Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aşgabat-140 ýyl: halkara derejeli sport merkezi
Jemgyýet
Aşgabat-140 ýyl: halkara derejeli sport merkezi
Çap edildi 23.03.2021
5181

Ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny hem-de Watanymyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabadyň 140 ýyllygyny giňden baýram etmäge taýýarlyk görýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik zehininiň miwesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň özboluşly nyşanyna öwrülen baky juwan, kalplary gözelligi we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýan bu şäher Türkmenistanyň iň täze taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Paýtagtymyz berkarar döwletimiziň kemala gelşiniň esasy tapgyrlaryny, rowaýatlara dolan geçmişini we şöhratly şu gününi beýan edýär.

Soňky ýyllarda işjeň syýasy, işewür, medeni we jemgyýetçilik durmuşynyň jemlenen ýeri bolan Aşgabat eziz Diýarymyzyň baş şäheri diýen belent derejesine laýyklykda, dünýä sportunyň iri merkezine hem öwrüldi. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem milli Liderimiziň başyny başlan täzeçil şähergurluşyk strategiýasy netijesinde, ýokary halkara ölçeglere laýyk derejede enjamlaşdyrylan sport we atçylyk sport toplumlary, döwrebap awtodromlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri yzygiderli guruldy, şolar dünýäniň täze çempionlaryny terbiýelemäge hem-de Olimpiýa ätiýaçlygynyň kemala getirilmegine ýardam berýär.

Aşgabatda gözümiziň alnynda kuwwatly döwrebap düzüm emele getirilip, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda biziň yssy howa şertlerimizde adaty bolmadyk görnüşleri — hokkeý we figuralaýyn typmak bilen meşgullanmak üçin hemme zerur şertler döredildi. Türkmenistanlylar sportuň bu görnüşlerini hyjuw we höwes bilen özleşdirýärler.

Has uly sport desgalarynyň hataryny örän gysga möhletiň içinde iri ugurdaş desgalar artdyrdy, şolaryň häzire çenli sebitde deňi-taýy ýokdur. Şol desgalaryň hatarynda Olimpiýa şäherçesi, Olimpiýa suw sport toplumy, Milli Olimpiýa sport köşgi, Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumy, 20 müň tomaşaça niýetlenen “Aşgabat” köpugurly stadiony hem-de beýlekiler bar. Paýtagtymyzyň bezegine öwrülen bu sport desgalary ýurdumyzyň täze sport üstünliklerine tarap ynamly gadamynyň alamatyna öwrüldi.

Ýeri gelende aýtsak, köpugurly “Aşgabat” stadiony 2012-nji ýylyň oktýabrynda ýurdumyza gelen hem-de şol döwürde Ýewropanyň Futbol assosiasiýalary birleşiginiň (UEFA) prezidenti Mişel Platininiň ýokary bahasyna mynasyp boldy. XX asyryň ady rowaýata öwrülen fransuz futbolçysy bu ajaýyp sport desgasynda netijeli türgenleşmek bilen birlikde, yklym derejesindäki iri ýaryşlary hem geçirip boljakdygyny belledi. M.Platini bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiziň sportuň ösdürilmegine işjeň gatnaşygynyň, gürrüňsiz suratda, Türkmenistany sport ýyldyzlarynyň ýurduna öwürjekdigini nygtady. Bu öňdengörüjilik bilen aýdylan sözlere öwrüldi...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşykly durmuş ugurly syýasaty netijesinde, bu gün sagdynlygyň we ruhubelentligiň mynasyp ykrar edilen ýeri — Türkmenistanda bedenterbiýä we sporta eýerýänleriň sany örän köpdür.

Köp sanly stadionlar, atçylyk sport toplumlary, awtodromlar, tennis kortlary, ýüzüş howuzlary, döwrebap sport toplumlary hemme ýerde guruldy we şeýle gurluşyklar ýene dowam edýär. Şolarda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin zerur şertler döredilýär. Bina edilýän ýaşaýyş toplumlarynda işjeň dynç almak üçin zolaklaryň we sport meýdançalarynyň göz öňünde tutulmagy döwlet Baştutanymyzyň esasy bildirýän talaplarynyň biridir.

Şahsy göreldesi ösüp gelýän nesli sazlaşykly terbiýelemekde örän uly orun eýeleýän milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda birnäçe ýyl bäri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary netijeli sporty wagyz etmek we elbetde, Türkmenistany halkara derejedäki iri sport döwleti hökmünde berkarar etmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Bu möhüm işe ýurdumyz belent ynsanperwerlik ýörelgelerini utgaşdyrýar. Bu bolsa Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy bilen birlikde, Olimpiýa hereketiniň maksatlaryna eýerilmegi bilen gönüden-göni bagly bolup, özünde belent ynsanperwer mazmuny jemleýär. Munuň özi adamlaryň mümkinçiligini has doly açmaga gönükdirilendir.

Bu sözleriň aýdyň subutnamasy hökmünde Ýer ýüzüniň iri sport ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýän ýaş zehinli türkmen türgenleriniň ençemesiniň gazanan üstünliklerini agzap bolar. Şolaryň biri 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň iň ýokary baýraklaryna mynasyp bolan Ýulduz Jumabaýewadyr.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara agyr atletika federasiýasy tarapyndan 45 kilogram agram derejesinde türgen gyzlaryň arasynda dünýä çempiony diýlip ykrar edilen bu ussat türgeni hormatlamak dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu ajaýyp ýeňiş doly kanunalaýykdyr. Ol ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge, sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmäge, adamlary sport bilen yzygiderli meşgullanmaga gönükdirilen deňi-taýy bolmadyk döwlet syýasatymyzyň netijesidir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sport taryhyna şanly sahypalaryň az ýazylmandygyny, şöhratly agyr atletikaçymyz, dünýäniň we Ýewropanyň üç gezek çempiony, Aziýanyň çempiony Altymyrat Orazdurdyýewi ýa-da görnükli türgen, döwrüniň iň meşhur mergeni hem-de Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi, nyşana ok atmakda köp gezek dünýäniň we Ýewropanyň rekordsmeni Marat Nyýazowy buýsanç bilen belledi. Häzir olar ýurdumyzyň sport abraýyny gorap, uly nesilleriň ýeňişli ýoluny mynasyp dowam edýän ýaş türgenlerimiz üçin görelde mekdebidir.

Milli Liderimiz türgen gyza Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň altyn medallaryny gowşuryp, Bitarap Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny halkara sport ýaryşlarynda mundan beýläk-de belentde parlatjakdygyna ynam bildirdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly dabara gatnaşyjylara goşulan, Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) prezidenti doktor Maýkl Irani hem-de Halkara agyr atletika federasiýasynyň baş sekretary, Aziýanyň agyr atletika federasiýasynyň birinji wise-prezidenti Mohammed Jalud Türkmenistanda sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda agyr atletika sportuny ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edýän tagallalaryna ýokary baha berdiler we türkmen türgenlerine halkara ýaryşlarda mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.

Häzir dünýäde sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm düzüm bölegi, ussatlygy bilen Olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryny tassyklaýan türgenler bolsa parahatçylygyň ilçileri hasaplanylýar. Hut şoňa görä-de, halkara derejeli ökde türkmen türgenlerini, ussat tälimçileri we beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak şu ýylyň ýanwar aýynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanylan «2021 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», beýleki döwlet maksatnamalarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň gerimli özgertmeler işinde bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, Türkmenistany iň ýokary halkara derejeli ýaryşlary geçirip bilýän iri sport döwletine öwürmegi maksat edip goýdy.

Türkmenistan Halkara Olimpiýa hereketiniň hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) agzasy bolmak bilen, halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşandyny goşýar. Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti bolup durýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň ösdürilmegine goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin AOG-niň ýokary sylagyna — Hormat ordenine mynasyp boldy.

2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň — şeýle wekilçilikli derejedäki ýaryşlaryň Merkezi Aziýanyň taryhynda ilkinjisiniň geçirilmegi barada Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan taryhy çözgüdiň kabul edilmegi halkara sport jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistana bolan ýokary ynamyň, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de wagyz etmek işinde ýurdumyzyň we milli Liderimiziň hyzmatlarynyň, halkara sport hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşandyň ykrar edilýändiginiň nyşany boldy. Ajaýyp üstünlige beslenip geçen “Aşgabat — 2017” oýunlary ýurdumyzyň bu abraýa doly mynasyp bolandygynyň subutnamasyna öwrüldi.

“Saglyk. Ruhubelentlik. Dostluk” diýen şygar astynda geçen Aziadanyň tapawutly aýratynlygy Aziýanyň 45 ýurdy bilen bir hatarda, ýaryşlara ilkinji gezek Okeaniýanyň 19 döwletinden türgenleriň gatnaşmagyndan ybarat boldy. Oýunlaryň şeýle görnüşde geçirilmegi dünýäniň sport hereketiniň taryhynda täze sahypany açyp, Ýer ýüzüniň dürli böleklerinde millionlarça adamlaryň bähbitlerine bu hereketiň giňeldilmegine we pugtalandyrylmagyna ýardam berdi. Milli ýygyndymyz bu abraýly ýaryşlarda çykyş edip, umumy toparlaýyn hasapda birinji orny eýelemek bilen, Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp gorady.

40-a golaý desgany özünde jemleýän paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesi Aziýanyň oýunlarynyň geçirilen ýeri boldy.

