Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Medeniýet hepdeligi — 2021: dabaralara badalga berildi
Medeniýet
Medeniýet hepdeligi — 2021: dabaralara badalga berildi
Çap edildi 22.06.2021
3311

Şu gün Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde 2021-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen giň gerimli döredijilik çäresi 2013-nji ýyldan başlap, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde geçirilýär. Bu möhüm ähmiýetli çäre milli medeniýetiň köpöwüşginliligini, onuň döwletiň we jemgyýetiň ösüşindäki ornuny, ägirt uly parahatçylyk dörediji kuwwatyny görkezýär. Munuň özi ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylda aýratyn ähmiýetlidir. Şu ýyl bu giň gerimli çäre eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de ak mermerli türkmen paýtagtynyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy ýaly ajaýyp senelere gabat geldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen bolan söhbetdeşliginde belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk şertlerinde halkyň ruhy taýdan işjeň galkynmagynyň, onuň taryhy düşünjeliliginiň, Türkmenistanyň köp milletli medeniýetiniň gülläp ösmeginiň mümkin bolandygy aýdyňdyr.

Häzirki zaman jemgyýetiniň berkarar bolmagynda, onuň ata-babalarymyzdan miras galan däpleriň hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, türkmen halkynyň intellektual we döredijilik kuwwatynyň esasynda ösmeginde hut medeniýet ulgamy möhüm orun eýeleýär diýip, milli Liderimiz nygtaýar.

Däp bolşy ýaly, Medeniýet hepdeligi eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp guralýar. Munuň özi nesilleriň ruhy arabaglanyşygynyň dowamatlylygyny alamatlandyrýar.

Ýurdumyzyň sebitleriniň her biri her ýyl geçirilýän bu giň gerimli medeni çäräni nobatma-nobat kabul etmek bilen, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşine goşýan goşandyny, gazanýan üstünliklerini hem-de özüniň döredijilik kuwwatyny görkezmäge çalyşýar.

Şunuň bilen baglylykda, Lebap welaýatynda geçirilýän şu gezekki Medeniýet hepdeliginiň çuň many-mazmun bilen tapawutlanýandygy bellärliklidir. Eziz Watanymyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, bu welaýatyň çägi hem türkmen halkynyň gadymy taryhy we medeni ýadygärliklerine, täsin tebigy gymmatlyklara baýdyr.

Ýurdumyzyň gündogar sebitinde dürli eýýamlara degişli binagärlik ýadygärlikleriniň 200-den gowragynyň, şol sanda orta asyrlara degişli ýadygärlikleriň — Kerki etrabyndaky Astanababa kümmetiniň, Daýahatyn kerwensaraýynyň, özüniň keşbinde “altyn asyrda” (Seljuklar eýýamynda) Orta Aziýanyň ägirt uly binagärliginiň aýratynlyklaryny beýan edýän Alamberdar kümmetiniň, Halaç etrabyndaky beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň okan Idris baba medresesiniň, şeýle hem beýleki taryhy we medeni ýadygärlikleriň ýerleşýändigini ýatlatmak ýeterlikdir. Häzirki wagtda bu ýadygärlikler diňe bir alymlaryň däl, eýsem, dünýäniň ähli künjeklerinden jahankeşdeleriň hem ünsüni özüne çekýär.

Köýtendagdaky dinozawrlaryň aýak yzlary saklanyp galan dag tekizligi, gowaklar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, «Amyderýa» döwlet goraghanasynyň hem-de «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň täsinlikleri alymlarda we syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär.

Amyderýanyň ýakasyndaky şäheriň häzirki binagärlik keşbi hem myhmanlary haýran galdyrýar. Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň binalary, Ruhyýet köşgi we Bagt köşgi, 2018-nji ýylda ulanmaga berlen döwrebap Halkara howa menzili hem-de 2020-nji ýylda açylan metjidiň binasy şäheriň ajaýyplyklary hasaplanylýar.

Şu gezekki döredijilik forumyna gabatlanylyp, durmuş-medeni maksatly desgalaryň birnäçesi, şol sanda umumymilli we halkara ähmiýetli iri çäreleri geçirmek üçin niýetlenen “Türkmeniň ak öýi” binasy açylýar.

Şu gün irden bolsa, 2021-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylmagy mynasybetli Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada köpöwüşginli dabara geçirildi. Bu ýere hökümet agzalary, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň, welaýat häkimliginiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, Türkmenabadyň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary ýygnandylar.

Medeniýet hepdeligine gatnaşýanlaryň hatarynda meşhur teatr artistleri, estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, muzeýdir kitaphana işiniň hünärmenleri, sazandalar, suratkeşler, şahyrlar, aýdym-saz hem-de meşhur folklor-etnografik toparlar bar.

Ruhyýet köşgüniň iki tarapynda bezelen pawilýonlar ýerleşdirildi. Olarda türkmen paýtagtynyň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri öz ekspozisiýalaryny ýerleşdirdiler. Pawilýonlar türkmeniň ak öýüniň binagärligi üçin mahsus bolan aýlaw görnüşindedir. Munuň özi türkmenleriň myhmansöýerliginiň, taryhy kökleriň, medeni mirasyň aýawly saklanýandygynyň nyşanydyr.

Ak öýüň görnüşindäki aýlawyň merkezinde dutarçylar topary milli aýdym-sazlary ýerine ýetirýärler. Sazandalaryň ýerleşişi dutaryň şekilini emele getirýär. Munuň özi ýokardan has aýdyň görünýär.

Pawilýonlaryň her biri uly monitorlar bilen üpjün edilipdir. Olarda paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň gazanýan üstünlikleri baradaky wideofilmler görkezilýär.

Serginiň eksponatlary halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan özboluşly däp-dessurlary, baý medeni mirasy, onuň sungaty barada gürrüň berýär. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleri, keramiki we heýkeltaraşlyk önümleri, nakgaşlaryň, halk senetleriniň işleri, şol sanda halylar we keçeler, milli lybaslar, owadan şaý-sepler, saz gurallary, türkmenleriň däp bolan durmuş esbaplary giňden görkezilýär. Şol ýerde ýurdumyzyň taryhy-binagärlik ýadygärlikleriniň, şu ýyl özüniň 140 ýyllygyny belläp geçen türkmen paýtagtynyň nyşanlarynyň biri bolan “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň maketlerini görmek bolýar. Şeýle hem bu ýerde sahawatly türkmen topragynyň önümleri — altynsow bugdaý sümmülleri, gowaça gozalary, gök we bakja önümleri we beýlekiler goýlupdyr.

Pawilýonlaryň her birinde işler gyzgalaňly dowam edýär: çeper elli gelin-gyzlar el işleri bilen meşgullanýarlar, ýüň egirýärler, keçe basýarlar, haly dokaýarlar, zergärler we demir ussalary öz sungatyny görkezýärler. Şeýlelikde, döwürleriň, ruhy mirasyň arabaglanyşygy, özboluşly däp-dessurlaryň dowamatlylygy görkezilýär. Şol däp-dessurlar bolsa aýawly saklanmak bilen çäklenmän, eýsem, halk ussatlary tarapyndan sazlaşykly ösdürilýär.

Sergi meýdançalarynyň ählisi köpöwüşginliligi we olarda ýerleşdirilen, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden getirilen gymmatlyklaryň özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ine, şeýle çeşmelerden, türkmenleriň medeniýetiniň doly suwly derýasy emele gelýär. Ol özünde asyrlaryň hakydasyny we häzirki döwrüň okgunly ösüşini jemleýär. Türkmenabadyň baş meýdançasynda geçirilýän şu dabaranyň özboluşlylygy şundan ybaratdyr.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler. “Lebap welaýatynda geçiriljek bu çäre özboluşly baýramçylyga öwrüler, türkmen medeniýetini we sungatyny has-da ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge uly ýardam berer, edebiýatymyzy döwrebap eserler bilen baýlaşdyrar” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.

Medeni forumyň açylyş dabarasy Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýen edebi-sazly kompozisiýa bilen dowam etdi. Onda milli sungatyň ähli görnüşleri öz beýanyny tapdy. Ýaňlanan goşgy setirleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň medeniýetiniň ähmiýeti baradaky parasatly sözleri, şeýle hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şygary bilen sazlaşykda döredilen bu sahna oýnunda ulanylan usullar we ýörelgeler döredijilik forumynyň esasy pikirini — häzirki zaman milli sungatyň köpugurlylygyny, žanr babatda köpdürlüligini, onuň taryhy-medeni miras bilen aýrylmaz arabaglanyşygyny, dünýäniň halklarynyň has-da ýakynlaşmagynda eýeleýän ornuny we parahatçylyk döredijilikli wezipesini şöhlelendirmek baradaky pikiri açyp görkezdi.

