Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzda çagalaryň dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna badalga berildi
Jemgyýet
Ýurdumyzda çagalaryň dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna badalga berildi
Çap edildi 02.06.2021
4818

Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdança ýygnandylar. Olar şu ýerden tomusky dynç alyş möwsüminde ajaýyp Gökdere jülgesinde ýerleşýän dynç alyş-sagaldyş merkezlerine ugradylar.

Şu waka mynasybetli bu ýerde dabaraly çäre guraldy. Ýaş nesliň wekilleri çagalar döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar hem-de tanslar bilen ugradyldy.

Owadan bezelen awtobuslaryň kerweni bellenilen ýere — ajaýyp dynç alyş öýlerine tarap ýola düşdi. Şol ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen çagalara mähirli kabul edişlik, baýramçylyk naz-nygmatlary hem-de dynç alyş çäreleri garaşýar.

Gökderäniň saýaly we pürli agaçlarynyň tokaýlygynda, dag çeşmesiniň kenarynda ýerleşýän döwrebap çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri mekdep okuwçylary üçin gapylaryny giňden açdy. Bu ýerde bagtyýar çagalaryň sazlaşykly ösmegi, wagtlaryny şadyýan hem-de şowhunly geçirmegi üçin ähli şertler döredildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň nurana geljegimiz bolan ýaş nesliň beden taýdan sagdyn hem-de ruhy taýdan baý adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri döretmekden ybaratdygyny nygtaýar. Şu günki çäre Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin uly alada edilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanda çagalary milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek hem-de wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça çagalaryň tomusky dynç alşyny guramaga ýurdumyzyň Bilim, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri taýýarlyk gördüler.

Dynç alyş merkezlerinde dürli ýaşdaky çagalar üçin medeni-dynç alyş, döredijilik çäreleri hem-de sport ýaryşlary guralar.

Mundan başga-da, okuwçylar ýokary hünärli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda gurnaklara gatnaşarlar, kompýuter programmalaryny öwrenerler hem-de daşary ýurt dillerini özleşdirerler, muzeýlere we teatrlara baryp görerler, sahna çykyşlaryny goýarlar, edebi okaýyşlary geçirerler.

Soňky habarlar
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
top-arrow