Türkmenistanlylar tutuş dünýä iň gowy geljegi sowgat edip, gadam urýan Täze ýyly hoşniýetler we ajaýyp umytlar bilen garşyladylar. 2020-nji ýyl berkarar döwletimiziň hemişelik Bittaraplygynyň 25 ýyllygy hökmünde Türkmenistanyň taryhynda galdy, 2021-nji ýyl bolsa “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçer. Bu şygary ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tassyklady. Bu şygar döwlet Baştutanymyzyň başlangyjyndan hem-de halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we syýasy partiýalardan gelip gowşan köpsanly tekliplerden ugur alnyp öňe sürüldi. Onuň manysy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama gabat gelýär. Milli Liderimiz Ministler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 30-njy dekabrda geçirilen bilelikdäki mejlisinde tamamlanyp barýan ýylyň netijelerini jemläp, “Bu ýyl biziň üçin örän agyr we çylşyrymly boldy” diýip aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýäde koronawirus pandemiýasynyň giňden ýaýramagyna, ykdysadyýetiň pese düşmegine, ähli döwletlerde işewürligiň we serhetleriň ýapylmagyna garamazdan, Türkmenistan daşary syýasy hem-de ykdysady işjeňligini pese düşürmedi, ýurdumyzda uly möçberli işler ýerine ýetirildi we gaýragoýulmasyz wezipeler çözüldi. Biz halkara howpsuzlyk ulgamyny berkitmäge gönükdirilen daşary syýasat ugrumyzy dowam edip, Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzümleriniň ornuny pugtalandyrmaga ýardam bereris. Milli bähbitlerimizi berk gorap, häzirki köpugurly dünýäde özüniň netijelidigini görkezen sazlaşykly we oýlanyşykly daşary syýasatymyzy yzygiderli dowam ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy. ... Ýurdumyzyň Baş arçasy oturdylan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança esasy Täze ýyl dabaralarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Birnäçe gün mundan öň, bu ýere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen geldi, Baş arça ýrdumyzyň ýolbaşçylary hem öz çagalary bilen baryp gördüler. Döwlet Baştutanymyz çagalar baradaky aladanyň iň asylly hem-de geljegimize ygtybarly maýa goýumlarydygyny yzygiderli nygtap, durmuş we ýaşlar syýasatynyň, ilkinji nobatda, bilim, saglygy gorýyş, sport ulgamlaryny hem-de beýlekileri döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly dürli ugurlarda beýik we öz wagtynda gozgalan özgertmeleriň başyny başlaýjy bolup çykyş edýär. Munuň subutnamasy hökmünde 2021-nji ýyly garşylamagyň öň ýanynda ýurdumyzyň birinji synp okuwçylarynyň ählisiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan ýurdumyzda öndürilen, ýörite okuw programmalary bilen üpjün edilen döwrebap kompýuterleri sowgat alandyklaryny görkezmek bolar. Şu täze ýyly mundan birnäçe gün ozal ýagan gar tebigatdan ajaýyp sowgat boldy. Şol gar şu wagta çenli saklanyp, diňe bir Köpetdagyň etegini däl, eýsem, paýtagtymyzdaky ýylyň bütin dowamynda ýaşyl öwüsýän agaçlary hem ak dona büredi. Halkyň arasynda bu şowlulygy hem-de abadançylygy alamatlandyrýan oňan nyşan hasaplanylýar. Tejribeli ekerançylary, gyşyň şu döwründe ýagan garyň täze ýylda bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny alamatlandyrýandygyny aýdýarlar. Gar çagalar üçin ajaýyp sowgatdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda Asma ýoluna baran mahalynda gar adamyny ýasady. Bu şekil örän täsin bolup, iň ýagşy arzuw-niýetleri alamatlandyrdy. Türkmenlerde “Ak zat alnyňa ýagşy” diýilişi ýaly, ak reňk päkligi hem-de ruhubelentligi aňladýar. Ajaýyp köpöwüşginli yşyklar “Älem” medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançany bezedi. Dürli reňklerde öwşün atýan yşyklar gözüňi gamaşdyrýan gymmat bahaly daşlary ýatladýar. Bu ýerde jadyly gyş bagy döredildi. Şol ýerde neon bezegleri haýran galdyryjy keşbi emele getirýär.Ýeňiljek gurnamalar özboluşly seýilýodajyklaryň wezipesini ýerine ýetirýärler. Ertekileriň gahrymanlary hem-de ýylyň nyşany bolan şadyýan öküzjik ýurdumyzyň Baş arçasynyň özboluşly baýramçylyk bezegine öwrüldi. Meýdançada gurnalan sahnada meşhur estrada aýdymçylarynyň, ussatlaryň hem-de parlak ýyldyzlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly şüweleň guralýar. Olar täze ýyla bagyşlanan döredijilik çykyşlary bilen tomaşaçylary begendirdiler. Joşgunly aýdym-sazly çykyşlar hem-de tanslar ýerine ýetirildi. Dabarany alypbaryjylar watandaşlarymyzyň ählisiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Täze ýyl, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de milli Liderimize bagt, berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine beýik maksatlara ýetmekde uly üstünlikleri arzuw edýärler. Soňra alypbaryjylar şu gije türkmen paýtagtyny ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezlerini baglanyşdyrýan däp bolan baýramçylyk teleköprüsiniň başlanýandygyny yglan edýärler. Göni ýaýlym ýurdumyzyň dürli sebitleriniň we Aşgabadyň ýaşaýjylaryny birleşdirdi. Olar hemmeleriň söýgüli baýramynyň şatlygyny birek-birek bilen paýlaşdylar. Döwlet Baştutanymyzy hem-de paýtagtymyzy sebitleriniň her biriniň adyndan onuň ýolbaşçysy, hormatly ýaşuly we ýaş nesliň wekili hem-de artistler gutladylar. Ilki bilen teleköprä Ahal welaýaty goşulýar: gutlaglardan hem-de okalan goşgulardan soň, şeýle ajaýyp waka mynasybetli taýýarlanylan baýramçylyk çykyşy görkezilýär. Soňra wideoaragatnaşyga Balkan welaýaty çykýar. Sebitiň wekilleri deňiz ýakasynyň ýaşaýjylarynyň adyndan ildeşlerimize gutlaglaryny beýan edip, özleriniň Täze ýyl mynasybetli döredijilik çykyşyny hödürlediler. Soňra aýdym-saz sungatynyň özboluşly baý däplerine eýe bolan Daşoguz welaýaty gutlaglardan hem-de arzuwlardan soň baýramçylyk çykyşyny görkezdi. Teleköprüni Lebap welaýaty dowam etdirdi. Sebitiň wekilleri ildeşlerimizi hem-de milli Liderimizi Täze ýyl bilen gutladylar, ülkäniň artistleri bolsa aýdym-sazly-tans çykyşyny hödürlediler. Nobat Mary welaýatyna ýetýär. Onlaýn ýagdaýynda ekrandan welaýatyň ýaşaýyjylarynyň adyndan gutlaglar, iň gowy arzuwlar, goşgular hem-de aýdym-sazlar ýaňlanýar. Täze ýyl teleköprüsini Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty jemledi - Aşgabatyň, onuň uly we ýaş nesliniň wekilleri hem-de “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança ýygnanandöwletimiziň ýolbaşçylar düzüminiň agzalary ähli şäherlerdäki we obalardaky ildeşlerimize üstünlikleri, abadançylyk we bagt arzuw edýärler. Meşhur artistler hem-de tans toparlary baýramçylyk çykyşlary bilen olara goşulýarlar. Alypbaryjylar welaýatlaryň we paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk gutlaglaryny jemläp, Türkmenistanyň hemişe gülläp ösmegi, ata Watanymyzyň halkara abraýynyň ýylsaýyn belende galmagy, halkymyzyň parahatçylykda we agzybirlikde ýaşamagy baradaky arzuwlaryň çuňňur manysyny aýratyn belleýärler. Türkmenistanlylaryň ählisiniň adyndan Watanymyz, halkymyz barada bimöçber alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. Döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy belleniljek hem-de “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçjek 2021-nji ýylda Diýarymyzyň şan-şöhratly ýylýazgysyny täze üstünlikler we belent sepgitler bilen dowam etdirjekdigi şübhesizdir. 2021-nji ýylda köp işler garaşýar, çünki, gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, her bir üstünligi has uly işler hem-de ýeňişler bilen berkitmek zerurdyr. Bize giň gerimli baýramçylyklar, şanly seneler, ençeme döwletleriň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda iri maslahatlar we möhüm wakalar garaşýar. Ak mermerli Aşgabat myhmanlary ýokary derejede garşylamagy başarýar. Biz olara ýene-de garaşmak bilen, ýetip gelen ýylda dünýäniň pandemiýanyň hötdesinden geljekdigine uly umyt bildirýäris. Bir söz bilen aýdylanda, biz Täze ýyly uly meýilnamalar hem-de göz öňünde tutulan maksatnamalary doly amala aşyrmak ynamy bilen garşylaýarys. Teleköprüniň barşynda sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursat gelip ýetýär –hemmeleriň ünsi telemonitorlara gönügýär: hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni ýaýlymda Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl gutlagy bilen ýüzlenýär. Paýtagtymyzdaky we sebitlerdäki dabaralara gatnaşyjylar hem-de telegörüjileriň millionlarçasy milli Liderimiziň gutlagyny uly üns bilen diňleýärler. Bagtly geljege tarap ynamly barýan ata Watanymyza bolan ägirt uly buýsanç duýgusy şu dabaraly pursatda türkmenistanlylaryň ählisini birleşdirýär. Döwlet Baştutanymyz ildeşlerimizi Täze, 2021-nji ýylyň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýar. Täze ýyl Gündogar müçenamasy boýunça sygyr ýylydyr. Sygyr “Malym - janym” diýýän türkmeniň gowy görýän malynyň biridir, öz-ojagynyň-maşgalanyň rysgalydyr. Şoňa görä-de, sygyr ýyly bereketli ýyl hasaplanylýar diýip, milli Liderimiz belledi. Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň esasy wakaalry barada durup geçdi, Diýarymyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryny gysgaça häsiýetlendirdi,içeri we daşary syýasatyň netijelerine giňişleýin baha berdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowgutlagyny jemläp, “Goý, Täze ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, uly üstünlikleriň, rysgal-berekediň ýylyna öwrülsin!” diýip belledi. Sähel salymdan sagadyň dilleri 12-ini görkezýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Birnäçe pursatdan soň baýramçylyk feýerwerkiniň ajaýyp öwüşginleri asmany bezeýär. Täze ýyl durmuşymyza baýramçylyk nurunyň şüweleňiniň astynda gadam goýýar. Paýtagtymyzyň asmanynda ajaýyp görnüşler peýda bolýar. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda onuň baş meýdançasynda estrada ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda konsert boldy. Tomaşaçylaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterýän bu konsert teleýaýlymlar arkaly görkezildi.