Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça guralan iri halkara çäreleriň çäklerinde Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi. Oňa sebitiň ýurtlarynyň 5-siniň wekilleri, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Zenanlaryň dialogy Birleşen Milletler Guramasynyň goldaw bermeginde 2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan Merkezi Aziýanyň taryhynda döredilen ilkinji düzümdir.
Sebitiň döwlet Baştutanlarynyň Awazadaky konsultatiw duşuşygy bilen bir günde geçirilmegi köpugurly forumyň derejesini aýratyn artdyrdy.
Dialogyň baş mowzugy döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, durmuş-ykdysady, medeni hem-de ylmy gatnaşyklary ösdürmekde, saglygy goraýyş ulgamy babatyndaky gatnaşyklary ösdürmekde zenanlaryň ornuny pugtalandyrmakdyr. Gün tertibine zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagy, özgertmeleri, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak babatyndaky meseleler hem girizildi.
Ýurdumyzda bu forumyň geçirilmegi Bitarap Türkmenistanyň halkara derejedäki abraýynyň barha artýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary we abraýly guramalary, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär.
Ýurdumyzyň gender syýasaty ulgamynda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleriň durmuşa geçirilmegine jogapkärli çemeleşýändigini bellemek gerek. Türkmenistanyň 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň ýagdaýy boýunça komissiýasyna, Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi meseleleri boýunça (“BMG — Zenanlar”) 2022 — 2024-nji ýyllarda BMG-niň düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy bu ugurda amala aşyrylýan işleriň netijeliliginiň subutnamasydyr.
Gender deňligine ýetmek boýunça alyp barýan işleriniň çäklerinde Türkmenistan halkara hukuk goraýjy düzümler bilen oňyn hyzmatdaşlygy amala aşyrýar, şeýle hyzmatdaşlyk gender deňligi, ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek babatda halkara standartlaryny geljekde hem ilerletmekde oňyn netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär.
“Berkarar” myhmanhanasynda geçirilen duşuşygyň öň ýanynda myhmanlar Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi bilen tanyşdylar.
Wekilçilikli forumyň açylyş dabarasynda bu ýere ýygnananlar Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylara Ýüzlenmesini uly üns bilen diňlediler. Onda maşgala ojagynyň goragçysy, milli däp-dessurlary, milli hem ruhy mirasy Merkezi Aziýa halklarynyň ýaş nesillerine ýetirýän we şunlukda, biziň ýurtlarymyzda jemgyýetiň durmuşynyň esaslaryny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gatnaşýan zenanyň belent abraýy hem-de taryhy orny aýratyn nygtalýar.
Ýüzlenmede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň çäreleriniň çäklerinde geçirilmeginiň ähmiýeti nygtalýar, şeýle hem şu gezekki duşuşygyň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek işinde zenanlaryň mümkinçilikleriniň has doly açylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirilýär.
BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German şu çäräni Awazada geçirmek başlangyjy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de bu teklibiň hemmetaraplaýyn goldanandygy üçin Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlaryna hoşallyk sözlerini beýan edip, hemmeleriň, şol sanda dialoga gatnaşyjylaryň syýasy erkiniň bu platformany sebitiň zerur bolan serişdesine öwrendigini belledi.
Forumyň sebitiň taryhynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen bir wagtda ilkinji gezek geçirilmeginiň möhümdigine aýratyn üns berildi. Bu waka Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň gender deňligine ýetmäge, zenanlaryň syýasy, jemgyýetçilik we ykdysady durmuşyna doly hukukly gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilen syýasatyň amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändiginiň subutnamasy bolup durýar diýip, Natalýa German sözüni dowam etdi.
BMG-niň, hususan-da, guramanyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň zenanlaryň dialogyna hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini tassyklamak bilen myhman bilelikdäki tagallalar esasynda bu başlangyjyň örän uly kuwwatynyň amala aşyryljakdygyna, täze sepgitlere ýetiljekdigine ynam bildirdi.
Şeýle hem bu ýere ýygnananlara Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy, “Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogynyň” başlygy Tanzilýa Narbaýewa ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň hökümetine duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Myhmanyň belleýşi ýaly, şu günki forumyň aýratyn ähmiýeti bolup, ol düzümiň işini hil taýdan täze derejä çykarýar, çünki şu gün Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde ajaýyp «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek ýüzbe-ýüz we doly düzümde ýygnanyldy. Munuň özi sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer işlerine gatnaşmaga bolan islegleriniň ýokary derejede ykrar edilmegi we goldanmagy bolup, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bu ugurda tagallalaryny goldamak maksady bilen, durnukly ösüşe ýardam etmäge, parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilendir.
BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň dolandyryjysynyň kömekçisi, Ýewropa we GDA ýurtlary üçin BMG-niň Ýewropa we GDA ýurtlary üçin Ösüş Maksatnamasynyň sebit býurosynyň direktory Mirýana Spolýariç Egger wideoaragatnaşyk arkaly ýygnananlara ýüzlenip, şu günki duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin Türkmenistanyň hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dialoga gatnaşyjy ýurtlary şu ýyl bellenilýän döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.
BMGÖM-niň milli ugurlary we oňyn özgertmeleri amala aşyrmakda Merkezi Aziýa döwletlerine goldaw bermäge taýýardygyny tassyklamak bilen, abraýly guramanyň wekili dialogyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeli bolandygyny belledi.
Şeýle hem Mirýana Spolýariç Egger öz çykyşynda degişli düzümiň öňünde durýan möhüm wezipeleri, ozaly bilen gender deňligini üpjün etmek babatda wezipeleri kesgitledi. BMGÖM-niň wekili şu günki duşuşygyň ähmiýeti barada aýdyp, dialogyň jemleri boýunça netijeli teklipleriň BMGÖM-niň geljek ýyllar üçin degişli mesele boýunça strategiýasyny taýýarlamak işinde peýdaly boljakdygyny belledi.
Forumyň dabaraly bölümi tamamlanandan soň, plenar mejlis geçirildi, onda Merkezi Aziýada gender deňligini ilerletmegiň meselelerine garaldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar ählumumy we sebit meýdançalarynyň hem-de zenanlarynyň syýasatdaky, durmuşdaky ornuny goldamak, giňeltmek üçin Merkezi Aziýa toparlarynyň zenanlar birleşmeleriniň tejribesi bilen tanyşdylar. Şunuň ýaly-da, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de ösüşi üpjün etmegiň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri kabul etmek işine täsir etmegiň mümkinçiliklerini giňeltmek barada pikir alşyldy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa öz çykyşynda forumyň pikir alyşmalar üçin netijeli meýdança bolup durýandygyny belledi. Olar gender deňligini üpjün etmek arkaly parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga bitewi çemeleşmeleri işläp düzmäge ýardam eder.
Parlamentiň palatalarynyň biriniň ýolbaşçysy duşuşyga gatnaşyjylary Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyryp, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, milli kanunçylygyň döwleti dolandyrmaga, zenanlaryň ykdysady taýdan garaşsyzlygy üçin birmeňzeş mümkinçilikleri üpjün etmäge, olaryň iş şertlerini gowulandyrmaga, erkekleriň we zenanlaryň deňhukukly gatnaşmagy üçin hukuk gurallaryny we kepilliklerini göz öňünde tutýandygyny belledi. “Zenanlaryň we erkekleriň birmeňzeş hukuklaryny we mümkinçiliklerini üpjün etmegiň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bu ugurda möhüm ädim boldy.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda zenanlar hereketi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uly orun eýeleýär. Mysal üçin türkmen jemgyýetiniň gelin-gyzlary döwlet häkimiýetiniň düzümlerinde — ýurdumyzyň kanunçykaryjy, ýerine ýetiriji, kazyýet edaralarynda zähmet çekip, daşary syýasy işlere işjeň gatnaşýarlar, telekeçilik bilen üstünlikli meşgullanýarlar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, 2021 — 2025-nji ýyllarda gender deňligini üpjün etmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy, ol ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ulgamlarynda döwlet gender syýasatyny kesgitleýär. Ol bu ugurda ikinji resminama bolup, onda zenanlar we gyzlar üçin global pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirleri nazara alyndy hem-de degişli ugurda öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin möhüm çäreler bellenildi.
Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mejlisiniň Halkara işleri, goranmak we howpsuzlyk boýunça komitetiniň başlygy Aýgül Kuspa, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneş Toragynyň orunbasary Aida Kasymalyýewa, Täjigistan Respublikasynyň Halk demokratik partiýasynyň Başlygynyň orunbasary Haýrinisso Ýusufi, Özbegistan Respublikasynyň Mažlisiniň Oliý Senatynyň Başlygy Tanzilýa Narbaýewa foruma gatnaşyjylary öz ýurtlarynda kanunçykaryjylyk we institusional esaslary döretmek we berkitmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek arkaly gender deňligini üpjün etmek boýunça geçirilýän işler bilen tanyşdyrdylar.
Bellenilişi ýaly, şu günki duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bu möhüm ugurda gazananlary, geljekki meýilnamalary hakynda maglumatlary alyşmak hem-de umumy bähbitlere kybap gelýän sebit gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilik bolup durýar.
Foruma gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, bilelikde düýbi tutulan binýadyň döwleti dolandyrmak, öňüni alyş diplomatiýasy, daşky gurşawy goramak, telekeçilik we işewürlik, medeniýet, bilim, ylym, sungat hem-de gender deňligini üpjün etmek ýaly ugurlarda Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge ýardam etjekdigi bellenildi.
Çykyşlarda Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň döredijilik hem-de ylalaşdyryjylyk mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmek üçin netijeli usullary işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.
Forumyň barşynda beýan edilen, zenanlaryň hukuklaryny amala aşyrmak maksady bilen, sebitiň ýurtlarynda amala aşyrylýan işleriň netijeleri biziň döwletlerimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň esasy resminamalarynyň ýörelgelerine üýtgewsiz eýerip, zenanlar üçin amatly durmuş şertlerini döretmäge jogapkärçilikli çemeleşmesini tutuş dünýä görkezýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.
Häzirki duşuşygyň ähmiýeti barada aýdylanda, ol “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly Ählumumy gün tertibiniň, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň Gün tertibiniň hem-de Ählumumy maksatlara ýetmek boýunça onýyllyk hereketleriň, Pekin Jarnamasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda işlenip taýýarlanylan beýleki köptaraplaýyn halkara resminamalaryň wezipelerini çözmegiň hatyrasyna sebit gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň ýolunda netijeli ädim bolmaga gönükdirilendir. Olarda gender deňligini üpjün etmek diňe bir esasy adam hukuklarynyň biri bolman, eýsem, rowaçlygyň hem-de durnuklylygyň zerur şerti hökmünde kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, dialogyň jemleri BMG-niň Tertipnamasyna hem-de sebitiň halklarynyň köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň, medeni umumylygyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň ruhuna laýyklykda, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň uzak möhletleýin çözgüdini işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.
Forumyň işiniň jemleri boýunça Jarnama kabul edildi, ol zenanlaryň döwletleriň syýasy we durmuş-ykdysady durmuşyna gatnaşmagyny giňeltmek üçin milli hem-de sebit derejelerinde amala aşyrylmagy zerur bolan çäreler babatynda maslahatlary öz içine alýar. Şeýle hem resminamada Merkezi Aziýa döwletleriniň sebit hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak boýunça syýasatyny durmuşa geçirmäge ýardam bermäge taýýarlygyň bardygy bellenilýär.
Duşuşygyň ahyrynda zenanlaryň dialogyna gatnaşyjylaryň adyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryna Ýüzlenme kabul edildi, onda şu günki duşuşygyň dostlukly ýurtlaryň geljekde hem gender syýasatyny ilerletmäge çalyşmagynyň, bu babatda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge üns bermeginiň subutnamasyna öwrülendigi bellenilýär.
Şeýle hem foruma gatnaşyjylar Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasyna gatnaşdylar.
***
Soňra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylar Ruhyýet köşgüne bardylar, bu ýerde birnäçe döredijilik çäreleri geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, köpasyrlyk tejribesi we baý däpleri bolan medeni-ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklar sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ruhy-ahlak gymmatlyklary biziň halklarymyzy häzir hem birleşdirýär, olary aýawly saklamak we artdyrmak islegini beýan edýär.
Köşk meýdançasynda özüne mahsus bezegleri we gadymdan gelýän myhmansöýerlik däpleri bolan, uludan tutulan türkmen toýunyň dabarasy duýulýar.
Myhmanlar üçin ýerine ýetirilen “gelnaljy” toý däbi türkmen milli medeniýetini içgin açyp görkezdi.
Maşgala gurmak, toý tutmak — rowaçlygyň nyşany. Her halkyň öz milli baýramlary bar. Ýöne olaryň hemmesinde gelin toýy iň röwşen we şadyýan baýramdyr. Häzirki güne çenli türkmen toýy gadymy däpleriň gaýtalanmajak äheňini saklap geldi we bu däpler ony täsin, nurana, üýtgeşik çärä öwürýär. Asyrlaryň dowamynda maşgala jemgyýetiň iň mäkäm halkasy hem-de milli medeniýeti aýawly saklamagyň iň netijeli serişdesi bolup durýar. Gelnaljyny görende, halkymyz ony ýüzüne sylyp, ýagşy arzuwlar edýär.
Foruma gatnaşyjylaryň türkmen halkynyň ruhy medeniýeti, däpleri bilen tanyşlygy Ruhyýet köşgüniň eýwanynda dowam etdi. Ol ýerde şu günki waka mynasybetli amaly-haşam we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guraldy. Bu ýerde görkezilen milli halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň nusgalarynda, saz gurallarynda we zergärçilik önümlerinde, suratçylaryň işlerinde çuň many-mazmun bolup, olarda türkmen halkynyň ruhy, mähriban topragymyzyň gözelligi öz beýanyny tapdy.
Ruhyýet köşgüniň uly konsert zalynyň sahnasy baýramçylyk lybasyna beslenip, onuň merkezini sebitiň döwletleriniň çäkleri, olaryň nyşanlary şekillendirilen Ýer şary bezeýär.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilik duşuşygyna hem-de dabaraly konsertine gatnaşyjylara Gutlagyny uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler.
Dabaraly çärä gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanan Gutlagda: “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda köp ýyllaryň synagyndan geçen, häzirki wagtda has-da berkeýän dostluk binýady bar. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda medeni gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi, şol dostluk binýadyny has-da pugtalandyrýar, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýar” diýlip bellenilýär.
Döredijilik duşuşygynyň dowamynda iki ýurduň arasynda dostlukly, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, köpýyllyk türkmen-özbek medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyna ýardam etmekde bitiren uly hyzmatlary, şeýle hem aýdym-saz sungatyny ösdürmekde gazanan üstünliklerini hem-de hünär ussatlygyny nazara almak bilen, Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekowa “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen adyň hormatly nyşany gowşuryldy.
Bu hormatly at Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Ozodbek Nazarbekowa 2020-nji ýylyň iýunynda dakyldy. Dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçysynyň şu günki çärelere gatnaşmagy oňa degişli resminamany öz eli bilen kabul etmäge hem-de belent ada mynasyp bolmak hormaty üçin Türkmenistanyň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirmäge mümkinçilik berdi.
Ruhy gymmatlyklary aýawly saklamak we artdyrmak halklary parahatçylygyň we dostlugyň hatyrasyna ýakynlaşdyrmak üçin çäksiz mümkinçilikleri döredýär. Bu garaýyşlar türkmen sungat ussatlarynyň konsertiniň maksatnamasynda esasy many-mazmuna eýe boldy. 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly şygarynda jemgyýeti ösdürmegiň iki sany esasy düşünjeleri sazlaşykly utgaşýar. Çünki parahatçylyk birnäçe durmuş şertleri bilen kesgitlenýär we olaryň içinde özboluşly konsert çykyşlarynda öz beýanyny tapan adamyň ruhy durmuşyna möhüm orun berilýär.
Ýurdumyzyň folklor-tans toparlarynyň ýerine ýetiren “Dünýä dolýar ömürleriň aýdymy!” atly edebi-sazly kompozisiýasy döredijilik duşuşygynyň ajaýyp başlangyjy boldy.
Bu sahna oýnunda gözellik, päkgöwünlilik, ruhy asyllylyk, wepalylyk, çäksiz söýgi, mylaýymlyk, myhmansöýerlik we zenan keşbi bilen aýrylmaz bagly bolan köp sanly häsiýetler wasp edildi.
Bu çykyşda Merkezi Aziýa halklarynyň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan hüwdi aýdymlary sazlaşykly utgaşdy. Hüwdüler dürli dillerde ýaňlansa-da, düşnükli we tolgundyryjy bolup, täsin şekilde biri-biriniň üstüni ýetirdiler. Sebäbi enäniň hüwdi aýdymyna ornaşdyrýan pikirleri we duýgulary diňe parahatçylyk, ýagşylyk we mähriban çagasynyň bagty hakynda. Bu kompozisiýa biziň umumy öýümiz — Ýer barada öz pikirini beýan etmegiň nyşany bolup, biziň dünýämiz onda ýaşaýan hemme halklaryň parahatçylygyň we abadançylygyň hatyrasyna tagallalaryny birleşdirmegine mätäçdir.
Bu liriki sahna häzirki zaman mukamlaryna ornuny berdi. Myhmansöýerligiň nyşany hökmünde bezemen milli egin-eşikli gyzlar myhmanlara gül desselerini gowşurýarlar we olara Merkezi Aziýa halklarynyň milli tagamlaryny hödür edýärler. Bu kompozisiýa bilen utgaşdyrylan ajaýyp wideogörnüşler oňa aýratyn öwüşgin çaýdy.
