Milli saglygy goraýyş ulgamynyň kuwwatyny artdyrmagyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ilatyň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de olary aradan aýyrmak, arassaçylyk –epidemiologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen “Sputnik V” sanjymyny Merkezi Aziýada bellige alan ilkinji döwlet boldy. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi degişli şahadatnamany gowşurdy.
Şunuň bilen baglylykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýygnak geçirildi. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde, Russiýa, ABŞ, Germaniýa, Awstriýa,Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Türkiýe, Belarus, we beýleki döwletler bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň barha pugtalandyrylýandygy nygtaldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Lukmançylyk diplomatiýasy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Munuň özi bu möhüm ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam etmelidir.
Türkmenistan hut şu ulgamda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hem-de BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen gatnaşyklary pugtalandyryp, lukmanlaryň hyzmatdaşlygyny ilerletmekde, adamlaryň saglygyny goramak meselelerini çözmekde netijeli çäreleri işläp taýýarlamakda, howply ýokanç keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek ulgamynda ylmy-maglumatlary alyşmakda baý tejribe toplady.
“Saglyk” döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylan ýyllarynyň dowamynda jemgyýetçilik saglygy goraýşynyň dürli ugurlary boýunça bilelikdäki maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirildi, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri bolsa halkara güwänamalary bilen bellenildi.
Türkmenistan belli bir aralygyň saklanylmagyny üpjün etmekden, lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmakdan, beýleki şahsy gorag serişdelerini ulanmakdan başlap, ýokanç keselleriň öňüni almagyň netijeli çärelerini gördi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, ilaty derman serişdeleri bilen üpjün etmek üçin dürli derman serişdeleri satyn alyndy.
Mundan başga-da, raýatlarymyzda sowuklama garşy sanjym geçirildi we bu işler dowam etdirilýär. Agyz-burun örtükleriniň, gorag we zyýansyzlandyryş serişdeleriniň hem-de lukmanlar we saglygy goraýyş işgärleri üçin gorag lybaslarynyň önümçiligi ýola goýuldy.
Ýygnaga gatnaşyjylar ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak barada yzygiderli alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi ilatyň arasynda sanjym geçirmek ulgamynda öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
***
Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw merkezinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Essen uniwersitetiniň hassahanasynyň ýanyndaky ýokanç keselleriniň barlag merkeziniň ýolbaşçysy Adalbert Krawçigiň hem-de “Tükmendermansenagat” birleşiginiň, Ylymlar akademiýasynyň we beýleki ugurdaş saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi.
Duşuşykda ýokanç keselleri bejermekde hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de buýan köküni we onuň düzüminde bar bolan gliserrizin kislotasyny ulanmagyň wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Türkmenistandaky epidemiologik ýagdaýa oňyn baha berildi we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleriniň beren maslahatlarynyň ýerine ýetirilişine garaldy.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli düşündiriş işleriniň ilatyň kesellere garşy göreşmek babatdaky bilimlerini artdyrmaga ýardam edýändigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işine laýyklykda, keselleriň öňüni almak hem-de olara garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak maksady bilen, dürli melhemlik çaýlary, üzärlikden, ýandakdan, arçadan, itburundan, burçdan we beýleki dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan dürli içgiler maslahat berilýär.
Parasatly ata-babalarymyzdan kesellere garşy melhemlik otlary netijeli peýdalanmagyň dürli usullary bize miras galdy diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Häzirki zaman lukmançylyk ylmy şolaryň gymmatly häsiýetlerini tassyklamak bilen çäklenmän, eýsem, netijeli ulanmagyň mümkinçiliklerini hem öwrenýär.
Şunuň bilen baglylykda, buýan köküniň gadymy döwürlerden bäri ylmy we halk lukmançylygynda üsgelewügi, böwregi, ýokarky dem alyş ýollarynyň hem-de oniki barmak içegäniň kesellerini bejermegiň serişdesi hökmünde ulanylýandygy nygtaldy.
Halk lukmançylygynyň tejribesi esasynda we häzirki zaman talaplaryny nazara almak bilen, şu dermanlyk ösümlikden bejeriş-öňüni alyş serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy.
Buýan köküniň adamyň kesellere garşy durnuklylygyny pugtalandyrýandygy subut edildi. Türkmen buýan köki beýleki görnüşlerden özüniň gymmatly häsiýetleri bilen has tapawutlanýar. Çünki, biziň howamyz bu ösümlikde peýdaly maddalaryň köpüsiniň jemlenmegi üçin has oňaýly şertleri döredýär.
Şeýle hem tebigy “ýaşyl” dermanhananyň dermanlary, himiki dermanlardan tapawutlylykda, adamyň bedeninde aňsatlyk bilen özleşdirilýär we ýaramaz täsirini ýetirmän, özüniň melhemlik häsiýetlerini doly saklap galýar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşmekde hem-de olaryň öňüni almakda görülýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, derman senagatynyň öňünde ilaty dermanlar bilen üpjün etmek boýunça täze möhüm wezipeleri goýandygy nygtaldy.
Iş duşuşygynyň barşynda ylmy diplomatiýa ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, lukman-alymlaryň, bilermenleriň we hünärmenleriň arasynda yzygiderli pikir alyşmak üçin şertleri döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.