Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 17.06.2021
2645

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Balkan welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, hususan-da, galla oragy bilen bagly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer galla oragynyň alnyp barlyşy, ýetişdirilen hasyly bellenen möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häzire çenli ýurdumyz boýunça 734 müň 45 tonna bugdaý hasyly ýygnalyp, bu babatdaky meýilnama 52,43 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda galla oragynda işledilýän däne ýygýan kombaýnlary we bugdaý daşaýan awtoulaglary doly güýjünde işletmek hem-de ýygnalan bugdaý hasylyny kabul ediş bölümlerinde bökdençsiz kabul etmek boýunça hemme zerur çäreler görülýär.

Wise-premýer döwlet harmanyna tabşyrylýan bugdaý hasyly üçin kärendeçi gallaçylar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek hem-de kabul edilen hasyly ammarlarda we elewatorlarda talabalaýyk saklamak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini öz wagtynda geçirmek we ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, sürümde ulanylýan tehnikalary doly güýjünde işletmek hem-de welaýatlaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyklykda, aralyk oba hojalyk ekinlerini ekmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem wise-premýer beýleki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynyň gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gowaçalara ideg işleri ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýy gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almagy dowam etmegi, galla oragynda däne ýygýan kombaýnlaryň we awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmagy, galla kabul ediş bölümlerinde bugdaý hasylynyň bökdençsiz kabul edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew hormatly Prezidentimiziň galla oragyna ak pata bermegi bilen, şu ýyl welaýatyň daýhanlary tarapyndan 50 müň gektar meýdanda ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işleriň dowam edýändigi barada hasabat berdi.

Orak möwsüminde welaýat boýunça bugdaý ýygýan kombaýnlaryň 162-si we galla daşaýan ýük awtoulaglarynyň 810-sy işledilýär. Möwsümde galla kabul ediş bölümleriniň 4-sinde ýygnalýan bugdaý hasylynyň bökdençsiz kabul edilmegi ýola goýuldy. Şu güne çenli Watan harmanyna 26 müň 312 tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyrylyp, bellenilen meýilnama 32,89 göterim ýerine ýetirildi.

Bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek üçin tehnikalary doly güýjünde işletmek boýunça degişli çäreler görülýär hem-de tabşyrylan hasyl üçin gallaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Orak möwsüminde gallaçylary, mehanizatorlary zähmet üstünliklerine ruhlandyrmak maksady bilen, meýdan düşelgelerinde, meýilnama laýyklykda, medeni çäreler we göçme söwda guralýar.

Häkim daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin döredilen giň mümkinçilikler hem-de berýän yzygiderli hemaýat-goldawlary üçin welaýatyň agzybir ilatynyň adyndan milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýetişdirilen bugdaý hasylyny iň soňky dänesine çenli ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak ugrunda ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekjekdiklerine hormatly Prezidentimizi ynandyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, barha gyzgalaňly depgine eýe bolýan galla oragy möwsüminde öňde goýlan wezipeleri doly berjaý etmegiň möhüm talapdygyna ünsi çekip, mundan beýläk-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Bereket etrabynyň häkimi N.Gylyjowa söz berdi. Häkim milli Liderimiziň oba hojalygyny ösdürmek ugrunda amala aşyrýan işlerinden we döredýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanan daýhanlaryň 18 müň 400 gektar meýdanda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almakda tutanýerli zähmet çekýändikleri barada hasabat berdi.

Möwsümde etrap boýunça däne ýygýan kombaýnlaryň 57-si we galla daşamakda ýük awtoulaglarynyň 285-si netijeli işledilip, ýygnalan bugdaý hasyly galla kabul ediş bölümlerinde bökdençsiz kabul edilýär. Häzire çenli etrap boýunça dänäniň 7 müň 192 tonnasy döwlet harmanyna tabşyrylyp, bellenilen meýilnama 24,38 göterim berjaý edildi.

Häkim gallaçy daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi ugrunda döredýän uly mümkinçilikleri hem-de yzygiderli hemaýat-goldawlary üçin etrabyň agzybir ilatynyň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, ýetişdirilen hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnap alyp, döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça ähli çäreleriň görüljekdigine ynandyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragynyň depginini gowşatman, bu ugurdaky işleri güýçlendirmek üçin goşmaça çäreleri görmegi tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Magtymguly etrabynyň häkimi R.Saparberdiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, etrabyň gallaçy daýhanlary tarapyndan 3 müň 200 gektar meýdanda ýetişdirilen hasyly gysga wagtda ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur işleriň dowam edýändigi barada hasabat berdi.

Şu güne çenli etrabyň gallaçylary tarapyndan döwlet harmanyna 3 müň 184 tonna bugdaý hasyly tabşyrylyp, bu babatdaky meýilnama 62,43 göterim ýerine ýetirildi. Etrap boýunça galla oragynda işledilýän däne ýygýan kombaýnlary we bugdaý daşamakda ulanylýan ýük awtoulaglaryny doly güýjünde işletmek hem-de ýygnalan hasyly galla kabul ediş bölümlerinde bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur işler geçirilýär.

Häkim oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler, pudagyň işgärlerine döredip berýän hemmetaraplaýyn mümkinçilikleri hem-de hemaýat-goldawlary üçin döwlet Baştutanymyza etrabyň ilatynyň adyndan tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, ýetişdirilen bugdaý hasylyny doly ýygnap almak we Watan harmanyna tabşyrmak üçin daýhanlaryňdyr möwsüme degişli ähli işgärleriň ýadawsyz zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Etrek etrabynyň häkimi R.Nuryýew ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de bu babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, etrabyň gallaçy daýhanlary tarapyndan 2 müň 700 gektar meýdanda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça işleriň dowam edýändigi barada hasabat berdi.

Häzire çenli etrap boýunça jemi 1040 tonna galla ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyryldy, bu babatdaky meýilnama 24,19 göterim berjaý edildi.

Häkim hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda amala aşyrylýan beýik tutumly işlere mynasyp goşantlaryny goşup, etrabyň daýhanlary tarapyndan ýetişdirilen hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak ugrunda ähli çäreleriň görüljekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, azyklyk bugdaýyň etrap boýunça şu ýyl üçin taýýarlanylýan mukdaryny üpjün etmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, bu ugurda möwsüme gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini hemmetaraplaýyn üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Esenguly etrabynyň häkimi A.Esenowa söz berdi. Häkim milli Liderimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Esenguly etrabynyň gallaçylarynyň 2 müň 700 gektar meýdanda ýetişdiren bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça zerur işleriň dowam edýändigi barada hasabat berdi.

Häzire çenli etrap boýunça 1015 tonna däne ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyryldy we bu babatdaky meýilnama 23,6 göterim ýerine ýetirildi.

Galla oragynda işledilýän kombaýnlary we bugdaý daşamakda ulanylýan ýük awtoulaglaryny doly güýjünde işletmek hem-de ýygnalan hasyly galla kabul ediş bölümlerinde gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz kabul etmek üçin zerur işler geçirilýär.

Häkim etrabyň daýhanlary tarapyndan ýetişdirilen bugdaý hasylyny iň soňky dänesine çenli ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak ugrunda ähli çäreleriň görüljekdigine milli Liderimizi ynandyryp, edermen daýhanlaryň öndürijilikli işlemegine döredilen giň mümkinçilikler, hemaýat-goldawlar üçin etrabyň agzybir ilatynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, azyklyk bugdaýy taýýarlamak boýunça bellenen meýilnamany doly ýerine ýetirmek babatda oba zähmetkeşleriniň medeniýetli dynç almagy üçin hem ähli şertleri mundan beýläk-de üpjün etmegi tabşyrdy.

Serdar etrabynyň häkimi M.Baýramgulyýew häzirki wagtda etrapda 23 müň gektar meýdanda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça işleriň dowam edýändigi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda, azyklyk bugdaýy taýýarlamak babatda bellenen meýilnamany ýerine ýetirmek ugrunda etrap boýunça 75 sany däne ýygýan kombaýn we 385 sany ýük awtoulagy işledilýär. Şeýle hem 3 sany galla kabul ediş bölümlerinde ýygnalýan bugdaý hasyly gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz kabul edilýär. Häzire çenli Serdar etraby boýunça 13 müň 881 tonna däne tabşyrylyp, bellenen meýilnama 37,72 göterim berjaý edildi.

Häkim daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi babatda döredilýän mümkinçilikleri hem-de hemaýat-goldawlary üçin etrabyň agzybir halkynyň adyndan tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, ekin meýdanlarynda ýetişdirilen bereketli hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnap alyp, Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekjekdiklerine milli Liderimizi ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häkime gallaçy kärendeçileriň ýetişdiren hasylyny ýitgisiz ýygnamak maksady bilen, orak möwsüminiň depginini has-da güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly welaýatyň Serdar etrabynda bugdaý hasylyny daşaýan awtoulagyň sürüjisi E.Çalow bilen söhbetdeş boldy.

Döwlet Baştutanymyz sürüjiniň hal-ýagdaýy, öý-içerileri, oba adamlarynyň iş we durmuş şertleri, şeýle hem söhbetdeşiniň näçe wagt bäri sürüji bolup işleýändigi, haýsy kysymly awtoulagy sürýändigi, tehnikanyň ýük göterijiligi, berkligi, howa şertlerimize çydamlylygy bilen gyzyklandy.

Sürüji “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Balkan awtoulaglar önümçilik birleşiginde zähmet çekýändigini, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda öndürilen “KAMAZ” kysymly ýük göteriji täze awtoulagy dolandyrýandygyny, sürüji bolup zähmet çekmekde 15 ýyl iş tejribesiniň bardygyny aýtdy. Şeýle hem ol bu kuwwatly tehnikalaryň ýük göterijiliginiň örän ygtybarlydygyny, berkdigini we howa şertlerimize çydamlydygyny belledi hem-de şeýle tehnikalary satyn alyp berip, işlemäge döredip beren ajaýyp şertleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz oba adamlarynyň çeper dilli we degişgen bolýandygyny belläp, iş-durmuş pursatlarynyň dürli ugurlaryna laýyklykda, degişgen häsiýetli käbir şygyr setirlerini döredýändiklerine ünsi çekip, çeper dilli oba adamlary tarapyndan döredilen setirleri mysal getirdi:

«Oba geldi «Sowa»,
«KAMAZ» geldi toba».
«Sowa» san boldy,
«KAMAZ» bolsa han boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  sözüni dowam edip, tehnikalaryň, esasan, gowy bolmalydygyny nygtap, geljekde hem «KAMAZ» awtoulaglarynyň satyn alynjakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem gallanyň şu ýylky ýagdaýy, sürüjiniň zähmet çekýän ýük awtoulagynda her gün näçe möçberde galla daşaýandygy bilen gyzyklandy.

Sürüji E.Çalow hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, şu ýyl meýdanlarda bugdaýyň bereketli hasylynyň ýetişdirilendigini aýtdy. Häzirki dowam edýän gyzgalaňly orak möwsüminde ol her günde 3-4 gatnaw edýändigi we her gatnawda 15 tonna bugdaý hasylyny daşaýandygy barada gürrüň berdi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sürüjiniň maşgalasynda başga-da bu kär bilen kimiň meşgullanýandygyny sorady. Habar berlişi ýaly, häzir Eziziň hormatly dynç alyşdaky kakasy hem ozal 50 ýyldan gowrak wagt sürüji bolup işläpdir.

Milli Liderimiz: “Tüweleme, «Ata kesbi — ogla halal” diýipdirler, kesbiňden kemal tap” diýip, sürüjä arzuw etmek bilen, galla oragyndan soň, onuň näme iş bilen meşgullanýandygy hem-de arzuw-islegleri bilen gyzyklandy.

Sürüji galla oragy möwsüminden soň, ozal işläp ýören ýeri bolan Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda işlerini dowam etjekdigini habar berdi. Şeýle hem sürüji E.Çalow işlemäge döredip berýän ähli şertleridir mümkinçilikleri üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimiziň janynyň sag, başynyň dik, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen, halkymyzyň baýlygy bolan galla hasylyny öz wagtynda, zaýa etmän ýygnap almagyň hem-de ammarlara tabşyrmagyň uly wezipe bolup durýandygyny nygtady. Şoňa görä-de, ýygnalan galla hasylyny bökdençsiz, ýitgisiz daşamakda yhlas bilen işlemegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belläp, sürüjä berk jan saglyk, işinde we durmuşynda uly üstünlik arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, birnäçe tabşyryklar berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ösdürilip ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça ähli zerur işler geçirilmelidir diýip belledi. Welaýatyň galla meýdanlarynda däne ýygýan kombaýnlaryň we awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegi üpjün edilmelidir, galla kabul ediş nokatlarynda bugdaý hasylynyň önüm öndürijilerden bökdençsiz kabul edilmegi guralmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň rysgal-berekedi hem-de ýurdumyzyň azyk üpjünçiliginiň kepili bolan galla hasylynyň ammarlarda we elewatorlarda talabalaýyk saklanmagyny üpjün etmegiň hem möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyna ünsi çekdi.

Mundan başga-da, welaýatyň bugdaý öndürijileri bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi üpjün edilmelidir.

Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini öz wagtynda geçirmek we ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak üçin zerur çäreler görülmelidir, sürümde traktorlar doly güýjünde işledilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz galla oragy bilen birlikde, welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň hem agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Gowaçanyň hatarara bejergisiniň, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň talabalaýyk geçirilmegi berk gözegçilikde saklanylmalydyr.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda gant şugundyrynyň ekişiniň öz wagtynda we talabalaýyk geçirilmegini hem-de onuň ýokary hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewe hem-de welaýatyň etraplarynyň häkimlerine ýüzlenip, şu gyzgalaňly orak döwründe olaryň alyp barýan işlerinde, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde uly zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Milli Liderimiz edermen daýhanlarymyzyň yhlasy bilen galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň abraý bilen berjaý edilip, Watan harmanyna ak bugdaýyň bol hasylynyň tabşyryljakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Soňky habarlar
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
top-arrow