Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen himiýaçy – alymlarynyň ýurdumyzyň derman önümçiligine goşandy
Jemgyýet
Türkmen himiýaçy – alymlarynyň ýurdumyzyň derman önümçiligine goşandy
Çap edildi 29.01.2021
14212

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmyň önümçilige işjeň goşulmagy babatynda öňde goýan wezipeleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň himiýa institutynyň alymlarynyň işleriniň netijesinde öz beýanyny tapýar. Ylmy-barlag instituty Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda himiýa ylmyny we tehnologiýalary toplumlaýyn ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň çäklerinde öz işlerini amala aşyrmak bilen ýurdumyzyň lukmançylyk senagatyna uly goşant goşýar. Himiýa instituty ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň arasynda ilkinji bolup, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan doly hojalyk hasaplaşygyna geçdi. Degişlilikde, onuň ähli bölümleri buýurmalary we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň hasabyna öz-özüni üpjün etmäge geçirildi. Häzirki wagtda institutyň alymlary tarapyndan ýurdumyzyň çäklerinde ýokanç keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, zyýansyzlandyryş serişdelerini işläp taýýarlamak işjeň alnyp barylýar. Ýerli çig malyň esasynda netijeli zyýansyzlandyryş serişdeleriniň görnüşlerini giňeltmek boýunça işleriň çäklerinde hünärmenler mis kuporosyny ulanylýan tehnologiýany hödürlediler. Bu önümi almak üçin olar “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň mis, kükürt turşusy, ammiak selitrasy garyndylaryny ulandylar. Döwlet arassaçylyk – epidemiologiýa gullugynyň jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde misiň dürli möçberdäki birleşmeleriniň ergininiň kömelejiklere garşy, fungisit we bakteriýalara garşy häsiýetleri boýunça barlaglar geçirildi. Barlaglaryň netijeleri mis kuporosynyň 0,75 göteriminden başlaýan erginleriň bakteriýalaryň ençeme görnüşlerini ýok edýändigini görkezdi. Häzir Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty tarapyndan işlenip taýýarlanylan tehniki şertleriň we reglamentiň esasynda mis kuporosynyň önümçiligi “Sahy doganlar” hususy kärhanasynyň önümçiliginde ornaşdyryldy. Mis kuporosynyň örän möhümdigine baha bermek kyn. Ol ykdysady we ylmy taýdan ýokary derejede ösen ýurtlarda ulanylýar. Saudgempton uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) alymlarynyň ylmy-barlag işleri misiň ionlarynyň dümewiň A görnüşiniň, şonuň ýaly-da HINI-niň wirusyny ýok etmekde oňyn netije berýändigini subut etdi. Misiň häsiýetleriniň barlaglary Daniýanyň we Russiýanyň hünärmenleri tarapyndan hem öwrenilýär. Türkmen alymlarynyň belleýşi ýaly, mis kuporosy ekologiýa taýdan arassadyr hem-de oba hojalygynda, gurluşykda we derman senagatynda ulanylýar. Ol kömelejiklere garşy iň netijeli we gymmat bolmadyk serişdedir. Kuporos arkaly zyýansyzlandyryş serişdeleri üçin barmasy kyn bolan ýerleri işläp geçmek bolýar. Misiň sulfaty 25-30 günüň dowamynda öz täsirini ýitirmeýär. Tebigy serişdeleri bejergide ulanmak, daşky gurşawy goramak, ekologiýa taýdan arassa, galyndysyz tehnologiýalary döretmek ulgamlaryndaky döwrebap ylmy barlaglaryň orny aýdyňdyr. Mysal hökmünde çakyr we şeker önümçiliginiň galyndylaryndan izopropil spirtini (izopropanol-2) - organiki birleşmäni almagyň tehnologiýasyny görkezmek bolar. Türkmen himiýaçylary izopropil spirtiniň önümçiligi üçin ýerli çig maly ýurdumyzyň çakyr öndürýän kärhanalarynda distillýasiýa hereketinde alynýan siwuş ýaglaryny ulandylar. Izopropil spirti güýçli antiseptik häsiýetine eýe bolup, etil spirtiniň ornuny tutýar. Ol lukmançylykda, kosmetologiýada, durmuş himiýasynda we beýlekilerde ulanylýar. Institutyň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, siwuş ýaglary gaýtadan işlenilende hem-de bugardylanda ýene-de birnäçe peýdaly himiki birleşmeleri – hloryň ornuny tutup biljek güýçli zyýansyzlandyryş serişdelerini almak mümkin. Häzirkizaman ylmy öýlerde üzärlik tütetmegiň gadymy tejribesiniň netijeliligi tassyklandy. Ol ylym dünýäsinde “peganum harmala” ady bilen bellidir. Ösümligiň biologiki aýratynlyklary, himiki düzümi we ulanylyşy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” ensiklopediýasynda jikme-jik beýan edilendir. Maglumatlar üzärligi tüsseletmegiň adam saglygyna howply bakteriýalaryň ösüşini ýok edýändigini tassyklaýar. Ösümlik öz düzüminde alkaloidleri – çylşyrymly birleşmeleri sintezirleýär we saklaýar. Üzärlik ägirt uly fizologiýa işjeňligine eýe bolup, bedene güýçli täsir edýär. Hut şonuň üçin Himiýa institutynyň alymlary üzärligiň bejeriş – öňüni alyş briketlerini döretmegiň usulyny işläp düzdüler. Ol Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik baradaky döwlet gullugy tarapyndan berlen, “Briketlemegiň usullary (Pengamin harmala) ” 831 belgili ygtyýarnama bilen berkidildi. Hünärmen - himikler tarapyndan ýerli çig malyň esasynda alnan zyýansyzlandyryş serişdeleriniň hatarynda “Ýodomal” dermany hem bar. Azyklyk krahmaly eretmek arkaly döredilen ýokary molekulýar birleşmesi özüniň häsiýetleri boýunça poliwinil spirtinden kem durmaýar. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň döwlet arassaçylyk – öňüni alyş gullugynyň jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi tarapyndan geçirilen barlaglar “Ýodomalyň” hem-de ”Ýodinolyň” howa-damja, içege we şertli ýokançlar babatynda netijeliligini, şonuň ýaly-da, bakteriýalara garşy we fungisid häsiýetlerine eýedigini görkezdi. Ýurdumyzyň hünärmenleri tarapyndan alnan antiseptik serişde ýoduň bedeniň derileri bilen özara hereketini artdyrýar hem-de derini gyjyndyrmaýar. Türkmen alymlary galyndysyz we ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň alternatiw çeşmelerini öwrenmek bilen, ýurdumyzyň derman senagatynyň ösmegine uly goşant goşýarlar, importyň möçberlerini azaltmak hem-de eksport mümkinçiliklerini açmak maksady bilen ýerli serişdeleriň esasynda täze serişdeleriň üstünde işleýärler. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de Aşgabadyň 140 ýyllygyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “ýaşyl” diplomatiýasyna bagyşlanan monografiýany taýýarlaýarlar. Bu diplomatiýanyň üstünligi bolsa ilatyň saglygyny goramagyň hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygynda aýdyň görünýär.

Soňky habarlar
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
16.04
Halkymyzyň döredijilik kuwwaty — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
16.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 2-nji tapgyryň netijeleri
top-arrow