Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
Jemgyýet
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
Çap edildi 31.03.2021
6129

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň netijeleri jemlenildi.

Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen, Merkezi saýlaw toparynyň başlygy saýlawlary taýýarlamaga gatnaşan adamlaryň ählisine milli Liderimiziň adyndan hoşallyk sözlerini ýetirdi we olara işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Mälim bolşy ýaly, saýlawlar saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, göni däl saýlaw hukugy esasynda geçirildi.

Degişli şahsyýetnamalar gowşurylan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň saýlanylan agzalary ýakyn geljek bäş ýylyň dowamynda döwletimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe bolan milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.

Mejlisde saýlawlara syn etmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri hakynda Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň milli synçylar boýunça wekilleriniň habarlary diňlenildi. Şeýle hem raýat toparlary, dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlaryň barşyna syn etmegi bilen bagly geçirilen işler barada habar berildi.

Mejlise gatnaşyjylar milli parlamentiň hil taýdan täze iki palataly düzüminiň döredilmeginiň Garaşsyz Türkmenistanyň syýasy ösüşiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döretjekdigine ynam bildirdiler.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň üstünliklere beslenmeginiň ygtybarly binýady bolan demokratik ýörelgeleri işjeňleşdirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrülendigi nygtaldy.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň dowamynda başga-da birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Soňky habarlar
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
30.07
Durnukly ykdysady ösüş — halkyň abadan durmuşynyň kepili
top-arrow