Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmen halkynyň köpasyrlyk ynsanperwerlik, watançylyk we edermenlik däpleri baýlaşdyrylýar
Medeniýet
Türkmen halkynyň köpasyrlyk ynsanperwerlik, watançylyk we edermenlik däpleri baýlaşdyrylýar
Çap edildi 31.03.2021
9323

Şu gün paýtagtymyzda sanly ulgam arkaly “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen maslahat ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraldy.

Döwlet ösüşiniň täze tapgyrynda milli Liderimiziň öňe süren esasy wezipeleriniň hatarynda ýurdumyzyň ylmyny kämilleşdirmek, umumadamzadyň ruhy genji-hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmäge we dünýä ýaýmaga ýardam edýän halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek wezipeleri bar.

Hut şu maksatlar daşary ýurtlaryň ylmy toparlarynyň — dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan iri medeni merkezleriň we ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylarynyň, taryhçy-gündogarşynaslaryň, sungaty öwrenijileriň, dilçileriň we edebiýatçylaryň, syýasatşynaslaryň we diplomatlaryň ünsüni özüne çeken maslahaty geçirmek pikiriniň esasynda durýar.

Häzir ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk dünýäde halklaryň özara düşünişmegini goldamak, syýasy we ykdysady gatnaşyklar üçin amatly ýagdaýy döretmek babatda möhüm gural hökmünde kabul edilýär. Bu işde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň jebisleşdiriji orny aýdyňdyr. Sebitde durnuklylygyň daýanjy hökmünde çykyş edýän ýurdumyz dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojaklarynyň biri hökmünde ynsanperwer gymmatlyklaryň esasynda dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny tassyklaýar.

Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen umumy mejlisde Owganystandan, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Hytaýdan, Pakistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan bolan diplomatlar we alymlar çykyş etdiler.

Türki dilli halklar dünýä taryhynyň dowamyna ägirt uly täsirini ýetiren gadymy siwilizasiýalaryň medeni we taryhy mirasyny saklaýjylar bolup durýar. Meňzeşligini, dinini, dilini, öňki nesilleriň toplan özboluşly medeni we ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklap galan bu halklar öz şöhratly we baý mazmunly geçmişine buýsanmaga haklydyr.

Maslahata gatnaşyjylar häzir dünýäde hut medeni gatnaşyklaryň ynsan ruhuny beýgeldip, adamlary paýhasly pikirlere, diňlemek, düşünmek, dostlaşmak başarnygyna çekip bilýändigi barada birmeňzeş pikire geldiler.

2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygarynyň milletiň köpasyrlyk taryhy tejribesine, medeni däplerine, baý ruhy mirasyna hem-de umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanýan ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşiniň meýilnamasyny özünde jemleýändigi bellenildi.

Alymlaryň pikirine görä, halkara maslahat Baýram han Türkmeniň durmuş we döredijilik ýoly hakynda bilimleri we düşünjeleri artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara ylmy we medeni gatnaşyklary giňeltmäge-de uly goşant goşar.

Daşary ýurtlaryň ylmy toparlarynyň wekilleri medeni mirasy aýawly saklamak işinde tejribe alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edip, dünýäniň dürli sebitlerinde ýaşaýan türki dilli halklaryň umumy etniki, ruhy we taryhy kökleri bilen birleşendigini hem-de gatnaşyklarynyň medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýändigini bellediler.

Zehinli şahyr hem-de görnükli serkerdebaşy Baýram hana bagyşlanan çykyşlar “Orta asyrlar döwrüniň medeniýetiniň, ylmynyň, edebiýatynyň, hem-de sungatynyň adamzadyň ruhy-medeni ösüşine ýetiren täsiri”, “Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň halkara gatnaşyklardaky orny”, “Baýram han Türkmeniň edebi mirasy we milli terbiýäniň kökleri”, “Türkmen we hindi halklarynyň medeni-taryhy gatnaşyklary: çuňňur kökler we häzirki zaman mümkinçilikleri” atly bölümçelerde dowam etdi.

Ylmy çykyşlar Muhammet Baýram han Türkmeniň ömür we döredijilik ýoluna, edebi döredijiliginiň aýratynlyklaryna, filosofiýa we ynsanperwer garaýyşlaryna hem-de XVI asyrda Gündogaryň iri döwletleriniň biri bolan Beýik Mogollar imperiýasynyň jemgyýetçilik-syýasy gurluşyna degişli taryhy-edebi maglumatlara bagyşlandy.