Bu sport toplumynyň oýlanyşykly gurlandygyna we onuň yglan edilen Olimpiýa derejesine kybap gelýän ýokary derejede enjamlaşdyrylandygyna Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah hem ýokary baha berdi. AOG-niň ýolbaşçysynyň Türkmenistana saparlarynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyklarynyň dowamynda nygtaýşy ýaly, ol şeýle derejeli we iri möçberli Olimpiýa şäherçesini ilkinji gezek görýär we şunda zerur bolan ähli desgalar — sport desgalary-da, saglygy goraýyş, tehniki, medeni we ýaşaýyş toplumlary-da ýerlikli ýerleşdirilipdir.

Şu ýerde Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň birbada ikisiniň — dünýäde üsti ýapyk suwda ýüzülýän iň uly howuz hökmünde sportuň suw görnüşleriniň merkeziniň hem-de Olimpiýa stadionyny bezeýän atyň şekiliniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini belläp geçmek ýerlikli bolar.

“Aşgabat — 2017” oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň 21 görnüşi girizildi. Aziadanyň maksatnamasyna ilkibaşdan girizilen 19 görnüşine goşmaça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen milli göreş we konkur ýaryşlaryň sanawynyň üstüni ýetirdi. Bu bolsa türkmen göreşiniň we atly sportuň däplerini dünýä giňişliginde ösdürmekde taryhy ädim boldy.

Mälim bolşy ýaly, Aziada taýýarlyk görmegiň çäklerinde, 2016-2017-nji ýyllarda AOG-niň talaplaryna laýyklykda, Olimpiýa şäherçesinde synag ýaryşlary — sambo, türkmen milli göreşi we guşakly göreş, jiu-jitsu boýunça Aziýanyň çempionatlary, tennis, ýeňil atletika, basketbol we suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryşlar guraldy. Ähli ýaryşlarda ýurdumyzyň ýygyndy toparlary umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler.

Ýurdumyz abraýly ýaryşlary guraýjy hökmünde iň ýokary halkara derejedäki sport ýaryşlary kabul edip bilýän sport döwleti derejesinde eýeleýän ornuny berkitdi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda geçirilen Amul — Hazar halkara awtoralli ýaryşy hem-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanyň sport abraýynyň has-da artmagyna ýardam edip, türkmen we dünýä sportunyň taryhyna täze ajaýyp sahypalary ýazdy.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda sport ulgamynyň kuwwatyny artdyrmak, ugurdaş köpugurly düzümleri döretmek boýunça giň gerimli işler doly güýjünde alnyp barylýar. Ine, 2012-nji ýylda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň ýanynda bina edilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň hem-de Olimpiýa ätiýaçlygy mekdebiniň täze binalary Aşgabadyň gaýtalanmajak binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşdy. Bu binalar türkmen sportunyň derejesini täze belentlige çykarmaga, Watanymyzyň sport abraýyny has-da artdyrmak işine mynasyp goşant goşjak ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga niýetlenen ojaklardyr. Şol ýyl hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi döredildi.

2020-nji ýylda bu ministrligiň täze dolandyryş binasy, şeýle hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binasynyň açylyş dabaralary boldy. Şolarda Olimpiýa we Aziýa oýunlaryna, beýleki iri halkara ýaryşlara türgenleri taýýarlamak işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Umuman, bularyň ählisi Halkara Olimpiýa komitetiniň talaplaryna kybap gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini aýtmaga mümkinçilik berýär.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi baýram etmek hakynda ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi hem ählumumy rowaçlygyň, parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan sport diplomatiýasynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan biragyzdan goldaw tapýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

2018-nji ýylda bu halkara baýram mynasybetli Aşgabatda dünýä rekordy hökmünde hasaba alnan “Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy” guraldy. Şondan bir ýyl soň, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde 2019 adamyň gatnaşmagynda “Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş” geçirildi. Bu hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 2020-nji ýyl 12 kilometrlik welosipedli ýörişden başga-da, Aşgabadyň täze gözelligine öwrülen belent “Welosiped” binasynyň açylmagy bilen ýatda galdy.

Ýurdumyz we paýtagtymyz üçin “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen çuňňur özboluşly şygar astynda geçýän şanly 2021-nji ýyl dünýä sportunyň taryhyndaky nobatdaky möhüm wakalara beslener. Aşgabat Aziýanyň we Okeaniýanyň IV topar zolagynda Dewisiň Kubogy ugrunda tennis boýunça halkara ýaryşyň saýlama tapgyryna hem-de Welotrek boýunça dünýä çempionatyna köp sanly gatnaşyjylary kabul eder. 2022-nji ýylda bolsa Türkmenistanda Sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Öňde boljak bu ýaryşlar ýene-de bir ajaýyp sport baýramçylygyna öwrülip, halkara Olimpiýa hereketiniň döredijilik we ynsanperwer maksatlaryna doly kybap gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge hem-de Watanymyzda we halkara derejede sport merkezi hökmünde gözel paýtagtymyz Aşgabadyň abraýyny has-da belende götermäge ýardam eder.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow