Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Syýasat habarlary
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Çap edildi 03.06.2021
1993

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda parahatçylyk hem-de dostluk gatnaşyklaryny dabaralandyrýan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň raýatlarymyzyň saglygyny berkitmekde, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmenistan bu gün milli hem-de umumadamzat bähbitlerinden ugur alyp, halkara tagallalary birleşdirmäge çagyryş bilen çykyş edýär. Mundan üç ýyl ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde biziň döwletimiziň başlangyjy bilen ýörite Rezolýusiýanyň kabul edilip, her ýylyň 3-nji iýunynyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi hem sagdynlygyň, bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde eziz Diýarymyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyryp, Garaşsyz Watanymyzda jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyna uly ähmiýet berilýändigini görkezdi.

Bütindünýä welosiped güni dostlugyň, parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar.

Watanymyzyň baş şäheriniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, tämiz daşky gurşawy döretmek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň 10 — 25-nji maýy aralygynda Aşgabatda awtoulagsyz günler yglan edildi. Paýtagtymyzda ilata hyzmat edýän jemgyýetçilik ulaglaryndan başga awtoulaglaryň hereketiniň çäklendirilmegi ýurdumyzyň baş şäheriniň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmakda durmuşa geçirilýän deslapky çäreleriň biri boldy. Bu günlerde paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki çäreler geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiziň we agzybir halkymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä ýaň salýan ýylynda hem asylly däbe görä, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde köpçülikleýin sport çäreleri uly ruhubelentlik bilen ýokary derejede guramaçylykly geçirilýär. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli sportuň welosport görnüşi boýunça geçirilýän sport ýaryşlary, köpçülikleýin welosipedli ýörişler, sportuň bu görnüşiniň ähmiýeti barada guralýan maslahatlar berkarar döwletimiziň, agzybir halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny belende göterýär.

Eziz halkym!

Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu belent maksatdan ugur alyp, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämize laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek, ajaýyp obadyr şäherçeleri, döwrebap senagat toplumlaryny döretmek bilen, döwletimiziň dünýädäki ornuny yzygiderli berkidýäris.

Şonuň bilen birlikde, berkarar döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge hem aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalary, toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. Gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Şonuň bilen birlikde, öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezlerini, ýöriteleşdirilen hassahanalary, şypahanalary gurmak, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretmek arkaly bu ugurda hem uly ösüşleri gazandyk.

Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr. Sport ussatlarymyzyň we türgenlerimiziň halkara hem-de dünýä derejesinde geçirilýän sport ýaryşlarynda gazanýan ajaýyp üstünlikleri jemgyýetimizde beýik Watanymyza bolan söýgini terbiýeleýär, agzybirligimizi hem-de jebisligimizi has-da pugtalandyrýar. Şoňa görä-de, halkara sport ýaryşlarynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, Türkmenistanyň sport abraýyny has-da ýokarlandyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi Bütindünýä welosiped güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow