Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistan giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar
Hepdäniň wakalary
Türkmenistan giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar
Çap edildi 20.07.2021
2776

Geçen hepdäniň wakalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek, eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda yzygiderli amala aşyrýan özgertmeleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi.

13-nji iýulda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde geçiriljek çäreleriň maksatnamasyna garaldy. Şeýle hem welaýatyň senagat düzümini işjeňleşdirmek, oňa täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, sebitiň ylym-bilim ulgamynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, täze önümçilik we durmuş maksatly binalaryň, welaýatyň senagat taýdan okgunly ösdürilmegine gönükdirilen giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär.

13-nji iýulda döwlet Baştutanymyz ýurdumyza iki günlük resmi sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan Ini kabul etdi.

Duşuşygyň çäklerinde netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy çemeleşmeleri beýan edildi. Şu ýylyň 6-njy maýynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz hem-de HHR-iň Başlygy tarapyndan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berildi.

Däp bolan ýangyç-energetika, ulag toplumlary, saglygy goraýyş, maglumat, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, kosmonawtika ulgamlary we beýlekiler wajyp ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Şol gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň türkmen tarapyndan başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I bilen bolan duşuşygynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Dokma, himiýa, azyk senagaty, oba hojalyk toplumy we beýleki ugurlarda bilelikdäki işleri dowam etmäge-de gyzyklanma bildirildi.

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň çäklerinde hem köptaraplaýyn esasda sazlaşykly ösdürilýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy. Söwda-ykdysady, energetika, ulag, oba hojalygy we beýleki pudaklar özara gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Halkara we sebitara meseleleriň möhüm ugurlary boýunça-da pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň däp bolan dostluk we deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara bähbitli esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklaýan birnäçe resminamalara gol çekildi.

Sebitde we tutuş dünýäde abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine kybap gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, ýurdumyz ulag ulgamynyň ägirt uly kuwwatyny netijeli peýdalanmaga çalyşýar.

14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de welaýat merkezi Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Milli Liderimiz Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak dabarasynda eden çykyşynda häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan-da geçýän, iki ýarym müňe golaý desganyň gurluşygynyň dowam edýändigini, bu işleriň mähriban halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň birine öwrülmegi üçin amala aşyrylýandygyny belledi.

275 gektar meýdanda ýerleşýän täze howa menzili sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenendir. Taslama laýyklykda, üç ýyldan soň, bu ýerde ýolagçy we ýük terminallaryny, howa hereketini dolandyryş diňini, halas ediş hem-de ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binasyny öz içine alýan döwrebap howa menzili peýda bolar. Bu ýerde uzynlygy 3 müň 200 metr bolan emeli uçuş-gonuş zolagy, iki sany öwrüm ýollary, alty sany howa gämisine hem-de dört dikuçara niýetlenen meýdança hem gurlar. Bu desganyň işe girizilmegi bilen täze iş orunlarynyň iki ýüze golaýy dörär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýadygärlik ýazga gol çekýär we ony ýörite gutujyga salyp, geljekki howa menziliniň binýadyna goýýar. Asylly däbe görä, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyga badalga bermek bilen, täze howa menziliniň binýadyna pil bilen beton guýdy.

Milli Liderimiz awtoulagynda Balkanabada, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady. Ýol ugrunda hormatly Prezidentimiz şäheriň «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň golaýynda saklandy we şol ýerde saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri bilen söhbetdeş boldy.

Milli Liderimiz halkymyz, esasan-da, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygy baradaky hemmetaraplaýyn aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belläp, ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilendigini aýdyp, bu gaznadan welaýatyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10-syny sowgat bermek barada karara gelendigini habar berdi hem-de döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Şol gün döwlet Baştutanymyz Balkanabatda “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ägirt uly ak öý görnüşinde bina edilen, üç müň adama niýetlenilen «Türkmeniň ak öýi» binasy türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly myhmansöýerlik däp-dessurlaryny alamatlandyrýar, abadançylygyň we ösüşiň nyşany bolup durýar. Şähergurluşyk ulgamyndaky öňdebaryjy gazanylanlar hem-de milli binagärligiň iň gowy däpleri onuň keşbinde sazlaşykly beýanyny tapýar.

Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze merkezde guralan milli amaly-haşam sungatynyň we döredijilik eserleriniň sergisini synlady. Döwlet Baştutanymyz «Türkmeniň ak öýi» binasynyň bezegi we abadanlaşdyrylyşy, dürli derejedäki çäreleri, baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Desgalar toplumy 3 müň orunlyk sadaka üçin aýratyn binany hem öz içine alýar.

Bu waka mynasybetli sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Tomaşaçylar Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» at üstündäki milli oýunlar toparynyň çykyşyny uly şowhun bilen garşyladylar. Başarjaň we tejribeli çapyksuwar, atşynaslyk babatynda ykrar edilen ussat halypa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň seýislän aty Akhan bu çykyşyň bezegi boldy.

Dabaranyň dowamynda döwlet Baştutanymyz «Türkmeniň ak öýi» binasyna bu toplumda işlejek döredijilik toparlary üçin niýetlenilen täze awtobusy sowgat berdi.

Aşgabada gaýdyp gelip, milli Liderimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Maslahatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça çäreler, şanly senelere taýýarlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

15-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna dahylly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri pagtaçylaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi, ösüş suwuny tutmak işleri boýunça agrotehnikanyň kadalary, zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdiler. Bulardan başga-da demirgazyk sebitiň häkimi daşoguzlylaryň döwlet Baştutanymyz bilen duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny hem-de hormatly Prezidentimiziň welaýata iş saparynyň çäklerinde täze desgalaryň açylyşy mynasybetli guraljak dabaralara taýýarlyk görülýändigini habar berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň, sanly ulgam eýýamynda bilim alýan talyplaryň we pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleriniň, seçgiçileriň gatnaşmagynda oba hojalyk pudagyny, aýratyn hem, pagtaçylygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan ýörite maslahatyň geçirilmelidigini aýtdy.

Pagta biziň baýlygymyz, pagtaçylyk bolsa ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolup, ol daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak ulgamyndaky milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýar.

16-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleri taýýarlamak hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanylmaga berilmegi bilen bagly meselelere seredildi.

Mejlisiň barşynda milli Liderimiz «COVID-19-a garşy hereket etmek» taslamasy boýunça Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna karz almak hakyndaky» Karara gol çekip, Halkara täzeleniş we ösüş bankyndan hem-de Bütindünýä Banky Toparyndan ABŞ-nyň 20 million dollary möçberinde alnan serişdeleriň koronawirus ýokanjynyň öňüni almak üçin zerur bolan abzallary, derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny satyn almaga gönükdirilmelidigini aýtdy.

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, innowasiýa esasynda onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň, iri nebitgaz taslamalaryna, şol sanda täze nebitgaz känlerini özleşdirmek, uglewodorod çig malyny düýpli gaýtadan işlemek ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna iberilýän çig nebitiň möçberiniň artdyrylmagyna, ýerlenilýän önümleriň bazarlarynyň geriminiň giňeldilmegine aýratyn üns berilmelidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz «Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy — ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak baradaky» Karara gol çekdi. Bu desgany 30 aýyň dowamynda gurmak we ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň maý aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçirilen telefon söhbetdeşliginiň hem-de ýakynda Türkmenistana resmi sapar bilen gelen HHR-iň daşary işler ministri Wan I bilen bolan duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini aýdyp, «Galkynyş» gaz käninde gaz guýularynyň gurluşygyny tamamlamak hakynda» Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, bu gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserni «CNPC Chuanqing Drilling Engineering Company Limited» kompaniýasy bilen adaty gaz guýularyndan çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan üç gaz guýusynyň gurluşygyny tamamlamak we olary ulanmaga bermek hakynda şertnama baglaşar. Şertnama boýunça hasaplaşyklary HHR-e tebigy gazy ibermegiň hasabyna amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygyna ylmyň häzirki zaman gazananlarynyň, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň we ekerançylary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamagyň zerurdygyna ünsi çekip, «Türkmenistanda 2022-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakyndaky» Karara gol çekdi.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna gabatlanyp, açylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky kuwwatlylygy 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy bolup, onuň gurluşygyny «Sumitomo Corporation» ýapon kompaniýasy alyp barýar. Desgada Ýaponiýanyň meşhur «Mitsubishi Power Ltd.» kompaniýasynyň öndürýän gazturbina enjamlary oturdyldy.

Täze elektrik stansiýasy ýurdumyzyň energoulgamynyň kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berer, türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara, ozaly bilen, goňşy ýurtlara — Özbegistana, Gyrgyzystana, Owganystana hem-de Eýrana ibermek mümkinçiligini artdyrar.

Döwlet Baştutanymyz ilatymyza hödürlenilýän awiahyzmatlary kämilleşdirmäge, içerki uçuşlar boýunça ýolagçy gatnawlaryny işjeňleşdirmäge, onuň ugruny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegine ünsi çekip, Lebap welaýatynyň Kerki şäheriniň Halkara howa menzili üçin içerki gatnawlara uçar petekleriniň bahalaryny kesgitlemek hakynda Karara gol çekdi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Marynyň dokma fabrigini Dokma senagaty ministrliginiň we Türkmengala pagta egirme fabriginiň paýly gatnaşmagynda, «Türkmendokma» daşary söwda kärhanasyny Dokma senagaty ministrliginiň we «Altyn asyr» harytşynaslyk merkeziniň paýly gatnaşmagynda açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Bu toplumlaýyn çäreler bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçilmegini, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullarynyň ornaşdyrylmagyny, desgalaryň hususylaşdyrylmagyny şertlendirip, ykdysadyýetiň düzüminde hususy eýeçiligiň paýynyň artmagyna, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge ýardam eder.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu mukaddes baýram üç günläp, ýagny 20 — 22-nji iýulda bellenilip geçiler.

17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde daşary syýasy işler hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri, şol sanda durmuş-medeni, önümçilik maksatly binalaryň, desgalaryň açylyş dabaralaryny geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Baýramçylygyň öň ýanynda meýilleşdirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi esasy wakalaryň biri bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda möhüm halkara çäreleriň altysy, şol sanda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy geçiriler. Çäreleriň sanawynda halkara sergi hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumy, sebitiň halklarynyň milli tagamlarynyň sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki dabaraly baýramçylyk konserti bar.

Bulardan başga-da ýurdumyzda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Baştutanlarynyň sammitini, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji forumyny hem-de Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň 6-njy duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Baky Bitaraplygyň şanly baýramçylygyna bagyşlanan çärelere ençeme döwlet Baştutanlaryny, meşhur syýasatçylary we alymlary çagyrmak meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak halkara çäreleriň sebitiň döwletara gatnaşyklarynyň, ýurtlaryň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly myhmanlaryň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine we häzirki zaman talaplaryna laýyklykda mynasyp garşylanylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtap, meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakyndaky Karara gol çekdi.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we mümkinçilikler» atly ýokary derejedäki halkara maslahata gatnaşdy.

Maslahatyň gün tertibine ulag-logistika, energetika, söwda, önümçilik, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hem-de täze tehnologiýalar babatda sebitiň ýurtlarynyň gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleler girizildi.

Maslahatyň öňüsyrasynda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy, onuň barşynda taraplar sebitiň ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ABŞ-nyň Prezidentiniň içerki howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi hanym Elizabet Şerwud-Rendallyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda «C5+1» dialogynyň çäklerinde gepleşikler geçirildi, olaryň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi.

Şeýle hem forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen duşuşyk geçirildi.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 9 türgen girýär, olar sportuň dört görnüşi — dzýudo, ýeňil atletika we agyr atletika, suwda ýüzmek boýunça bäsleşiklerde çykyş ederler.

Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedow, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurdumyzyň milli sport merkezleriniň, federasiýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýygyndy toparyna ak pata berip, olara iberen Ýüzlenmesinde XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ajaýyp ýeňişleri gazanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyna toý sowgatlary bilen geljekdiklerine, sportda «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.» atly şygary öňe sürýän eziz Watanymyzyň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ülkesi hökmünde halkara derejedäki abraýyny has-da belende göterjekdiklerine, türkmen sportuny Ýer ýüzünde şöhratlandyrjakdyklaryna uly ynam bildirdi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhy ýyl ýazgysynda täze sahypany ýazyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata Watanymyzy ösdürmäge hem-de halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Soňky habarlar
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
top-arrow