“Hazar merjenleri” çagalar tans toparynyň hem-de enelere bolan söýgüden doly “Gül sowgady” atly aýdymy ýerine ýetiren ýaş aýdymçynyň çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan mähirli garşylanyldy.
Edebi düzüm bölegi bu konsert maksatnamasynyň tapawutly aýratynlygy boldy. Beýik türkmen şahyry hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgularyna çeper okaýyş munuň aýdyň mysalydyr. Beýik ynsanperwerlik ýörelgeleri onuň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär, şahyryň goşgulary bolsa ýurdumyzdan alyslarda hem tanalýar we sarpalanýar.
Agzybirlik we doganlyk barada ýazylan “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar” diýen goşgy setirleri üstünden asyrlar geçse-de, öz ähmiýetini ýitirmän, türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjiliginiň we hoşniýetliliginiň beýany bolup durýar. Şahyryň goşgularynyň dünýäniň köp dillerine terjime edilmegi munuň şeýledigini tassyklaýar. Bu gün Magtymgulynyň meşhur “Türkmeniň” atly goşgusy türkmen, gazak, gyrgyz, täjik we özbek dillerinde ýaňlandy. Çeper okaýşyň dowamynda dostlukly ýurtlaryň we halklaryň taryhy ýadygärlikleri we medeni mirasy barada wideoşekiller görkezildi.
Teatr artistleriniň türkmen we rus diline terjime edilen görnüşlerde ýerine ýetiren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitabyndan getirilen setirler bu döredijilik duşuşygynyň liriki äheňini nygtady. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň enäniň mukaddesligini we zenanyň mertebesini wasp edýän kitaby, ilkinji nobatda, ýaş nesillerde ene-atalary üçin jogapkärçilik, sylag-hormat, söýgi we tagzym etmek duýgularyny terbiýelemek üçin ýazylandyr. Bu täsin kitabyň setirlerinde çuňňur many bar: “Enäniň kalby asman ýaly päkize, ýürekleri bolsa Gün ýaly şuglaly. Enelerde ýüregi ýyladýan mähir bar. Eneler iliniň bagtynyň dileginde bolup, abatlyk arzuwlary bilen dünýäni ýaşadýarlar”.
Artistleriň çykyşlary bilen bir hatarda milli Liderimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda alnyp barylýan beýik we asylly işler, şol sanda eneligi we çagalygy goramak, zenanlaryň hukugyny goramak, olaryň hünär we zehin mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin hemme şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky wideoşekiller görkezildi.
Konsertde şowhunly sazlar we aýdymlar ýaňlandy, halk we häzirki zaman tanslary, folklor çykyşlary ýerine ýetirildi. Tomaşaçylar ýurdumyzyň iň gowy horeografik we folklor toparlarynyň, tanymal halk sazandalarynyň we estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetiren özboluşly çykyşlaryny uly şowhun we el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Konsertiň maksatnamasyna dostlukly halklaryň meşhur sazlary hem-de “Gazak walsy”, “Daň syry”, “Anor-anor”, “Söýgüli ýarym” atly gazak, gyrgyz, täjik, özbek aýdymlary girdi. Olaryň her biriniň başynda dostlukly ýurtlaryň görnükli şahyrlarynyň eserlerinden setirler okaldy. Merkezi Aziýa döwletleriniň gözellikleri bolsa olar üçin wideoşekiller bolup hyzmat etdi.
Many-mazmuna baý döredijilik duşuşygynda häzirki zaman türkmen sungatynyň baýlygy we özboluşlylygy, görnüşleriniň köpdürlüligi, däpleriň dowamatlygy öz beýanyny tapdy. Zergärçilik we halyçylyk sungatlary, gadymy milli egin-eşikleriniň gözelligi “Eli çeper gelinler” çykyşda bir bitewüligi emele getirdi. Paýtagtymyzyň Modalar öýi tarapyndan taýýarlanan çykyşda gyzlar “Mirasyň dürdäneleri” diýen aýdymyň owazy astynda Merkezi Aziýa halklarynyň sungat eserlerine deňäp boljak milli egin-eşiklerini görkezdiler.
Dabaranyň ahyrynda ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna giren gadymy «Küştdepdi” türkmen tansy ýerine ýetirildi.
Parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de birek-birege hormat goýmagyň ynsanperwer ýörelgelerini wasp edýän “Ýaşasyn doganlyk, ýaşasyn dostluk!” atly täze aýdym döredijilik duşuşygynyň jemleýji pursadyna öwrüldi.