Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ahalteke bedewlerimiziň dünýä dolan şöhraty milletimiziň buýsanjydyr
Jemgyýet
Ahalteke bedewlerimiziň dünýä dolan şöhraty milletimiziň buýsanjydyr
Çap edildi 23.03.2021
4622

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Bedew batly öňe barýar Arkadagly Türkmenistan!” atly çäre geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň önümçilik-atçylyk bölüminiň uly atbakary N.Rahymowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan döwlet sylagyny hem-de Şa serpaýyny gowşurmak dabarasy boldy. Düýn milli Liderimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ussat atbakara “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly at dakyldy.

N.Rahymow mynasyp bolan sylag-serpaýlaryny buýsanç duýgusy hem-de tolgunma bilen kabul edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tutanýerli zähmetine beren ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewlerimiziň dünýä dolan şöhratyny artdyrmaga hem-de tohum aýratynlyklaryny kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň seýisleriniň mynasyp neslini ýetişdirmäge geljekde hem önjeýli goşandyny goşjakdygyna ynandyrdy.

Şu günki dabara ýurdumyzda öz işini birkemsiz ýerine ýetirýän, güýç-gaýratyny, ussatlygyny, bilim-başarnygyny ajaýyp ahalteke bedewlerimizi ösdürmäge sarp edýän adamlara aýratyn üns we hormat bilen garalýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bellenilişi ýaly, behişdi bedewlerimiziň hakyky muşdagy, at münmegiň ajaýyp ussady hem-de atçylyk sportuny wagyz edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, täze taryhy döwürde ahalteke bedewi okgunly ösýän Türkmenistanyň baş nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň dowamly arabaglanyşygynyň beýanyna öwrüldi.

Diýarymyzda ençeme asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip gelinýän gadymy seýisçilik sungatyny dikeltmek we kämilleşdirmek boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Bu günki günde seýisler milli atşynaslyk sungatynyň iň gowy däplerini mynasyp dowam etmek bilen, gözelligiň we ajaýyplygyň beýany bolan ahalteke bedewlerimiziň tohum arassalygyny aýawly saklamak, beden gurluşyny kämilleşdirmek hem-de baş sanyny artdyrmak boýunça uly işleri alyp barýarlar.

Biz bu gün ady rowaýata öwrülen bedewleriň şan-şöhratynyň belende galmagynyň şaýatlary bolup durýarys, olar aýratyn buýsanjyň we ylham-joşgunyň beýany, türkmen halkynyň göwün ganaty, milli baýlygy hasaplanýar.

Zehinli atbakarlaryň tutanýerli zähmeti we aladasy bilen kemala getirilen ýelden ýüwrük, gözel, kämil hem-de asylly bedewlerimiz, sözüň doly manysynda, Watanymyzyň okgunly ösüşiniň, öňe, rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly gadamlarynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Ady rowaýata öwrülen Ýanardagyň şekiliniň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Döwlet tugrasyny bezemegi tötänden däldir. Hut ahalteke bedewi 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hem esasy nyşany boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp bedewlerimize uly söýgi bilen garaýşy, olara dynç alýan wagtynyň pursatlaryny bagyşlap, öz edebi eserlerinde beýan edişi hemmämize mälimdir, munuň özi ahalteke bedewlerimiziň şöhratyny has-da belende galdyrýar. Milli Liderimiz işden boş wagtlary bedewler bilen yzygiderli didarlaşýar, gezim edýär.

Ine, ýakynda, 22-nji martda hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde milli Liderimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Ony milli Liderimiziň hut özi seýisläp ýetişdirdi.

Eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň ýyl ýazgysyna girizilmäge mynasyp bu wakanyň çuňňur manysy bardyr, çünki ol täze durmuşda dikeldilýän iň gowy milli däpleriň dowamlylygyny alamatlandyrýar. Döwlet Baştutanymyz ak mermerli paýtagtymyzyň ýetip gelýän 140 ýyllygynyň hormatyna Akhanyň we Lälegyzyň taýyna Aşgabat diýip at goýdy.

Mälim bolşy ýaly, şöhratly Gyrsakaryň ugruna degişli Akhan ýyndamlygy, gözelligi bilen ahalteke bedewleriniň şanyna şan goşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Akhan bilen eziz Diýarymyzyň birnäçe toý-baýramlaryna, şol sanda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy.

Ady belli Akhan dünýä taryhynda hem görnükli yz galdyrmagy başardy. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Akhanyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakyldy. 2018-nji ýylda bolsa Akhan çarpaýa galyp, artky aýaklarynyň üstünde ýöremekde 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçip, bäsleşigiň bu görnüşi boýunça dünýä rekordyny täzeledi.

“Bedew batly Türkmenistan” atly edebi aýdym-sazly kompazisiýa “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen aýdym, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýelden ýüwrük bedewlerimize bagyşlanan goşgulary, Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň hem-de ençeme beýleki sahna ussatlarynyň çykyşlary girizildi.

Belli artistler, sungat işgärleri, ýazyjylar we žurnalistler, şeýle hem atşynaslar öz çykyşlarynda Diýarymyzyň atçylyk pudagynyň ösdürilmeginiň ygtybarly binýadyny goýan hem-de türkmen bedewleriniň şöhratyny dünýä ýaýýan, ýurdumyzyň atşynaslyk däpleriniň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän milli Liderimize çäksiz hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Mälim bolşy ýaly, döwletimiz bu pudagyň ösdürilmegine ägirt uly serişdeleri goýberýär. Bu maýa goýumlar halkara ölçeglere laýyk gelýän häzirki zaman düzümleriniň döredilmegine, bar bolan maddy-enjamlaýyn binýadyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna, ylmy barlaglaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyna, tohumçylyk-seçgiçilik işleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Bu işler degişli ugurda milli gazanylanlary hem-de iň gowy dünýä tejribesini ulanmak, ýokary derejeli hünärmenleri — seýisleri, çapyksuwarlary, seçgiçileri, weterinarlary we beýlekileri taýýarlamak arkaly alnyp barylýar.

Dünýäniň hiç bir ýerinde bedewe biziň ýurdumyzdaky ýaly sarpa goýulmaýar hem-de olar bilen belent taglymatlar, garaýyşlar we arzuwlar baglanyşdyrylmaýar. Ahalteke bedewi türkmenleriň ygtybarly dosty hem-de hemrasy, buýsanjyň hem-de söýginiň nusgasy bolmak bilen, müňýyllyklaryň dowamynda biziň halkymyzyň kalbynda iň inçe duýgulary hem-de belent ylhamy oýarýan, onuň ösüşlere bolan maksatlaryny emele getirýän aýratyn ajaýyplyk bolup gelipdir.

Umumy ykrar edilişi ýaly, bedewleri kämilleşdirmek boýunça milli mekdebimiziň aýratyn tapawudy türkmenleriň atlaryna diňe bir tälim bermän, eýsem, olary ynsana bolan ynam we ysnyşmak ruhunda ösdürip ýetişdirmeginde jemlenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen hem-de abraýly halkara festiwallarda we bäsleşiklerde ýokary sylaglara, baýraklara mynasyp bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä meşhurlygy şol sözleriň subutnamasydyr.

Türkmen jigitleriniň baş öwredilen ajaýyp atlary bilen özara düşünişmeginiň netijesinde, ençeme ýurtlaryň tomaşaçylaryny özüne bendi eden bu topar dünýäde iň gowy atçylyk-akrobatika toparlaryň biri hasaplanylýar.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, behişdi bedewlerimiziň dünýä dolan şöhraty görlüp-eşidilmedik derejede belende galdy. Edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, tutuş ýurdumyz boýunça döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilmegi aýdylanlaryň subutnamasydyr.

Däp bolşy ýaly, şol senä bagyşlanyp, atlaryň halkara gözellik bäsleşigi, behişdi bedewleriň gaýtalanmajak tebigy gözelligini ýokary çeperçilik taýdan beýan etmek ugrunda medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarkalar, ylmy maslahatlar, at çapyşyklary hem-de arassa ganly bedewleriň sergileri geçirilýär.

Ýeri gelende ýatlasak, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen şu şanly ýylda Türkmen bedewiniň milli baýramy ilkinji gezek Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde belleniler. Munuň özi şöhratly ata-babalarymyzyň dünýä peşgeş beren gymmatlyklarynyň uly ähmiýetini görkezýär.

Türkmen halkynyň özboluşly baýlygy we buýsanjy hasaplanylýan ahalteke bedewiniň şanyna şu günki dabaranyň öň ýanynda ýörite sergi guraldy. Onda amaly-haşam, nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk eserleri, neşir önümleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň bedewlere bagyşlanan kitaplary görkezildi.

Meşhur ata-babalarynyň şöhratly ýoluny dowam etjek Aşgabat atly taýyň dünýä inmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Ak şäherim Aşgabat” atly goşgyny ýazmaga ruhlandyrdy. Milli Liderimiz bu goşgyny ak mermerli paýtagtymyzyň taryhyna we gazanan üstünliklerine bagyşlanan “Aşgabat” atly täze kitabynda ýerleşdirmegi makul bildi.

Merkezi Aziýanyň merjen şäherine bolan söýgini wasp edýän şahyrana setirleriň döwlet Baştutanymyzyň agtygy Kerim Berdimuhamedowyň sazy esasynda ajaýyp aýdyma hem-de bahar baýramynyň belent senasyna öwrülendigini bellemek gerek.

Dabara tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli mirasymyzyň aýawly saklanylmagy we baýlaşdyrylmagy ugrunda edýän tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi. Ýelden ýüwrük ahalteke bedewi — türkmen seýisleriniň asyrlaryň dowamynda kemala getiren sungaty bolsa şol mirasyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow