Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly
Medeniýet
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly
Çap edildi 06.08.2021
5875

Şu gün Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen sebitiň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalyna gatnaşdylar.

Milli Liderimiz festiwalyň geçirilýän ýerine gelip, özüni garşylan Awazada geçirilen wekilçilikli foruma — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjy zenanlary mähirli mübärekledi. Döwlet Baştutanymyz olara sebitiň zenanlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek hem-de bu ugurda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alyp barýan uly we möhüm işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Daşary ýurtlaryň hormatly myhmanlary, öz nobatynda, türkmen topragynda mähirli garşylanandyklary we bildirilen myhmansöýerlik hem-de özlerini gerimi we ýokary guramaçylyk derejesi bilen haýran eden şu günki halkara çärelere gatnaşmak baradaky çakylygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Dialoga gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň gender deňligini üpjün etmek hem-de birnäçe halkara başlangyçlary öňe ilerletmek babatda alyp barýan syýasatyna ýokary baha berip, häzirki çäreleriň sebitde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işine ýurdumyzyň anyk goşandyna öwrüljekdigine ynam bildirdiler. Bu sebitiň halklaryny umumy taryhy kökler, köpasyrlyk däp-dessurlar baglanyşdyrýar.

Baý we gadymy medeniýeti bolan türkmen halky özüniň köpasyrlyk taryhynda ata-babalarymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy mirasyny gorap saklamaga hem-de baýlaşdyrmaga, ajaýyp milli ýörelgelerini, däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmäge aýratyn üns berýär.

“Türkmen saçagy” diýen düşünje “türkmen bedewleri”, “türkmen halylary”, “türkmen gawunlary” ýaly düşünjeler bilen utgaşyp, köpasyrlyk şöhratly ýörelgeleri özünde jemleýär hem-de biziň halkymyzyň jomartlygynyň hem-de myhmansöýerliginiň ajaýyp nyşanyna öwrüldi.

Milli aşpezlik sungaty islendik ýurduň medeniýetiniň örän gyzykly sahypalarynyň biridir. Onda milletiň durmuş däp-dessurlary hem-de aýratynlyklary öz beýanyny tapýar. Gündogar halklary hemişe duz-çörekliligi bilen bellidir, olar myhmanlary öýüň töründe oturdyp, iň süýji tagamlary hödürläpdirler. Şol sebäpli hem beýleki bir halkyň medeniýetine has ýakyndan aralaşmagyň iň gysga ýoly milli aýratynlyklary beýan etmegiň täsirli serişdesi bolan aşhana degişlidir.

Bu babatda şu günki festiwalyň geçirilmegi Türkmenistanyň gazananlaryny hem-de dünýä jemgyýetçiligini däp-dessurlar bilen tanyşdyrmaga, türkmen halkynyň aşpezlik sungatynyň inçe syrlaryny açyp görkezmäge ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde özboluşly görnüşde bezelen dabaraly girelgä tarap ugraýar, soňra bolsa ýörite ýodajyk bilen Hazaryň kenarynda gurnalan — türkmen halkynyň myhmansöýerliginiň, gadymy, özboluşly taryhy-medeni mirasynyň nyşany, özüniň köklerini we gözbaşlaryny gorap saklamagyň alamaty bolan ak öýlere tarap ugraýar. Şol sebäpli hem ak öýler şu günki baýramçylygyň “esasy gahrymanlarynyň” birine öwrüldi.

Festiwala gatnaşyjy ýurtlaryň milli äheňlerinde bezelen ak öýleriň her biriniň ýanynda Merkezi Aziýa halklarynyň aşpezlik sungatynyň tanyşdyrylyşy guraldy, aşpezler nusgawy tagamlary taýýarlamagyň usullary, şeýle hem häzirki zaman aşpezlik sungatynyň syrlary barada gürrüň berdiler.

Göwnejaý derejede bezelen — haly düşelen ak öýleriň ýanynda gadymy däp-dessurlar bilen baglanyşykly wakalar janlandyrylýar, milli senetçilikler, el işleri görkezilýär.

Sergini gawun-garpyzlar goýlan bölümler bezeýär — sebit boýunça goňşy ýurtlaryň bakjaçylary we seçgiçileri özleriniň iň gowy “eserlerini” — altyn öwüşginli naýbaşy görnüşli gawunlary hem-de garpyzlary, kädileri, ter gök önümleri, miweleri we üzümleri, şeýle hem olary gaýtadan işlemekden alnan önümleri görkezýärler.

Ýurtlaryň her biri halk senetçiliginiň dürli önümleriniň, elde ýasalan durmuş esbaplaryny hem-de geçmişiň beýleki gymmatlyklaryny görkezýärler. Bu ýerde şeýle hem senetkärleriň sahnalaşdyrylan ussahanalary ýerleşýär. Kimdir biri azallary hem-de at eýerlerini, beýlekiler bolsa saz gurallaryny hem-de öý esbaplaryny ýasaýarlar, zenanlar tahýa tikýärler, ýüpekler öwüşgin saçýar, nagyşlar bilen bezelen we dürli okaralar özboluşly sergini bezeýär. Olaryň ýanynda ajaýyp haly we zergärlik önümleri, milli lybaslar goýlupdyr.

Bularyň ählisi aýdym-sazlar bilen utgaşýar, dutaryň, karnaýlaryň, surnaýlaryň owazlary ýaňlanyp, hemmeleri baýramçylyga çagyrýar.

Ak öýleriň golaýynda tamdyrlar gurnalypdyr we gazanlar atarylypdyr. Gazanlardan buglar asmana göterilýär, her dürli tagamlar taýýarlanylýar, naz-nygmatdan doly saçaklar ýazylýar. Ussat aşpezler, gadymy tagamlary taýýarlamak sungatyna sarpa goýýanlar milli tagamlary taýýarlamagyň usullaryny görkezýärler. Şol tagamlar örän köpdürlüdir we bezeginde-de özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde aýratyn taýýarlaýyş usuly bilen taýýarlanylan tagamlar görkezilýär, olaryň arasynda gyzgyn we sowuk tagamlar, işdäaçarlar bar.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary sergi bilen tanyşlygy Gazagystan Respublikasynyň ussat aşpezleriniň taýýarlan meşhur tagamlardan başlaýarlar.

Gazagystanyň aşpezlik sungatynyň wekili doganlyk ýurtlaryň Liderlerini mübärekläp, öz halkynyň milli aşpezlik sungatynyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Görkezilýän tagamlaryň hatarynda gowrulan goýun gapyrgalary, süýtden taýýarlanylan içgiler, şol sanda kumys — gymyz bar.

Gyrgyzystanyň aşpezleri hem öz ussatlyklaryny görkezýärler. Olar bäşbarmak, palaw, gowurdak, lagman, dymdama ýaly tagamlary hem-de içgileriň dürli görnüşlerini görkezdiler.

Türkmenistanyň sergi bölümi milli tagamlaryň sergisini bezedi, onda 300-e golaý tagam, şol sanda milli Liderimiziň tagallasy bilen çap edilen “Bereketli türkmen saçagy” kitapdan alnan taýýarlaýyş usullary boýunça tagamlar görkezilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, halkymyzyň aşpezlik sungaty ýüzýyllyklaryň dowamynda kemala gelipdir. Milli aşpezlik sungaty türkmenleriň özboluşly medeniýetiniň möhüm bölegidir, onda täsin halk dessurlary we ýurdumyzyň dürli sebitleriniň tagamlarynyň aýratynlyklary beýan edilýär.

Milli tagamlaryň sanawynda çorbalaryň 15-den gowrak görnüşi bar. Türkmen tagamlarynyň iň meşhurlary etden we balykdan taýýarlanan naharlar, işlekliler, etli, kädili, ysmanakly somsalar, seçelenip duran palaw, kellebaşaýak we çekdirme, tamdyrlama, kakmaç, ýarma ýaly naharlardyr, köpdürli işdäaçarlar, pişmeler, şeýle hem dürli görnüşli süýji-köke önümleri türkmen aşpezliginiň bezegidir.

Olaryň ählisinden dadyp görmek mümkindir, belent mertebeli myhmanlar türkmen tagamlaryndan uly höwes bilen dadyp gördüler. Tagamlar bilen bilelikde düýe çalyny ýa-da açyk otda tüňçede gaýnadylan datly çaýy içmek aýratyn lezzet berýär.

Türkmen saçagynyň jomartlygy dürli görnüşli gök önümlerde we miwelerde öz beýanyny tapýar, olar ussat ekerançylar tarapyndan ösdürilip ýetişdirildi hem-de naýbaşy görnüşlerinden düzülen toplum görnüşinde görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen aşhanasy tagamlary taýýarlamagyň ýüzlerçe usullaryny öz içine alýar.

Häzirki wagtda türkmen aşpezlik sungaty mundan beýläk-de ösmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Ol beýleki milletleriň aşhanasynyň gülläp ösmegi bilen aýrylmaz arabaglanyşyklydyr we şonuň bilen birlikde-de, tagam taýýarlamak sungaty her halkda öz aýratynlygyny saklaýar.

Täjigistandan bolan gatnaşyjylar örän bereketli saçak ýazdylar. Täjikleriň milli aşhanasy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň her biriniň aşhanasy ýaly, häsiýetli aýratynlyklara, şol sanda atlary gabat gelýän tagamlarda hem: “şurbo” — “çorba”, “fatir” — “petir”, “kulça” — “külçe”, “kalama” — “patlama” taýýarlanyş usullarynda aýratynlyklara eýedir.

Özbek kärdeşler örän tagamly palawdan, kebaplardan, mantylardan hem-de dürli taýýarlanyş usuly boýunça taýýarlanylan somsalardan, beýlekilerden dadyp görmegi mürähet etdiler.

Merkezi Aziýanyň halklarynyň desterhanynda çörek esasy orun eýeleýär. Ol myhmansöýerligiň, doganlygyň, hormatyň, zähmetsöýerligiň, bolçulygyň, berekediň we iň päk arzuwlaryň hem nyşany bolup durýar.

Çöregi dürli görnüşlerde (petir çörek, süýtli külçe) bişirýärler, bişirmegiň gadymy usullarynyň köp sanly häzirki zaman görnüşleri bar, ýöne gürrüň, olaryň ýumşaklygyny, mele-myssyklygyny, hamyrynyň tagamyny kesgitleýän goşulýan önümlerde däl-de, olary taýýarlamagyň, özi-de, baýramçylyk saçagy üçin taýýarlamagyň aýratyn däp-dessurlaryndadyr.

Festiwala gatnaşyjylar milli aşhanalar üçin gadymdan bäri däp bolan tagamlary taýýarlamagyň usulyny görkezmäge çalyşdylar, myhmanlary dürli halklaryň naharlanmak medeniýetiniň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň aşhanalarynyň birnäçe tagamlaryny taýýarlamagyň aýratynlyklary, azyk önümlerini işlemegiň usullary, sazlaşykly tagam utgaşmalaryny almagyň tehnologiýasy bilen gyzyklandy.

Çärä gatnaşyjylar, şeýle hem özlerine ýaran tagamlardan haýyş edip, owadan saçagyň başyna oňaýly ýerleşdiler.

Gündogarda aşpezlik işi filosofik ýörelgeler, halk lukmançylygy bilen hemişe aýrylmaz baglanyşykly bolupdyr, şoňa görä-de tagamlara bejerijilik häsiýetler hem berlipdir, şolar dürli halklarda umuman, gabat gelýär. Şunda geň görer ýaly zat ýok. Biziň halklarymyz taryhy we gelip çykyşy taýdan birek-birege ýakyndyr.

Öz işiniň ýokary derejeli ykrar edilen ussatlary tarapyndan görkezilen goňşy ýurtlaryň milli aşhanasynyň tagamlarynyň ýöriteleşdirilen aýratynlyklary bolan aşhana sungatynyň hakyky ajaýyplyklary boldy diýip aýdyp bolar.

Halkara festiwalyň işi tamamlanandan soň, daşary döwletleriň wekiliýetleriniň agzalary myhmansöýerlik hem-de şu çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, onuň ähmiýetini aýratyn bellediler. Nygtalyşy ýaly, bu medeni çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diňe bir azyk babatdaky täsinliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga oňyn goşant goşar.

Hazaryň kenarynda geçirilen hünär ugurly bu forum oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň aňynda berekediň, açyklygyň hem-de hezzet-hormatyň ajaýyp baýramy hökmünde galar.

Hormatly Prezidentimiz we belent mertebeli myhmanlar festiwala gatnaşanlara minnetdarlyk bildirip, amfiteatra tarap ugradylar. Onuň sahnasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi.

Soňky habarlar
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
21.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine
21.04
Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
21.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.04
“Galkan” hokkeý toparynyň türgenleriniň we tälimçileriniň hormatyna dabara
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
20.04
«Galkan» topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp boldy
19.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow