriň we beýleki ýöriteleşdirilen döwrebap tehnikalaryň 180-den gowragy gije-gündiz işledildi.

Howdanyň we bendiň gurluşygynda ýerli känlerden alnan gurluşyk materiallary ulanyldy, hususan-da, olaryň berkidilmegi üçin 167,5 müň kub metr çagyl gerek boldy. Bendiň umumy uzynlygy 7,8 kilometrden gowrakdyr. Esasy önümçilik desgalaryndan başga-da, ýol we energetika düzümleriniň desgalary guruldy.

Suw geçirijilik ukyby sekuntda 10 kub metre barabar bolan täze suw hojalyk toplumynyň işe girizilmegi Bereket etrabynyň ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, oba hojalyk pudagynyň depginli ösüşiniň möhüm esasy bolan suwarymly ýerleriň netijeliligini artdyrmak, bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň durnukly, ýokary hasylyny almak, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek babatynda öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek ugrundaky ýene bir möhüm ädim boldy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler we pudagyň işgärlerine döredilýän şertler üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan edip, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine mundan beýläk-de ýadawsyz zähmet çekjekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow