Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar
Resmi
Resmi habarlar
Çap edildi 12.02.2021
7059

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Altyn kölüň kenarynda häzirki zaman dynç alyş zolagyny döretmek, bu zolakda ekologiýa şertlerini has-da gowulandyrmak, kölüň kenaryny şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly ýerleriň birine öwürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde Altyn kölüň kenarynda 2021-2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagyny gurmak bellenildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligine:

degişli binalary we desgalary gurmak boýunça potratçylary saýlap almak üçin bäsleşikleri geçirmek;

Altyn kölüň kenarynda guruljak dynç alyş zolagynyň baş meýilnamasyny üç aý möhletde işläp düzmek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe "Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda" bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurduň innowasion ösüşinde hususy pudagyň paýyny artdyrmak, bazar gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmek, döwletiň we hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek arkary döwletiň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek hem-de ykdysadyýetiň durnukly ösmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýa hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Strategiýanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

***

“Işiň aýry-aýry görnaşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna we “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran 1771-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny dowam etdirmek,Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, bilimlere we innowasialara daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýlary özünde jemleýän, ykdysadyýetiň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatynda diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar ykdysadyýetiniň özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, sebitleýin maýa goýum işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy tassyklanyldy.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Maksatnamanyň bellenen möhletlerde talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

***

Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini, XVIII-XIX asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini ylmy esasda öwrenmek, onuň döredijiliginiň türkmen, şol sanda tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny döwrebap sanly tehnologiýalaryň üsti bilen açyp görkezmek, şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek hem-de beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde mynasyp bellemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede guramaçylykly belleniler. Şeýle hem resminama bilen bu senäni bellemek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

***

2021-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň "Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" diýip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly baýramçylyk çärelerini halkara derejesinde guramaçylykly geçirmek, döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň "Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" diýip yglan edilmegi mynasybetli dabaralaryň we çäreleriň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň "Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" diýip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasy, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda ýaýbaňlandyrmak boýunça geçiriljek çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

***

“Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçiün Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, döwletimiziň ykdysadyýetiniň önümçilik we eksport mümkinçiliklerini ösdürmek, ýurtda öndürilen harytlaryň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukuplylygyny ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň ykdysadyýetinde işewürlik gurşawyny we maýa goýum ýagdaýyny has-da kämilleşdirmek, milli ykdysadyýetiň oňyn töleg we söwda deňagramlylygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda. Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasy tassyklanyldy.

Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna şu Strategiýada bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek hem-de “Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky “eksport-import amallary üçin bir penjire” atly 2021-2023-nji ýyllar üçin Taslama resminamasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda. “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döredildi hem-de bu toparyň düzüni, topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda

2021-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň şol sanda:

ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine 10 million düýp nahalyň;

welaýatlaryň häkimliklerine 20 million düýp nahalyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Şeýle hem resminama bilen Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek hem-de şolaryň ekilişine we ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak, etraplarda we şäherlerde durmuş, ykdysady we medeni ugurlarda gowy netijeleriň gazanylmagyny hem-de döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-njy ýylyň 7-nji fewralynda çykaran 1196-njy Buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby 2020-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi we S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy.

Türkmenistanyň Merkezi banky görkezilen pul baýragyny Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden bölüp bermäge borçly edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak, ýurduň sebitlerini durnukly ösdürmek, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda 2021-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşik yglan edildi.

Şeýle hem resminama bilen 2021-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemek boýunça Topar döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.

Topar welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda yglan edilen bäsleşikde her welaýatda iň ýokary netijeleri gazanan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri, olaryň arasyndan bolsa Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemäge borçly edildi.

Yglan edilen bäsleşikde Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrabyň ýa-da etrap hukukly şäheriň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak bellenildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň sany, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi, Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyklykda, ýurduň suw serişdelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak maksady bilen, 2021-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberleri tassyklanyldy.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow