Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ahalteke bedewleri gözelligiň we sazlaşygyň nusgasydyr
Jemgyýet
Ahalteke bedewleri gözelligiň we sazlaşygyň nusgasydyr
Çap edildi 22.04.2021
2665

Şu gün Mary welaýat merkezinde ýakynlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi.

Dabaralar däp bolan at çapyşyklary bilen başlandy. Çapyşyklar Marynyň atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu toplum, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda guraldy.

Çärelere taýýarlyk görmegiň çäklerinde bu ýerde ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça uly işler geçirildi — bag nahallarynyň dürli görnüşleri, güller ekildi.

Welaýatyň sungat ussatlary — meşhur estrada artistleri, bagşylar, tans we halk döredijilik toparlary aýdym-sazly, tansly çykyşlary görkezdiler.

Atçylyk sport toplumynyň çäklerine girilýän merkezi girelgeden başlap, onuň iki tarapynda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Marynyň görnükli suratkeşlerinden başlap, döredijilik ýoluna girişýän ýaşlar behişdi bedewlere bagyşlanan surat eserlerini görkezdiler. Şeýle hem bu ýerde heýkeltaraşlaryň, halyçy gelin-gyzlaryň, zergärleriň, at esbaplaryny taýýarlaýan ussalaryň we beýlekileriň işleri bilen tanyşmak bolýar.

Mundan başga-da, sergide milli saz gurallary, deri önümleri, dutar ýasamak sungatynyň tilsimleri görkezildi, dessançy bagşylaryň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýene bir bölümde zähmet gurallarynyň, el işleriniň sergisi görkezildi.

Toplumyň çäklerinde görkezilen milli oýunlar, ýaýbaňlandyrylan milli göreş Türkmen bedewiniň milli baýramynyň halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgelerine mahsus häsiýetde giňden dabaralanýandygyny görkezdi. Ýeňiji bolan pälwanlar toý baýraklary bilen sylaglandylar.

Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň göçme sergisiniň gymmatlyklary bedewiň halkymyzyň tutuş taryhynyň dowamynda syrdaşy bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şol gymmatlyklaryň hatarynda 4 müň ýyl mundan ozal gadymy Marguş ýurdunyň ýaşaýjylarynyň taýýarlan ýönekeý heýkeljiklerinden başlap, orta asyr döwürlerindäki ussalaryň ýasan owadan we ajaýyp keramiki at heýkeljikleri bar.

Sergide görkezilen kitaplaryň birinde Murgabyň dilkawynda gadymy siwilizasiýany açan meşhur arheolog W.I.Sarianidi Goňurdepe şäherinden tapylan atyň jaýlanan ýerini görkezýär. Bu edermen türkmen ýigitleriniň ýüzýyllyklaryň dowamynda wepaly ýoldaşy we taýsyz dosty bolan bedewe aýratyn hormat-sarpa goýlandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Marydaky esasy baýramçylyk dabaralary şu gün geçýän-de bolsa, Murgabyň boýundaky gadymy şäher indi birnäçe günden bäri bu wakalar bilen ýaşaýar. Şäheriň merkezinde, gaýduwsyz esger, görnükli türkmen nusgawy şahyry Mollanepesiň wepaly aty bilen bilelikde duran ýadygärliginiň ýanynda baýramçylyk konsertleri geçirildi. Her gün gezekli-gezegine bu ýerde welaýatyň ähli etraplaryndan artistler çykyş edip, ählihalk baýramynyň baş gahrymany bolan, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewini wasp etdiler.

Şu gün geçirilen at çapyşyklarynda behişdi bedewler gaýtalanmajak gözelligini, güýç-kuwwatyny we ýyndamlygyny görkezdiler. Marynyň atçylyk sport toplumynda at çapyşyklaryna atşynaslar hem, halkymyz üçin däbe öwrülen bu ajaýyp sport görnüşiniň köp sanly janköýerleri hem ýygnandylar. Stadionyň tomaşaçylar orny janköýerlerden doldy.

Ýaryşyň meýilnamasyna welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň bedewleriniň gatnaşmagynda ýetginjek çapyksuwarlaryň, uly ýaşly çapyksuwarlaryň hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda 8 çapyşyk girizildi.

1000 metr aralyga birinji çapyşykda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri bolan ýetginjek çapyksuwarlar ýaryşa goşuldylar. Ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda Daşoguz atçylyk sport toplumynyň Mähek diýen bedewini çapan B.Mämmedow ýeňiji boldy.

Soňra welaýatlaryň her birinden we Aşgabat şäherinden ussat çapyksuwarlar gezekli-gezegine 1200 metr aralyga bellenen 6 çapyşyga gatnaşdylar.

Ahal welaýatynyň bedewleriniň arasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna degişli Beglerim (çapyksuwary B.Begliýew) diýen at, Balkan welaýatynyň bedewleriniň arasynda Gaýra diýen at (“Türkmengaz” döwlet konserni, çapyksuwary I.Tirkeşbaýew), Daşoguz welaýatynyň bedewleriniň arasynda Gardaşym diýen at (Daşoguz welaýat Polisiýa müdirligi, çapyksuwary B.Berdimuhammedow), Lebap welaýatynyň bedewleriniň arasynda Keýmir diýen bedew (Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirligi, çapyksuwary M.Tejenow), Mary welaýatynyň bedewleriniň arasynda Dorbürgüt diýen at (“Marygazüpjünçilik” kärhanasy, çapyksuwary B.Agamyradow), Aşgabat şäheriniň bedewleriniň arasynda Leýlisaç diýen bedew (Türkmenistanyň Baş prokuraturasy, çapyksuwary B.Babalyýew) pellehana ilkinji bolup geldiler.

Jemleýji, 8-nji çapyşyga ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan halypa çapyksuwarlar gatnaşdylar. Olar bu ýaryşa haýsy at bilen gatnaşjakdyklaryny kesgitlemek üçin bije atyşdylar. Halypa çapyksuwarlar nesibesinden çykan bedewe atlanyp, ýaryşa goşuldylar. Şunda Mary döwlet athanasynyň Kadaly diýen aty bellenen 1000 metr aralygy 1 minut 11,1 sekuntda geçmegi başaryp, pellehana ilkinji bolup geldi.

Baýramçylyk ýaryşlarynyň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly baýraklar we sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna — ýeňil awtoulaga halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen jemleýji çapyşygyň ýeňijisi S.Kuljanow mynasyp boldy.

Baş baýragyň eýesi mynasyp bolan sylagyna buýsanýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de behişdi bedewlerimiziň dünýä derejesindäki abraýynyň has-da belende galmagyna goşant goşmakda, olary mundan beýläk-de giňden wagyz etmekde ähli ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňra dabaralar Mary welaýat kitaphanasynyň maslahatlar zalynda dowam etdi. Bu ýerde “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XIII maslahat geçirildi.

Kitaphananyň eýwanynda ýyndam bedewlere “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” ýaly we beýleki kitaplaryny bagyşlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň sergisi guraldy. Dürli daşary ýurt dillerine terjime edilen bu kitaplar giň dünýä jemgyýetçiliginiň gymmatlygyna öwrülip, ahalteke tohumly atlara bütin dünýäde gyzyklanmanyň ep-esli artmagynda ähmiýetli orun eýeledi.

Maslahatda bellenilişi ýaly, behişdi bedewleriň hakyky janköýeri we olara sarpa goýýan, ajaýyp çapyksuwar hem-de atçylyk sportuny wagyz edýän milli Liderimiziň giň gerimli tagallalary netijesinde, täze taryhy eýýamda ahalteke bedewi şu günki Türkmenistanyň esasy nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň alamatyna öwrüldi.

Halkymyz dünýä seçgiçilik sungatynyň deňsiz-taýsyz eserini bagyş etmek bilen birlikde, bu ajaýyp atlaryň tapawutly häsiýetlerini we genofonduny hemişe kämilleşdirmek bilen, gadymy tohum atlaryň arassalygyny ýüzýyllyklaryň içinden geçirip, şu günlere getirmegi başardy.

Häzir biz ady rowaýata öwrülen bedewleriň şöhratynyň täze derejede ýokary galýandygynyň şaýatlary bolýarys. Bedewler halkymyzyň buýsanjy we ylhamy, kalbynyň ganaty, bahasyz milli baýlygy bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.

Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda gadymy atçylyk sungatyny täzeden dikeltmek we ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Biziň döwrümizde zähmetsöýer seýisler beýik ata-babalarymyzyň iň oňat däplerini dowam edip, deňsiz-taýsyz tohum atlaryň arassalygyny saklamak, syna gurluşyny kämilleşdirmek hem-de gözelligiň we ajaýyplygyň nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewleriniň saýlama tohumlarynyň baş sanyny artdyrmak boýunça işleri amala aşyrýarlar.

Bu gün Türkmenistan iň häzirki zaman derejesindäki atçylyk sport toplumlaryna we merkezlerine eýedir, şolarda täze tohum atlaryny ösdürmek üçin hemme şertler döredildi. Milli at oýunlary we atçylyk sportunyň dürli görnüşleri, şol sanda konkur boýunça ýaryşlar ösüşe eýe boldy. Päsgelçiliklerden bökmek boýunça konkur ýaryşy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda uly üstünlik bilen geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamalaryna ilkinji gezek girizildi.

Çykyşlarda ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şöhratyny täzeden dikeltmek ugrunda ägirt uly tagallalaryň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidigi aýratyn nygtaldy. Döwlet Baştutanymyzyň aladalary we goldawlary bilen, milli atşynaslyk ýurdumyzyň durmuşynda mynasyp orna eýe bolup, halkymyzyň mirasyny, medeniýetini, taryhy tejribesini hem-de onuň zähmetsöýerligini, döredijilik taýdan işjeňligini we ylhamyny özünde jemledi.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy geçen ýyllarda dürli ýurtlaryň atşynaslary bilen hünär derejesinde gatnaşyk etmek üçin abraýly meýdança öwrüldi. Assosiasiýanyň agzalarynyň, behişdi bedewlere uly sarpa goýýanlaryň hem-de olaryň hakyky janköýerleriniň ylalaşykly işleri bedewleriň dünýäde ýaýraýşynyň gerimini giňeltmäge we adamzat ösüşiniň döreden ajaýyplygy hökmünde ahalteke tohum atlarynyň özboluşlylygyna hem-de ähmiýetine ählumumy ünsi güýçlendirmäge mümkinçilik berdi diýip çykyş edenler bellediler. Bu bolsa Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň esasy wezipeleriniň biridir.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hakyky ýokary göterilişi başdan geçirýän ýurdumyzyň atçylygynyň ösdürilmegini höweslendirmek maksady bilen, milli Liderimiz tarapyndan ady rowaýata öwrülen bu bedewleriň iň naýbaşysyny saýlamak ugrunda bäsleşik — diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň bahasyz gymmatlygyna öwrülen deňsiz-taýsyz bedewleriň gözelliginiň özboluşly gözden geçiriliş sergisi döredildi.

Biz täze eýýamda ajaýyp behişdi bedewleriň öçmejek şöhratynyň täze belentliklere galyp, has-da uly güýç bilen nur saçyp, halklaryň abadançylygynyň, Ýer ýüzünde dostlugyň we parahatçylygyň bähbidine beýik maksatlara tarap biziň ýollarymyza şugla saçýandygyny buýsanç bilen nygtap bileris diýlip, çykyşlarda aýratyn nygtaldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden toýlanmagy behişdi bedewlere ählihalk söýgüsiniň aýratyn ykrarnamasyna öwrüldi. Bu baýramyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmak maksady bilen, dabaraly çäreler we dürli bäsleşikler geçirilýär.

Maslahata gatnaşyjylar “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda geçirilýän dabaralaryň Diýarymyzyň atşynaslygynyň gazanan üstünlikleri bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga, özara tejribe alyşmaga hem-de daşary ýurtly kärdeşleri — assosiasiýalaryň we pudaklaýyn guramalaryň wekilleri, şeýle hem hususy atşynaslar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow