Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi
Jemgyýet
Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi
Çap edildi 04.06.2021
2831

Ýurdumyzda 4-nji iýunda galla oragyna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermeginde Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň babadaýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa olara 11-nji iýunda goşular.

Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly 2-nji iýunda geçirilen iş maslahatynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda oba hojalygyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwletimiz oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli zerur şertleri döredýär. Daýhanlar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, himiki serişdeler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary we suwaryş suwy bilen doly üpjün edilýär.

Edermen gallaçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Galla oragyna girişilmegini nazara alanyňda, bu gün gallaçy daýhanlarymyzyň öňünde durýan esasy wezipe oragy gysga möhletde tamamlamagy üpjün etmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, halkymyzy azyk önümleri bilen doly üpjün etmek üçin azyk bolçulygyny pugtalandyrmak möhümdir diýip nygtady hem-de edermen gallaçylara, ähli oba zähmetkeşlerine täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyza abadançylyk, tutuş türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk dileg edip, “bismilla” bilen ýerlerde ilkinji bugdaý desselerini ordular.

Olar: “Çäjiňe bereket!” diýen hoşniýetli sözler bilen oraga başlap, nobaty zähmetsöýer kombaýnçylara berdiler.

Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna däne ýygnamagy meýilleşdirýärler. Ahal welaýatynda 400 müň tonna, Mary welaýatynda 345 müň tonna, Lebap welaýatynda 310 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 265 müň tonna we Balkan welaýatynda 80 müň tonna bugdaý ýygnalar. Şu ýyl galla meýdanlarynda bugdaýyň “Sähraýy”, “Juwan”, “Bereketli”, “Ýolöten-1», “Ýolöten-3”, “Türkmenbaşy-1”, “Goşant”, “Miras”, “Rowaç”, “Hasylly” hem-de “Watan” ýaly ýokary hasylly görnüşleri ekildi.

Umuman, ýurdumyz boýunça 2021-nji ýylyň galla oragy möwsüminde “СLAAS”, “John Deere”, “Сase”, “New Holland” ýaly ýokary öndürijilikli galla ýygnaýan kombaýnlaryň 2 müň 111 sanysy işlediler. Işler iki çalşykda, gije-gündiz alnyp barlar. Ýokary öndürijilikli tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almaga ýardam berer.

Galla oragy möwsüminde göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gije-gündiziň dowamynda gallaçylara hyzmat eder. Olar tehnikalary zerur ýangyç-çalgy ýaglary we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün eder. Galla meýdanlarynda oraga gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler üçin zerur durmuş şertleri döredildi. Ýerlerde medeniýet işgärleriniň çykyşlary we göçme söwda ýola goýlar.

Ýygnalan hasyly 156 sany kabul ediş bölümine, ammarlara hem-de elewatorlara daşamakda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan berlen ýük ulaglarynyň 11 müňe golaýy işlediler. Galla oragynyň başlanýan döwrüne çenli degişli barlaghanalar taýýarlanyp, şolarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri dänäniň hilini kesgitlär.

Tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen öz wagtynda hasaplaşyk işleri “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleri tarapyndan amala aşyrylar.

Galla oragynyň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, welaýatlaryň hem-de etraplaryň häkimlikleriniň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda önümçilik maslahatlary geçirildi.

Çäreleriň barşynda galla oragyny guramaçylykly geçirmek we däne orujy kombaýnlaryň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýygnananlar oba zähmetkeşleri hakynda yzygiderli alada edýändigi, Watanymyzyň abadançylygyna hem-de ösüşine mynasyp goşant goşýan ekerançylaryň durmuş üpjünçiligi we netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän şertler üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alkyş sözlerini aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Ýurdumyzda tarp ýerler yzygiderli özleşdirilýär, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça oňyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Obasenagat toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna uly möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap, ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy ak bugdaýyň bol hasylyny ýitgisiz ýygnamaga doly mümkinçilik berýär.

Önümleriň döwlet tarapyndan satyn alynmagy, daýhanlaryň salgytdan boşadylmagy, olara tehniki hyzmat üçin tohum, mineral dökün, ösümlikleriň gorag serişdelerini almagy babatda ýeňillikli şertler döredilýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň maliýe-ykdysady taýdan höweslendirilmegi olaryň öz zähmetiniň netijelerine gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýer, suw we beýleki tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, oba hojalyk ylmynyň, seçgiçiligiň, tohumçylygyň ösdürilmegine, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, oba hojalygy boýunça ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna uly üns berýär.

Mundan başga-da Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Oba ilatynyň maddy hal-ýagdaýy ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Ýaşaýyş derejesi boýunça oba ýerleri şäher derejesine barha ýakynlaşýar.

Umuman, bu işler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine mümkinçilik berýär. Oba hojalygyny mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça asyrlaryň dowamynda toplanan tejribe döwrebap tehnologiýalar hem-de ylmyň gazananlary bilen netijeli utgaşdyrylýar.

Bu ugurda toplanan tejribä sebitde we dünýäde uly gyzyklanma bildirilýär. Türkmenistanyň 2020 — 2022-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň möhüm edarasy bolan Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanylmagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän oba hojalygyny ösdürmek boýunça syýasatynyň ýokary netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şu günki şanly waka mynasybetli galla meýdanlarynyň ýanynda dabaralar guraldy. Sergilerde oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleri, çörek we çörek önümleri, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary görkezildi. Şeýle hem welaýatlaryň aýdym-saz, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary guraldy.

Soňky habarlar
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
top-arrow