Artistler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmäge uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Dabara ýurdumyzyň dürli sebitleriniň aýdymçylary hem-de döredijilik toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdym-sazly kompozisiýa bilen dowam etdi. Olar sungatyň dili bilen Garaşsyz Watanymyzy wasp etdiler. Açylyş dabarasynyň döredijilik bölegi gadymy “Küştdepdi” tansy bilen tamamlandy. Bu tans umumadamzat möçberinde uly gymmatlyk diýlip ykrar edildi.

Soňra 2021-nji ýylyň Medeniýet hepdeligi Ruhyýet köşgünde dowam etdi. Şol ýerde “Perzent çeşme bolsa, gözbaşy ata-enedir” atly maslahat geçirildi. Köşgüň eýwanynda foruma gatnaşyjylary eziz Watanymyz barada goşgulary labyzly okaýan çagalar garşylaýarlar. Ýaş skripkaçylaryň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlanýar.

Medeniýet, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini, meşhur sungat ussatlaryny, hormatly ýaşululary we kümüş saçly eneleri hem-de ýaşlary birleşdiren çäräniň esasy mowzugy milli ruhy-ahlak däpleriniň we türkmen halkynyň maşgala gymmatlyklarynyň dowamatlylygyndan ybaratdyr.

Çykyş edenler maşgala ojagynyň mukaddesligi, hakyky watançylary we mynasyp ynsanlary terbiýelemekde maşgalanyň orny barada gürrüň berdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitabynyň ähmiýeti nygtaldy. Milli Liderimiz bu ajaýyp kitabynda enäniň her bir ynsan üçin mukaddesdigi, ata Watan, maşgala ojagy, maşgala, ene-atalaryň we çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň esaslary ýaly mizemez gymmatlyklar barada gürrüň berýär. Döwlet Baştutanymyz gadymy döwürlerden bäri tutuş dünýäde enä mukaddeslik hökmünde sarpa goýulýandygyny, pähim-paýhasa ýugrulan bu däbi mynasyp dowam etdirmelidigimizi nygtaýar.

Foruma gatnaşyjylar ösüp gelýän nesli terbiýelemek meselelerine aýratyn ähmiýet berdiler. Uly ýaşly nesliň wekilleri ýaşlara ýüzlenip, özleriniň ata-babalaryna, olaryň wesýet eden ruhy-ahlak we maşgala gymmatlyklaryna uly hormat-sarpa goýmaga çagyrdylar. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýeti biziň ählimiz üçin nusgalyk göreldedir diýip bellediler. Milli Liderimiziň we maşgala agzalarynyň durmuş hem-de zähmet ýoly eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ýygnananlar milletiň baý mirasyny, şöhratly ata-babalarymyzyň wesýet eden asylly ýörelgelerini giňden wagyz etmegiň hem-de olary geljekki nesillere ýetirmegiň ýurdumyzyň medeniýetiniň wekilleriniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny biragyzdan bellediler. Olardan bu wajyp mowzuk boýunça täze eserlere garaşýarlar.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlary meşhur aýdymçylaryň we döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki konsert çykyşlary bilen utgaşyp gitdi. “Ene-ata sarpasy — iň mukaddes borjumyz” atly edebi-sazly kompozisiýa bolsa bu çäräniň esasy pikirini we özenini açyp görkezdi.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, ruhy taýdan baý we sazlaşykly ösýän ýaş nesli terbiýelemek meselelerine, jemgyýetde maşgala gymmatlyklaryny, ruhubelent ýörelgeleri pugtalandyrmaga uly üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Günüň ikinji ýarymynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Mirasymyz — buýsanjymyz” atly döredijilik duşuşygy hem-de ýurdumyzyň muzeýleriniň hünärmenlerini birleşdiren maslahat geçirildi. Çäräniň barşynda innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy nazara almak bilen, ýurdumyzyň muzeý işini ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, hünärmenler şeýle hem oba muzeý sergilerini guramakda tejribe alyşdylar.

Häzirki wagtda welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gymmatlyklaryň 35 müňden gowragy saklanýar. Olaryň esasy bölegi biziň ýurdumyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Diňe soňky ýyllaryň dowamynda muzeýiň gaznasynyň üsti köp sanly etnografik gymmatlyklar, şeýle hem gadymy Amul şäherinde geçirilen möwsümleýin gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýüze çykarylan arheologik tapyndylaryň 100-den gowragy bilen ýetirildi. Häzirki wagtda muzeý şäheriň iri ülkäni öwreniş merkezine öwrüldi. Şol ýerde milli baýramçylyklar, duşuşyklar, häzirki zaman sungatynyň sergileri, okuw we ylmy maslahatlar geçirilýär. Onuň işgärleri uly barlag we usulyýet işlerini alyp barýarlar, duşuşyklarda çykyş edýärler, mähriban ülke barada makalalary ýazýarlar, welaýatyň okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk edýärler.

Muzeý Medeniýet hepdeligine gabatlap, sebitiň suratkeşleriniň sungata bagyşlanan işleriniň gallereýasyny taýýarlady. Lebap welaýatynyň suratkeşleriniň döredijiligi köpöwüşginlidir. Ýöne olaryň ählisini eziz Watana, mähriban tebigata we türkmen halkyna bolan uly söýgi birleşdirýär.

Bu ýere gelenler paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň muzeýleri tarapyndan bilelikde guralan sergi bilen tanyşdylar. Iň iri muzeý zallarynyň biriniň meýdançasynda guralan sergide ýurdumyzyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ösüşi, onuň žanrlarynyň köpdürlüligi we ugurlary aýdyňlyk bilen görkezildi.

Hepdäniň dowamynda şäheriň “Bitaraplyk” seýilgähinde guralan “Türkmeniň toý döwresi” atly sahna meýdançasy ýurdumyzyň döredijilik toparlary üçin özboluşly hasabat meýdançasyna öwrüler. Baýramçylyk dabarasy Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen açyldy.

Döredijilik forumynyň barşynda oňa gatnaşyjylar gündogar sebitiň ýaşaýjylaryna ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş bererler. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde dürli çäreler guralar.

Kino sungatynyň muşdaklary üçin meşhur artistler we režissýorlar bilen duşuşmak, täze döredilen çeper filmleriň birnäçesine tomaşa etmek mümkinçiligi dörär. Şeýle hem Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan “Aşgabat bahary” atly kinofestiwalyň baýraklaryna mynasyp bolan kinofilmler görkeziler.

Däp bolşy ýaly, hünär baýramçylygyna gabatlanylyp, Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda “Gül-Bilbil” atly opera sahnasy goýuldy. Ol ilkinji gezek Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly-drama teatrynyň sahnasynda görkeziler. Öz nobatynda, bu teatr hem Medeniýet hepdeligine zehiniň hem-de sungatyň güýjüniň dabaralanýandygy barada gürrüň berýän “Saz rowaýaty” atly sahnany taýýarlady.

2021-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň çäreleriniň diňe bir Türkmenabat şäherinde däl, eýsem, welaýatyň beýleki şäherlerinde we obalarynda geçiriljekdigini bellemek möhümdir. Munuň özi döredijilik çäresiniň uly ähmiýete eýedigini, onuň ýaşlary watançylyk we estetik ruhda terbiýelemekde uly goşandynyň bardygyny alamatlandyrýar. Foruma gatnaşyjylar üçin ýurdumyzyň gündogar sebitiniň ajaýyp ýerleri boýunça tanyşlyk gezelençleri guralar.

2021-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralýan meşhur ýerine ýetirijileriň we ýaş zehinleriň konsertleri, nakgaşlyk, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň hem-de neşir önümleriniň sergileri, filmleriň görkezilişi, şygryýet agşamlary, wideomaslahatlar hem-de döredijilik duşuşyklary türkmen medeniýetiniň dürli ugurlaryny beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmek üçin geljekde ýerine ýetirilmeli işleriň wajyp ugurlaryny kesgitlemäge şert döreder.

Soňky habarlar
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
top-arrow