Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy» neşiriniň nobatdaky sany çapdan çykdy
Jemgyýet
«Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy» neşiriniň nobatdaky sany çapdan çykdy
Çap edildi 18.03.2021
4253

Dowamly çap edilýän «Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy» neşiriniň 13-nji goýberilişi çapdan çykdy, onda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar bilen geçirilen 2019-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli syýasy we guramaçylyk işini açyp görkezýän wakalar beýan edilýär.

Neşiriň nobatdaky sany “Türkmenistan — oňyn ösüşler ýurdy” atly syn makalasy bilen açylýar, onda degişli döwürde ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, tebigy serişdeleri özleşdirmek, dünýä ähmiýetli ulag geçelgelerini döretmek babatynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygy bellenilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda durmuş hem-de önümçilik maksatly köp sanly desgalar ulanmaga berildi. Bagtly maşgalalaryň müňlerçesi ähli amatlygy bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny alyp, jaý toýuny tutdular, täze iş orunlary döredildi.

Ulanmaga berlen iri desgalaryň hatarynda Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýäde ýeke-täk zawody aýratyn bellemek gerek. Şol ýyl sebitlerde döwrebap obalaryň we şäherçeleriň gurluşygyna hem badalga berildi, Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna tapgyrlaýyn girişildi, ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyna başlanyldy. «Altyn asyr» Türkmen kölünden uzak bolmadyk Ak ýaýla suw howdanynyň ýakalarynda durmuş we önümçilik maksatly düzümleýin toplum döredilýär.

Bu möhüm taslamalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda has anyk beýanyny tapan durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisi ýylyň esasy jemgyýetçilik-syýasy wakalarynyň biri boldy, onda kanunçykaryjy wekilçilikli häkimiýet edarasynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenildi. Ýurdumyzyň iki palataly kanunçykaryjy ulgama geçirilmegi baradaky çözgüt her bir raýatyň hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny kepillendirmek üçin demokratik özgertmeler ýolunda uly mümkinçilikleri açdy.

Ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň we netijeli strategiýasynyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolmagy, şeýle hem 2019-njy ýylyň 7-nji maýynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşinde Türkmenistany 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2020 — 2024-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň, 2020 — 2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlamak baradaky çözgüdi türkmen diplomatiýasynyň uly ýeňşini alamatlandyrdy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasy ugrunyň doly kanunalaýyk netijesidir.

Ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi, GDA ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, GDA döwletleriniň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy, GDA ýurtlarynyň saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça XXIX forumy, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabat sammiti ýylyň möhüm wakalarydyr.

Şonuň bilen birlikde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň we onuň çäklerinde guralan Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň, «Türkmen sährasy — 2019» halkara awtosergisiniň, Hazarýaka döwletleriň ykdysadyýet we ulag ministrleriniň hem-de telekeçileriniň duşuşyklarynyň ähmiýeti nygtalýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda halkymyzyň baý milli mirasyny, taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini dikeltmek, gorap saklamak hem-de giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu ugurdaky netijeli işleriň aýdyň subutnamalarydyr.

2019-njy ýylyň wakalary hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň, asylly taglymlarynyň, ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, Watanymyzyň abadançylygynyň, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine täzeçil pikirleriň durmuşa ornaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Strategik ähmiýetli täzeçil pikirlere, döredijilik taglymlaryna, ýokary guramaçylyk we döredijilik zehinine eýe bolan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraplaýyn işlerine bagyşlanan neşiriň nobatdaky goýberilişinde döwürleýin tertipde döwletimiziň iň täze taryhynyň ösüş ýoly beýan edilýär. Neşirde beýan edilýän maglumatlar milli Liderimiziň kabul edýän paýhasly we oýlanyşykly çözgütleriniň halkymyzyň ynamyna hem-de tutanýerli zähmetine daýanýandygyny, demokratik özgertmeleriň, ykdysadyýet, durmuş, ylym-bilim ulgamlaryndaky ösüşlere utgaşýandygy görkezilýär.

Neşir okyjylara ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji daşary syýasy ugry hem-de hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň halkara giňişlikde abraýynyň belende göterilmegine goşýan ägirt uly goşandy baradaky gyzykly makalalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň köp sanly binagärlik-gurluşyk desgalarynyň, täze senagat toplumlarynyň, durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşyşy baradaky habarlar okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döredýär, munuň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylýandygynyň, halkymyz, onuň maddy abadançylygy baradaky aladanyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň mysallarydyr.

2019-njy ýyl Bitarap Türkmenistanyň taryhyna durmuş-ykdysady ösüşinde we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagy babatynda uly üstünlikleriň gazanylan döwri hökmünde girdi. Biziň ýurdumyz saýlap alan bitarap ösüşiniň nusgasynyň netijeliligini subut etmek bilen birlikde, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi we abadançylygy pugtalandyrmaga, dünýä möçberindäki töwekgelçilikleriň we wehimleriň öňüni almaga gönükdirilen möhüm syýasy, ykdysady hem-de ekologiýa başlangyçlaryny öňe sürdi. Bu gün Türkmenistan öňdebaryjy ýurduň abraýyna, parahatçylygy dörediji döwlet derejesine eýe boldy.

Umuman, geçen wakalar milli Liderimiziň başlangyjy boýunça parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýolunda ynamly gadam urýan Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ägirt uly gerime eýedigini äşgär etdi.

“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy” neşiriniň 13-nji goýberilişi Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan çapa taýýarlanyldy. Neşir publisistik häsiýete we ylmy aň-bilim ähmiýete eýedir. Watanymyzyň iň täze taryhy boýunça taýýarlanan giňişleýin maglumatlar alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň we umumybilim berýän mekdepleriň mugallymlary, talyplar, jemgyýetçilik-syýasy işgärler üçin ylmy-amaly babatda aýratyn ähmiýetlidir.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow