Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum
Ykdysadyýet
Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum
Çap edildi 12.05.2021
3918

Şu gün Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça bu forum “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan geçirildi.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygyna beslenýän şu ýylda energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen forum diňe bir däp bolan görnüşde däl, eýsem, dünýäniň onlarça ýurtlary bilen teleköpri görnüşinde hem geçirilýär.

Foruma gatnaşanlaryň hatarynda hökümet düzümleriniň, ugurdaş ministrlikleriňdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, dünýäniň esasy nebitgaz, hyzmat ediş we konsalting kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň, diplomatik we ylmy toparlaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Bu çärä dünýäniň onlarça ýurdundan 500-e golaý wekil, iri kompaniýalaryň 200-den gowragy gatnaşdy. Bu bolsa daşary ýurtlaryň işewür toparlary üçin Türkmenistanyň maýa goýum taýdan özüne çekijiliginiň artýandygyndan habar berýär.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, tebigy gazyň ägirt uly gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orny eýeleýän ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň nebitgaz we senagat pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen iri senagat desgalary gurulýar.

Energetika pudagynda däp bolan strategik gatnaşyklary saklamak bilen bir hatarda, Türkmenistan Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta-Gündogar ugurlary boýunça energetika hyzmatdaşlygyny barha giňeldýär. Dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilendir. Şoňa görä-de, köpugurly gaz geçiriji ulgamy döretmek, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy.

“Geljekde hem ýangyç-energetika toplumynda şunuň ýaly sebit we dünýä ähmiýetli täze taslamalary durmuşa geçirmek biziň döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri bolar” diýip, Gutlagda aýdylýar.

Umumy mejlis energetika bazarlaryndaky ählumumy ýagdaýlara hem-de dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanyldy.

Çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, soňky on ýylda Türkmenistanyň önümçilik pudagyna ägirt uly möçberde döwlet hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny gönükdirip, milli ykdysadyýetimizi yzygiderli we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin pugta binýadyň döredilendigi nygtaldy. Şunda has iri maýa goýumlar nebitgaz pudagyna gönükdirilýär.

Şeýle hem ähli pudaklara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, eksport ugurly we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän, Diýarymyzda çykarylýan önümleriň hilini gowulandyrmaga gönükdirilen önümçilikleri döretmäge, kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga hem-de durmuş ulgamyny ösdürmäge ilkinji nobatda üns berilýär.

Netijeli maýa goýum syýasaty ýeterlik derejede ýokary hem-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün edýär. 2020-nji ýylyň netijeleri boýunça we şu ýylyň birinji çärýeginde bu görkeziji 5,9 göterime deň boldy. Ýurdumyzda maliýe we durmuş durnuklylygy saklanylýar, pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de ykdysadyýetiň netijeliligini artdyrmaga, daşary söwda amallaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, telekeçilik düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler öz wagtynda görülýär.

Dünýäniň ençeme ösen döwletlerine täsir eden ählumumy ykdysady çökgünlik şertlerinde hem Türkmenistanyň ykdysadyýeti durnukly, maýa goýumlarynyň paýy ýokary derejede bolmagynda galýar. Her ýyl ep-esli möçberdäki pul serişdeleri giň gerimli sebit we milli ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilýär.

Şeýle taslamalaryň hatarynda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamy ýaly iri halkara ähmiýetli taslamalar bar.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekden ugur almak hem-de “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeler önümçilikleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin möhüm itergi boldy. Garaşylyşy ýaly, 2024-2025-nji ýyllarda jemi içerki önümiň ösüş depgini, şol sanda maýa goýumlaryny oýlanyşykly peýdalanmagyň, täzeçil tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, önümçilik we önümçilik däl maksatly iri desgalary gurmagyň hasabyna 8 göterimden gowrak bolar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan kiçi we orta telekeçiligi goldamak baradaky döwlet maksatnamasyna möhüm ähmiýet berilýär. Şol maksatnamada erkin ykdysady zolaklary döretmek hem-de şol zolaklara daşary ýurt maýalaryny çekmek göz öňünde tutulýar. Bu maksatnamanyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri döwlet kärhanalaryny giň gerim bilen hususylaşdyrmakdan, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmekden ybaratdyr.

Şonuň bilen birlikde, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny berkitmäge we ösdürmäge tarap alnan ugry nazarda tutup, häzir maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmäge, şol sanda daşary ýurtlaryň göni maýa goýmaklary üçin oňaýly şertleri döretmäge çemeleşmeleri kämilleşdirmek baradaky wezipeler ilkinji orna çykýar. Munuň özi ýurdumyza maýa goýumlary bilen birlikde, ençeme beýleki serişdeleri: tehnologiýalary, dolandyryş we bazar tejribelerini, korporatiw medeniýeti çekmek babatda-da möhümdir.

Şunuň bilen baglanyşykly wezipeleri üstünlikli çözmek üçin Türkmenistanda esasy üç — makroykdysady durnuklylyk, maýa goýum taýdan taýýarlyk, ýagny kanunçylyk binýady, maýa goýumlary we hususy ulgamy goldamagyň netijeli gurallary, tebigy we maddy serişdeler, oýlanyşykly gurnalan maýa goýum strategiýasy bar.

Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesini almagy möhüm waka boldy. Munuň özi döwletimiziň dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulyşmak mümkinçiligini giňelder, şol sanda Türkmenistanyň nebitgaz ulgamyna daşary ýurt maýadarlaryny çekmek üçin maýa goýum mümkinçiliklerini döreder.

Dünýäniň energetika ulgamynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş boýunça çaklamalary ara alyp maslahatlaşmaga, şol sanda wideoaragatnaşyk arkaly BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş toparynyň ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsia Alisjabana, Halkara energetika forumynyň baş sekretary Jozef Mak Monigl, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Kristina Weýgand, Beýik Britaniýanyň Premýer ministriniň Türkmenistandaky söwda wekili Nikolson Uinterbornskaýa, Azerbaýjan Respublikasynyň “SOСAR Trading S.A” döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rownag Abdullaýew we beýlekiler gatnaşdylar.

Çykyşlarda СOVID-19 pandemiýasyndan soň, dünýä ykdysadyýetini täzeden dikeltmegiň hem-de adamzada çynlakaý wehime öwrülen dünýä derejesinde howanyň maýlamagyny nazarda tutup, ekologiýa taýdan arassa ösüşe geçmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.

Çaklamalara görä, energiýa serişdelerine bolan isleg yzygiderli artar. Şunda tebigy gaz uglewodorod serişdeleriniň içinde iň isleg bildirilýäni bolar, çünki ol ykdysady we energetika taýdan netijeli, arzan hem-de ýangyjyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi bolup durýar. Elektroenergetika senagat ulgamy, ilkinji nobatda, önümleri giň gerimli durmuş we senagat harytlaryny, mineral dökünleri we beýlekileri öndürmek üçin çig mal bolup hyzmat edýän nebithimiýa we gazy gaýtadan işleýän pudaklary gaza bolan has ýokary islegi üpjün eder. Şonuň bilen bir hatarda, ýaşaýyş-jemagat ulag ulgamlarynda tebigy gazyň sarp edilişi artar.

Mundan başga-da, halkara jemgyýetçiligiň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler sebäpli biynjalyklanmalaryny göz öňünde tutanyňda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ilkinji nobatda, ýel we Gün energetikasy, wodorod we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ulgamyndaky innowasiýalar, ýangyç-energetika toplumynyň sanlylaşdyrylmagy has-da ösdüriler.

Energiýanyň sarp edilişindäki ösüşiň ýokary depginlerine Hytaýda hem-de Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň beýleki ýurtlarynda garaşylýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça Merkezi Aziýada birinji we dünýäde dördünji orny eýeläp, Ýewraziýada ekologiýa taýdan arassa ýangyç öndüriji iri döwletleriň sanawyna girýär, ýurdumyzyň bu ugurdaky öndürýän önüminiň esasy möçberi HHR-e eksport edilýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara bähbitli häsiýetiniň ýüze çykmasy bolup durýar.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda energetika pudagynda döwletara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

“Hytaý tarapy hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin mümkinçiliklerden peýdalanmaga, oňa täze güýç bermäge taýýar” diýip, Sýan Naýçen aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, energiýanyň gymmat bolmadyk, ygtybarly, döwrebap çeşmelerine giň elýeterliligiň bolmagy BMG tarapyndan kabul edilen “2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş ulgamyndaky gün tertibini” üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan dünýä derejesindäki kuwwatly energetika döwleti bolmak bilen, ýurdumyzyň örän baý uglewodorod serişdeleriniň netijeli ulanylmagyny üpjün etmäge, ykdysadyýeti durnukly ösdürmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär.

Nebitgaz kärhanalaryny tehniki we tehnologiýa taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga — enjamlary, serişdeleri, ýöriteleşdirilen tehnikalary satyn almaga iri maýa goýumlar gönükdirilýär. Geologiýa barlag we buraw işleri işjeň alnyp barylýar, geljegi uly nebit we gaz meýdançalarynyň senagat taýdan özleşdirilmegi güýçli depginler bilen amala aşyrylýar. Şeýle hem uzak wagtlap işlenilýän känleriň ulanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, pudagyň sanlylaşdyrylmagyna uly üns berilýär.

Ýurdumyzyň BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň çäklerinde Pariž ylalaşygyna goşulandygyny bellemek gerek. Şol ylalaşyk kömürturşy gazynyň howa bölünip çykmagyny azaltmak boýunça çäreleri düzgünleşdirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan “Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça milli strategiýa” durmuşa geçirilip başlandy, şol strategiýada bu ulgamdaky ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Forumyň işi “Bütindünýä energetika maksatnamasyny goldamakda halkara maliýe guramalarynyň wezipesi” diýen mejlis bilen dowam etdi. Şonuň çäklerinde СOVID-19-yň maýa goýumlaryna täsiri, nebitgaz kompaniýalarynyň howa baradaky Pariž ylalaşygynyň maksatlaryny ýerine ýetirmek, nebitgaz taslamalaryny maliýeleşdirmekdäki soňky ýagdaýlar bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, halkara maliýe edaralary bilen gatnaşyklaryň Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridigi bellenildi. Bu bolsa ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna ýardam bermäge, daşary ýurtlaryň täze maýadarlaryny çekmäge gönükdirilendir. Ýurdumyz halkara konwensiýalaryň we şertnamalaryň, şol sanda maliýe ulgamyndaky resminamalaryň onlarçasyna goşuldy, Aşgabatda birnäçe halkara maliýe edaralarynyň wekilhanalary yzygiderli esasda işleýär.

Halkara pul gaznasy hem-de Bütindünýä bankynyň topary bilen hyzmatdaşlyk ýyl-ýyldan berkeýär we giňeldilýär. Hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara gyzyklanmalar, netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen özara kabul ederlikli çözgütleri tapmak Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň bilelikde netijeli işlemegi üçin esas boldy.

Türkmenistan milli we sebit taslamalaryna goldaw berýän Aziýanyň ösüş banky bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Muňa Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak taslamasynyň tehniki wezipelerini taýýarlamakda hem-de oňa maýadarlary çekmekde alnyp barylýan işleri mysal hökmünde görkezmek bolar. Döwlet we hususy ulgamlarda köp sanly maýa goýum taslamalary Yslam ösüş bankynyň gatnaşmagynda hem amala aşyrylýar.

***

Bu mesele “Turba geçiriji taslamalar — pes uglerodly geljege tarap hereketlendiriji güýç” atly mejlisiň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy. TOPH taslamasyny ilerletmekde gazanylan ösüş barada “TAPI Pipeline Company Limited” konsorsiumynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi bankynyň hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň wekilleri öz çykyşlarynda bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, täze energetika ulgamy türkmen gazyny Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna akdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm şerti bolup, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga-da ýardam eder.

Häzirki wagtda täze energetika ulgamynyň türkmen böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. TOPH-nyň umumy uzynlygy 1840 kilometre, geçirijilik ukyby bolsa bir ýylda gazyň 33 milliard kub metrine deň bolar.

Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal binýadyny berkitmek hem-de önümçilik düzümini ösdürmek maksady bilen, anyk çäreler görülýär. Munuň özi geljekde türkmen gazynyň HHR-e iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer. Şu ýylyň ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Malaý” ýatagynda kuwwaty bir ýylda tebigy gazyň 30 milliard kub metrine deň bolan täze gaz kompressor bekedi ulanmaga berildi.

Täze ýataklar “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde tapgyrma-tapgyr ulanmaga berilýär, olary Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň “Amyderýa” gaz kompaniýasy 2007-nji ýylda baglaşylan önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyga laýyklykda işläp taýýarlaýar.

“Hazar deňziniň ýalpak ýataklary: özleşdirmegiň tejribesi we täze maýa goýum mümkinçilikleri” atly mejlisde edilen çykyşlar maslahata gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Hususan-da, ýurdumyzda işleýän daşary döwletleriň kompaniýalary alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar.

Şunuň bilen baglylykda, Hazaryň türkmen böleginiň uglewodorod serişdeleriniň özleşdirilmeginiň Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň hem-de daşary ýurt maýalaryny çekmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.

Öňden gelýän hyzmatdaşlaryň hatarynda “Petronas Charigali (Türkmenistan)” (Malaýziýa) kompaniýasy bolup, ol “Toplum-1” şertnamalaýyn çäkde uglewodorodlary gözleýär we çykarýar. Umumy alnanda, bu ýerde eýýäm nebitiň 2,5 million tonnadan gowragy hem-de kondensatyň 9,5 million tonnasy, şeýle hem tebigy gazyň 27 milliard kub metrine golaýy gazylyp alyndy. Kompaniýanyň maýa goýumy 2021-nji ýylyň aprel aýynyň başynda ABŞ-nyň 11 milliard dollaryna barabar boldy.

“Dragon Oil” (BAE) kompaniýasynyň “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd” aýrybaşga kompaniýasy öz nobatynda “Çeleken” şertnamalaýyn çägiň düzümine girýän “Jeýtun” we “Jygalybeg” ýataklaryny işläp taýýarlaýar.

Bu ýerde hem deňizdäki nebitgaz ýataklaryny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça uly işler geçirildi. Umuman, bu maksatlar üçin eýýäm ABŞ-nyň 7,5 milliard dollaryna golaý serişde gönükdirildi.

Bulardan başga-da, birnäçe deňiz ýataklary boýunça “Buried Hill” (Kipr), “ARETI” (Baş edara binasy Ženewada, Şweýsariýada ýerleşýär) kompaniýalary bilen önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklar bar. Hazar sebitinde ençeme ýyl bäri “Eni” italýan kompaniýasy hem işleýär, onuň işi “Nebitgaz” şertnamalaýyn çäkde geçirilýär. Bu ýerde uglewodorodlaryň esasy gorlary Burun ýatagynda jemlenendir. Türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde, “Hazar” konsorsiumynyň düzüminde Gündogar Çeleken ýatagyny işläp taýýarlamaga gatnaşýan “Mitro International” kompaniýasy (Britan Wirgin adalary) bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Hazardaky “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilmegi sebitiň energetika kuwwatyny amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu resminama biziň ýurtlarymyzyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge, iki iri energetika döwletleriniň ägirt uly özara mümkinçiliklerini açmaga, Hazar deňziniň sebitinde durnukly energetika ösüşi, giň we özara bähbitli halkara gatnaşyklar üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen işleriň netijesi bolup durýar.

2021-nji ýylyň ahyrynda Ýewropa komissiýasy umumy gyzyklanma döredýän Ýewropa Bileleşiginiň elektroenergiýa we gaz babatda taslamalarynyň täze sanawyny tassyklar. Bu sanaw Ýewropanyň energetika bazary hem-de ÝB-niň elýeterli, howpsuz we durnukly energiýa boýunça energetika syýasatynyň maksatlaryna ýetmek üçin möhüm taslamalary öz içine alýar.

Sanawa girmäge dalaş edýänleriň hatarynda geçirijilik ukyby bir ýylda 32 milliard kub metr bolan Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasy bar. Bu geçiriji arkaly tebigy gazyň Hazar sebitinden we Merkezi Aziýadan Ýewropa akdyrylmagynyň hasabyna Günorta gaz geçelgesiniň mümkinçilikleri artdyrylar.

“Uglewodorodlary maliýeleşdirmekde maýa goýum taslamalary — geljege garaýyş” diýen mejlis forumyň işiniň birinji gününi jemledi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça täze kuwwatlyklary döretmek babatda alnyp barylýan işler barada maglumatlar berildi.

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawodyň ikinjisini, Gyýanlydaky polimer zawodynda izobutan öndürýän toplumy, kauçuk, polistirol, poliwinilasetat, metanol öndürýän gazhimiýa toplumlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Şonuň bilen bir hatarda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Bu ýerde hem täze desgalaryň birnäçesini işe girizmek bellenildi.

Şeýlelikde, Türkmenistan energiýa serişdelerini uly möçberde iberýän döwlet hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek bilen çäklenmez. Nebitgaz pudagy döwrebap, ýokary tehnologiýaly, netijeli, durnukly ösýän topluma öwrülip, ýurdumyzyň tebigy serişdeler binýadyna, ylmy-tehniki kuwwatyna, bu ulgamda dünýäniň gazananlaryna daýanar.

Forumyň çäklerinde daşary ýurtly kompaniýalar bilen şertnamalar, şol sanda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gidrousul bilen arassalanylan dizel ýangyjynyň, uçar kerosininiň, gyzdyrylan nebit koksunyň uly tapgyrlaryny satyn almak hakynda şertnamalar baglaşyldy.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika hem-de maliýe-ykdysady toplumlarynyň düzümindäki edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de olaryň geljekki hyzmatdaşlarynyň arasynda onlaýn duşuşyklar geçirildi, olaryň barşynda özara gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlary we anyk taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
top-arrow