Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmen bedewiniň we türkmen alabaýynyň Milli baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakynda döwlet Baştutanynyň Permanlary
Resmi
Türkmen bedewiniň we türkmen alabaýynyň Milli baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakynda döwlet Baştutanynyň Permanlary
Çap edildi 21.04.2021
3305

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet derejesinde örän uly ähmiýet berilýär. Gözelligiň hem-de kämilligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi ahalteke bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, dünýä döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, özara bähbitli tejribeleri alyşmak boýunça köp işler ýerine ýetirilýär. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmakda we tohum arassalygyny gorap saklamakda netijeli işleri alyp barýarlar.

Atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlaryny we gazanan ýokary netijelerini, hünär ussatlyklaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly:

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Akhal-tehas» ahalteke atçylyk hojalygynyň eýesi Tito Nils Pontekorwa,

Russiýa Federasiýasynyň «Gurtbil» atçylyk hojalygynyň eýesi Mariýa Walerýewna Mosara.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň  PERMANY

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli  Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda 

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde, şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny, şol sanda atçylyk sportuny we seýislik sungatyny ösdürmekde, atlary ösdürip ýetişdirmekde, olaryň baş sanyny artdyrmakda, ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de ýokarlandyrmakda, at çapmagyň we bedewleri seýislemegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny ýaş nesle öwretmekde gazanan uly üstünlikleri we ýokary netijeleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly ady: 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň atbakary Şiraly Rahymowa,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atçylyk bölüminiň müdiri Halmyrat Begmyradowiç Babaýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady: 

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory Ahmed Amangeldiýewiç Berdiýewe,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň atly gözegçilik rotasynyň seýsi Çary Gylyjowiç Taganowa,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 57870-nji harby bölüminiň serkerdesi Gadamdurdy Kurbanowiç Musakaraýewe,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň karargähiniň atçylyk we kinologiýa gullugynyň serkerdesi Ýusupberdi Garlyýewiç Orazberdiýewe,

Balkan welaýatyndan hususy atşynas Altymyrat Hojamyradowa,

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, hususy atşynas Atabaý Amangeldiýewe,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Mary döwlet athanasynyň Lebap bölüminiň seýsi Asrar Jumakulyýewiç Ergeşowa,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Mary döwlet athanasynyň seýsi Begli Seýitmuhammedowiç Ýemreliýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň  PERMANY

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň  «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaý itini Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly ulgamlaýyn esasda saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, halk seçgiçiligini ösdürmekde we kämilleşdirmekde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy»
diýen hormatly adyny dakmaly:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Türkmen alabaýlarynyň merkeziniň müdiri Myratmuhammet Ýazyýewiç Seýidowa,

Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň gulluk itşynaslygy bölüminiň kiçi gözegçi-itşynasy Ýazmuhammet Muhammetgurbanowiç Arçynowa,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi edarasynyň baş karargähiniň Operatiw müdirliginiň atçylyk we kinologiýa bölüminiň müdiriniň orunbasary — kinologiýa bölümçesiniň serkerdesi Atahan Aşyrmyradowiç Suhanowa,

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň «Türkmen alabaý itleri» bölüminiň hasapçysy, hususy itşynas Mekanmuhammet Muhametgeldiýewiç Hanowa,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Tejenkarbamid» zawodynyň taýýar önüm sehiniň çalşyk başlygy, hususy itşynas Durdymurat Bäşimowiç Garaýewe,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe buraw işleri müdirliginiň Merkezi inžener tehnologiýa gullugynyň buraw başlygy, hususy itşynas Durdymämmet Mahmytmämmedowiç Meredowa,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyndaky 11-nji çagalar bagynyň garawuly, hususy itşynas Haldurdy Gurbanmuhammedowiç Goçowa,

Lebap welaýatyndan hususy itşynas Rahmet Ahmedkulowiç Ýuldaşewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň matematika mugallymy, hususy itşynas Atamyrat Gulmyradowiç Süleýmanowa.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň  PERMANY

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli  Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde, şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny, şol sanda atçylyk sportuny we seýisçilik sungatyny ösdürmekde, atlary ýetişdirmekde we olaryň syna gözelligini kämilleşdirmekde, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen gymmatly miras bolan türkmen atşynaslyk sungatyny gorap saklamakda we geljekki nesillere ýetirmekde, ussat atşynaslary, seýisleri we çapyksuwarlary taýýarlamakda, seýislän bedewi bilen at çapyşyklarynda we atly sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlarda ýokary ussatlygy hem-de hünäre ezberligi görkezmekde, baýrakly orunlary eýelemekde, ýaş nesillere seýisçilik sungatynyň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny öwretmekde gazanan uly üstünlikleri we halypalyk etmek işlerine goşan aýratyn saldamly goşantlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly ady:

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atly sport we atly syýahat bölüminiň seýis tälimçisi Suwhandurdy Amandurdyýewiç Kuljanowa,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atçylyk bölüminiň seýsi Derýamyrat Gurbanmyradowiç Saparowa;

«Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» 

diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň baş seýsi Kakamyrat Agamyradowa,

Aşgabat şäherinden hususy atşynas, seýis Orazguly Babalyýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
21.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine
21.04
Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
21.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.04
“Galkan” hokkeý toparynyň türgenleriniň we tälimçileriniň hormatyna dabara
top-arrow