Halkara giňişlikde başlangyçlary işjeň öňe sürýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ykdysady kuwwatyny barha pugtalandyrýar, halkymyzyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrýar, sebit we dünýä derejesinde ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaş hökmündäki abraýyny gün-günden belende galdyrýar. Geçen hepdäniň wakalary milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan «Açyk gapylar» syýasatynyň hem-de köptaraply durmuş ugurly maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.
2-nji awgustda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan şatlykly habar gelip gowuşdy. Şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz hem ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnama guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. 48 döwlet Kararnamanyň döredijileri bolup çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, watandaşlarymyzy bu waka bilen gutlady hem-de parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýylynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan bu halkara resminamanyň kabul edilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi, çünki munuň özi ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ýokary netijeliliginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Bu Kararnamanyň esasy wezipesi dünýä ykdysadyýetinde, hususan-da, ulag ulgamynda häzirki döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleri peseltmek boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny güýçlendirmekden hem-de bu babatda degişli hukuk binýadyny kemala getirmekden ybaratdyr.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Milletler Bileleşigi bilen uzak möhletleýin geljege niýetlenen netijeli, doly görnüşli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyr. Sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň özara ylalaşylan çözgüdini işläp düzmekde işjeň orny eýeleýän döwletimiz köpugurly hyzmatdaşlyga, şol sanda ulag ulgamyndaky gatnaşyklara çemeleşmeleri giňeltmek ugrunda çykyş edýär we döredijilik başlangyçlaryny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar.
2-nji awgustda milli Liderimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň hem-de olaryň etraplarynyň häkimleri pagta ýygymyna, güýzlük bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdiler.
Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini hem-de medeni-köpçülikleýin baýramçylyk çäreleriniň guramaçylyk meseleleri barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçileri oba hojalyk tehnikalary, suw, ýokary hilli tohum we beýleki serişdeler bilen üpjün etmegiň hem-de ähli degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini gazanmagyň möwsümleýin oba hojalyk işlerinde esasy wezipe bolup durýandygyny belledi. Pudaga innowasion usullary ornaşdyrmagyň hem-de önüm öndürijileri höweslendirmegiň wajypdygyna üns çekildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň ähmiýeti barada aýdyp, dürli maksatly desgalarda we ilkinji nobatda, beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalarda gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
3-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine, bu düzümleriň öňünde durýan wajyp wezipelere garaldy. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, onuň düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak meseleleri we beýleki wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
4-nji awgustda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza döwlet saparyna gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyk geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň biri boldy.
Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň özara bähbitlerine hem-de tutuş sebitiň durnukly ösüş maksatlaryna kybap gelýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin geljegi uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyz gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin sebit görnüşindäki gurama hökmünde şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk edýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) barada aýdyp, Täjigistanyň meýilleşdirilen çärelere, şol sanda şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan YHG-niň 15-nji nobatdaky sammitine işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem milli Liderimiz Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň netijelidigine aýratyn ünsi çekip, syýasy gepleşikleriň şeýle görnüşiniň bäş döwletiň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynda täze tapgyry alamatlandyrýandygyny nygtady. Bu hemme ulgamlarda hyzmatdaşlygy durnukly ösdürmek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.
Gepleşiklerde Owganystan Yslam Respublikasyndaky ýagdaýa aýratyn üns berildi. Daşary döwletleriň harby bölümleriniň goňşy ýurtdan çykarylmagy bilen baglylykda, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagynda netijeli syýasy-diplomatik gurallary döretmek baradaky mesele aýratyn möhümdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy hereket etmek, Merkezi Aziýa sebitiniň suw serişdelerini aýawly we oýlanyşykly peýdalanmak, Aral meselesini çözmek boýunça utgaşykly işleri has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiziň türkmen we täjik kompaniýalarynyň iki ýurduň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagyna döwlet tarapyndan goldaw bermek, iki dostlukly ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Işewürler geňeşini döretmek barada beýan eden birnäçe anyk başlangyçlaryny bellemek wajypdyr.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň tagallalary baş maksada ýetilmegine gönükdirilip bilner we şoňa gönükdirilmelidir, şol maksat bolsa, Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip biljek kuwwatly hem-de döwrebap düzümi kemala getirmekden ybaratdyr.
Şunuň bilen baglylykda, ýollary has doly peýdalanmak üçin Türkmenistanyň çäklerini ulanmak arkaly Täjigistana hem-de Täjigistandan ýükleri ýerüsti ugratmak boýunça ýeňillikleri girizmek baradaky meseläni jogapkär edaralara öwrenmegi tabşyrmagyň maksada laýykdygy bellenildi. Mundan başga-da, täjirçilik bähbitlerini nazarda tutup, iki döwletiň arasynda göni ýa-da üstaşyr howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça gepleşiklere täzeden başlamagyň mümkinçiliklerine hem garamak teklip edildi.
Duşuşygyň dowamynda Täjigistanyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu guramanyň Başlygynyň hormatly myhmany hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Liderleri bilen bilelikde bu abraýly guramanyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, 16-17-nji sentýabrda Duşenbede geçiriljek sammite gatnaşmaga çagyrdy.
Gepleşikler tamamlanandan soň, dürli ulgamlarda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň meselelerini öz içine alýan hem-de döwletara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
5-nji awgustda milli Liderimiz hem-de Täjigistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna ugradylar. Uçarda iki dostlukly döwletiň Prezidentleriniň özara söhbetdeşligi dowam etdi. Söhbetdeşligiň barşynda täze taryhy eýýamda iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşini nazara alyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň ugurlary kesgitlenildi.
Şol gün Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Türkiýäniň käbir sebitlerinde giň möçberli tokaý ýangynlary bilen baglylykda, emele gelen çylşyrymly ýagdaý sebäpli, dostlukly döwletiň Baştutany şu ýylyň awgust aýynda meýilleşdirilen üçtaraplaýyn sammitiň möhletini yza süýşürmegi teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyz türk Lideriniň teklibini düşünmek bilen kabul edip, pajygaly ýagdaý zerarly çuňňur gynanjyny, halkymyzyň, ýurdumyzyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan medet beriji sözlerini beýan etdi.
6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara ähmiýetli çäreler geçen hepdäniň möhüm wakalary boldy. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, ykdysady forum, milli önümleriň halkara sergisi, milli tagamlaryň halkara festiwaly hem-de sebitiň sungat ussatlarynyň bilelikdäki baýramçylyk konserti bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejeli foruma Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German gatnaşdylar.
Milli Liderimiz sammit başlamazdan ozal, mejlise gatnaşyjylar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Şolaryň barşynda üçünji konsultatiw duşuşyk boýunça pikir alşyldy, Merkezi Aziýanyň halklarynyň rowaçlygyny we abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyna üns çekildi.
Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylaryň öňünde 2018-nji ýylyň mart aýynda Nur-Sultan şäherinde, 2019-njy ýylyň noýabrynda bolsa Daşkentde geçirilen konsultatiw duşuşyklaryň netijeleriniň sebitiň döwletleriniň sazlaşykly hem-de netijeli işleriniň oňyn mysaly bolandygyny we olaryň netijeleriniň häzir Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmekde öz beýanyny tapýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýdyp, birnäçe ähmiýetli başlangyçlar bilen çykyş etdi. Hususan-da, bäş ýurduň Hökümetlerine ozal geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça kabul edilen resminamalaryň mazmunyna düýpli seljerme geçirmegi hem-de orta möhletli döwre niýetlenen “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamagy tabşyrmagy teklip etdi.
Milli Liderimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň esasy düzüm böleginiň energetika bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýa-da olaryň çäklerinden daşary ýurt bazarlaryna özara bähbitli şertlerde tebigy gazyň iberilişiniň möçberini ep-esli artdyrmaga taýýardygyny tassyklady.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa — Hazar — Gara deňiz sebiti ugry boýunça Gündogar Ýewropa çykalgasy boljak hem-de Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar ugry boýunça täze ulag-kommunikasiýa ýollaryny kemala getirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça Hökümet derejesinde bäştaraplaýyn iş toparyny döretmek barada teklibi beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýada ykdysady we telekeçilik işjeňligine ýardam bermek boýunça Işewürlik geňeşini hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Eýran, Owganystan, Pakistan, Hindistan, Orta Gündogaryň we Günorta Aziýanyň gyzyklanma bildirýän beýleki döwletleri bilen ykdysady gatnaşyklar hem-de düzümleýin taslamalar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň maksatlaýyn ýollaryny döretmek barada başlangyjy öňe sürdi.
Ýokary derejedäki soňky bäştaraplaýyn duşuşykdan bäri geçen döwür sebit howpsuzlygy babatda ýeňil bolmady. Goňşy Owganystandaky ýagdaýlar durnukly däl. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň serhetlerinden uzakda bolmadyk ýerde ýerleşen birnäçe beýleki sebitlerde dawaly ýagdaýlar bar. Şeýle şertlerde bizden aýratyn jogapkärçilik hem-de oýlanyşyklylyk talap edilýär diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ylmy diplomatiýanyň ugry boýunça sebitiň ýurtlarynyň lukmançylyk birleşikleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegi teklip etdi hem-de Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça Merkezi Aziýanyň sebit merkezini döretmegiň maksada laýykdygyny we Merkezi Aziýada ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmalydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemme meseleleri birek-birek bilen habarlaşyp, özara bähbitleri nazara almagyň esasynda, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de hormat goýmagyň köpasyrlyk tejribesine daýanyp, öz ýörelgelerimizi açyk we ynanyşmak bilen beýan edip çözmegiň wajypdygyny belledi.
Öz gezeginde, sebitiň döwlet Baştutanlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýokary baha berip, halkara hem-de sebit derejesindäki meselelere we olary çözmekde çemeleşmelere garaýyşlaryny beýan etdiler hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sebitleýin birleşmegi ösdürmegiň ýollaryny kesgitlediler.
BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German Merkezi Aziýa ýurtlarynyň soňky 30 ýylda döwlet işini pugtalandyrmakda, ykdysady ösüşde, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda ýeten belent sepgitlerini belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň bu forumyň netijeleri boýunça kabul ediljek çözgütleri hem-de sebiti ösdürmegiň strategik ugurlaryny hemmetaraplaýyn goldamaga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň jemleri boýunça Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda, halkara bileleşikde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň bilelikdäki bähbitlerini we başlangyçlaryny ilerletmekde bitiren ajaýyp hyzmatlary üçin gatnaşyjylaryň biragyzdan gelen çözgüdine laýyklykda, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanyldy. Bu dabara «Awaza» kongresler merkeziniň uly mejlisler zalynda geçirildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi. Onda sebitiň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri beýan edildi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sebitiň bäş ýurdunyň wekilleriniň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebit edarasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar dünýä we sebit derejesindäki dürli çäreleriň hem-de Merkezi Aziýa toparynyň zenanlar birleşikleriniň syýasy, şeýle-de durmuş ugurlarynda zenanlaryň ornuny pugtalandyrmakda, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de ösüşi üpjün etmek bilen bagly möhüm meseleler boýunça çözgütleri kabul etmäge täsirini ýetirmegiň mümkinçiliklerini giňeltmekde gazanan tejribeleri bilen tanyşdylar.
Forumyň netijeleri boýunça Jarnama kabul edildi. Jarnama zenanlaryň döwletiň syýasy hem-de durmuş-ykdysady işine gatnaşmagyny giňeltmek üçin milli we sebit derejesinde amala aşyrylmagy zerur bolan çäreleri babatda maslahatlary öz içine aldy.
Söwda-ykdysady, maýa goýum mümkinçilikleri, energetika we himiýa pudaklarynda, ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň meseleleriniň esasyny düzdi.
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gabatlanyp geçirilen bu çärä Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň agzalary, ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, maliýe guramalarynyň, hususy işewürligiň, beýleki degişli düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Pikir alyşmalaryň netijeleri hem-de işlenip düzülen maslahatlar forumyň Jemleýji resminamasynda beýan edildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet hem-de hususy kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň we olaryň geljekki hyzmatdaşlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilendigini bellemek gerek. Şolaryň barşynda özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary hem-de anyk taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň kompaniýalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 131,5 million dollaryna barabar eksport we import ugurly hem-de hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň 74-sini baglaşdylar. Olar oba hojalyk we azyk önümlerini, plastik turbalary, dürli görnüşdäki polimer önümlerini ibermek, ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek we beýleki işleri öz içine alýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň çäklerinde möhüm pudagara resminamalaryň 11-sine gol çekildi. Şolar aýry-aýry taraplaryň birnäçe ugurlarda, şol sanda ulag, halkara konteýner hem-de multimodal ýük daşamalary, senagat, nebitgaz we elektroenergetika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanmalaryny tassyklady.
Awazada Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, onuň barşynda bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň, şol sanda täze üstaşyr ulag geçelgelerini gurmagyň möhümdigi nygtaldy.
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisinde üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady, energetika ulgamlary, oba hojalyk, aragatnaşyk, saglygy goraýyş, bilim, ylym, sport hem-de syýahatçylyk uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Şol gün Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine hem-de milli tagamlarynyň halkara festiwalyna baryp gördüler, şeýle hem sebitiň döwletleriniň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertine tomaşa etdiler.
Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda ýurdumyzyň hem-de goňşy döwletleriň ykdysady gazananlarynyň sergisi boldy. Meýdany 2090 inedördül metre deň bolan meýdançada Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalarynyň, işewürler düzümleriniň sergi bölümleri ýerleşdirildi.
Diwarlyklarda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli ykdysadyýetleriniň möhüm ugurlaryny ösdürmekde, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, gurluşyk, oba hojalyk, ulag we logistika, awtoulag gurluşygy, dokma hem-de azyk senagaty ulgamlarynda gazanan üstünlikleri görkezildi.
Serginiň çäklerinde birža söwdalary guraldy, şolarda ýurdumyzda öndürilen önümler söwdalaşyga çykaryldy. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçiren söwdalarynda Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň kompaniýalarynyň wekilleri, Gonkongyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň işewürleri bäsleşdiler.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalarda ýurdumyzyň nebithimiýa we gurluşyk, ýeňil senagat, haly önümleri ýerlenildi. Geçirilen 113 geleşigiň bahasy ABŞ-nyň 108,9 million dollaryna hem-de 3,6 million manada barabar boldy.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalyna gatnaşyjylar gadymy hem-de häzirki döwrüň usullaryny we sebitiň halklarynyň milli aşhana sungatynyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, özboluşly tagamlary taýýarlamakda ussatlyklaryny görkezdiler.
Türkmenistanyň sergi bölümi festiwalda aýratyn orun eýeledi, onda 300-e golaý tagam, şol sanda “Bereketli türkmen saçagy” kitaby esasynda taýýarlanylan tagamlar hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça deňziň türkmen kenarynda uly üstünlik bilen geçirilen ýokary derejeli çäreler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti bilen jemlenildi.
Baý many-mazmunly döredijilik maksatnamasynda halk we häzirki zaman sungatynyň köpdürlüligi hem-de özboluşlylygy, däp-dessurlaryň dowamatlylygy, parahatçylykda we agzybirlikde goňşy bolup ýaşaýan halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezligi öz beýanyny tapdy.
Milli Liderimiziň döreden “Leýlisaç barada rowaýat” atly aýdymy tomaşaçylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Ozodbek Nazarbekowyň “Dokmaçylar” folklor toparynyň ajaýyp tansy bilen sazlaşykda türkmen dilinde ýerine ýetiren bu aýdymy Garaşsyz Watanymyza bagyşlandy.
Jogapkärli döwlet işlerini eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegine hem-de halkymyzyň abadançylygyna gönükdirýän döwlet Baştutanymyzyň zehininden dörän “Bagt nury” diýen ýene bir aýdymy tomaşaçylar dowamly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine döredijilik raýdaşlygynyň dabaralanmasy türkmen artistleriniň hem-de olaryň Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen kärdeşleriniň joşgunly ýerine ýetiren gadymy “Küştdepdi” tansynda öz beýanyny tapdy.
Konsert maksatnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalyna gatnaşan ussat aşpezleri sylaglamak dabarasy boldy.
Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän ýylda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň hem-de döredijiligiň ýoly bilen okgunly hereketini ynamly dowam edýändigini aýdyň görkezdi, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan täzeçil we oňyn syýasaty halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.