Pikir alyşmalaryň dowamynda medeniýetleriň özara täsiri, halk däplerini, folklory öwrenmek, maddy däl ruhy mirasy aýawly saklamak bilen bagly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gündogaryň hem-de Hindistanyň köp ýerlerinde türkmenleriň we hindileriň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan taryhy-medeni gatnaşyklaryna taryhy nukdaýnazardan garalýan subutnamalary saklap galan ýylýazgylary ýatlanyp geçildi. Bu gadymy halklaryň ikisiniň medeniýetleriniň özara täsiri üçünji müňýyllykda hem üstünlikli dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem-de Hindistanyň halklarynyň Gündogarda döwlet işgäri we şahyr, serkerdebaşy hem-de akyldar hökmünde tanalýan türkmen halkynyň görnükli ogly Baýram hana buýsanýandyklary bellenildi. Baýram han orta asyr Gündogarynyň güýçli döwletleriniň biriniň — bir bitewi döwlet hökmünde kemala gelen Beýik Mogollar imperiýasynyň hatyrasyna uly işler bitirdi.

Baýram han Türkmen Beýik Mogollar döwletini dolandyranda, özüni diňe görnükli serkerdebaşy hökmünde görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, baý döredijilik mirasyny — türkmen dilinde ýazylan şahyrana eserleriň 350-sini hem-de pars dilinde ýazylan eserleriň 600-den gowragyny — joşgunly gazallary, rubagylary, kasydalary hem-de ylmyň dürli ugurlaryndaky bilimlere, şol sanda astronomiýa, lukmançylyk, hukuk ylymlaryna esaslanan “tälim beriş şygyrlaryny” ýadygärlik galdyrdy.

Çykyşlaryň agramly bölegi Baýram hanyň halkara gatnaşyklardaky diplomatik ýörelgelerine, pelsewi garaýyşlaryna, medeni diplomatiýasyna, ýaş nesilde watançylyk we belent adamkärçilik häsiýetlerini kemala getirmek işine, söýgi lirikasyna bagyşlandy.

Gadymy şäherleri öwrenmek dünýäniň Gündogary öwreniş we taryh ylmynyň derwaýys meseleleri bolup durýar. Hytaýdan başlap, Wizantiýa we Ýewropa çenli dünýäniň ençeme ýurtlaryny birleşdiren, gadymy we orta asyrlaryň esasy söwda ýollarynyň biri bolan Beýik Ýüpek ýoly Gündogaryň we Günbataryň ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde uly orun eýeledi. Şeýle hem Beýik Ýüpek ýoly dürli medeniýetleriň galtaşýan we özara täsirini ýetirýän giňişlige öwrüldi, bu bolsa dünýä siwilizasiýasynyň ösmegine ýardam etdi. Bu ýol bilen ylmy bilimler, çeper eserler, dünýä dinleri ýaýradyldy.

Maslahatda edilen çykyşlarda milli edebiýatlary, pelsepewi garaýyşlary ösdürmegiň we kemala getirmegiň, şol sanda Baýram han Türkmeniň döredijiliginiň mysalynda ösdürmegiň möhüm ugurlary beýan edildi. Görnükli şahsyýetiň eserleri ähli türki dilli halklaryň jemgyýetçilik durmuşyna oňat düşünmäge mümkinçilik berýär. Umuman, maslahata gatnaşyjylaryň köpüsi öz çykyşlaryny zehinli şahyryň goşgularyny okamak bilen başladylar.

Nesihat beriji, çagyryş aýdymlary, eposlardan aýdyşyklar we gazallar türkmeniň ençeme neslini Watana bolan söýginiň ruhunda terbiýeledi. Maslahata gatnaşyjylar Baýram han Türkmeniň edebi döredijiligini öwrenmegiň möhümdigini belläp, onuň adamzadyň uly baýlygydygy barada bir pikire geldiler.

Bu ýere ýygnananlar ata-babalarymyzyň baý ruhy mirasyny öwrenmek we dünýä ýaýmak, milli medeniýeti ösdürmäge, ylmy barlaglary işjeňleşdirmäge ýardam edýän içerki amatly syýasy ýagdaýy berkarar etmek işinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn ornuny bellediler.

Çykyş edenler türkmenleriň taryhy mirasyny öwrenmäge, parahatçylygy, dostlugy we agzybirligi pugtalandyrmagyň bähbidine halklary hem-de olaryň medeniýetlerini ýakynlaşdyrmaga ýardam edýän netijeli ylmy gatnaşyklary dowam etmegiň zerurdygyny biragyzdan nygtadylar.

“Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara onlaýn maslahatyň işiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, onda forumyň üstünlikli geçirilmegine beren goldawy hem-de türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamaga, öwrenmäge we dünýä ýaýmaga berýän ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Soňky habarlar
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
top-arrow