Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanda öndürildi: okuw, iş, işewürlik üçin IT önümleri
Ykdysadyýet
Türkmenistanda öndürildi: okuw, iş, işewürlik üçin IT önümleri
Çap edildi 21.12.2020
4632

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň konsepsiýasy ýurdumyzda ýokary tehnologiýalar ulgamyny hem-de elektron senagatyny ösdürmäge itergi berdi. Döwlet Baştutanymyzyň bu konsepsiýada öňde goýan maksatlary hem-de wezipeleri häzirki wagtda kiber ulgamlaryndan üzňe göz öňüne getirip bolmaýan halk hojalyk toplumyny çalt depginde döwrebaplaşdyrmagy üpjün etmäge, pudaklaryň işgärler gorunyň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini ösdürmäge hem-de halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy ýurdumyzda ilkinji bolup kompýuter tehnikalaryny öndürmäge girişdi. Ol okadyş noutbuklaryny öndürmekden başlandy—her ýyl ýurdumyzyň birinji synpda okaýan okuwçylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan şu elektron enjamlary gowşurylýar. Ozal olar daşary ýurtlardan getirilýän bolsa, 2019-njy ýyldan başlap, şolaryň ornuny ýurdumyzda öndürilen noutbuklar tutdy. Şu ýyl “Agzybirlik tilsimaty” öz inženerleriniň işläp taýýarlan platosynyň özboluşly çyzgysyny ulanyp, prosessoryň kuwwatyny hem-de operatiw ýadyň göwrümini artdyryp, okadyş noutbuklaryň kysmyny kämilleşdirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýurdumyzyň birinji synp okuwçylarynyň ählisine hut şu kompýuterler Täze ýyl mynasybetli sowgat berildi. Bilim ulgamynyň hünärmenleri bilen bilelikde taýýarlanylan köp sanly okuw goşundylary başlangyç synplaryň okuwçylary üçin ykjam kompýuteri ýakyn kömekçä öwürýär. Bu goşundylaryň ählisi öndürijiniň saýtynda elýeterlidir, olary ýüklemek hem-de oturtmak boýunça doly düşündiriş berilýär (agzybirlik-tm.com). Noutbugyň özi hem tutuşlygyna ýurdumyzda öndürilen hem-de “Bilimli” atlandyrylan we “Agzybirlik tilsimaty” kompaniýasy tarapyndan patentleşdirilen programma üpjünçiligine eýedir. Bu kärhananyň işgärleri dürli toplumly şahsy kompýuterleriň kysymlaryny täzelemek bilen öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrýarlar. Häzir bu ýerde wideomaslahatlar, tanyşdyryş çäreleri üçin interaktiw panelleriň önümçiligine girişildi, iň döwrebap düzümleri displeý bilen birlikde, bir bitewi korpusda ýygnalan monobloklary öndürmäge taýýarlyk görülýär. Şonuň ýaly-da, bilim ulgamynyň hünärmenleri bilen bilelikde, ýokary okuw mekdepleri üçin programma üpjünçiligi, fizika, himiýa, geografiýa, biologiýa boýunça laboratoriýa sapaklary üçin 3D modelirlenmegi bilen wirtual amaly hem-de okuw animasiýa gollanmalaryny döretmek boýunça işler dowam etdirilýär. Bu iş ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamynyň elektron binýadyny döretmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şol binýady sanlylaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzda öndürilen şahsy kompýuterleriň her bir täze kysymy barlaglaryň we synaglaryň dowamly tapgyryny geçýärler, bu bolsa düzüm bölekleriniň aňrybaş sazlaşygyny, sowadyş hem-de energiýa üpjünçiligi ulgamlarynyň doly hereket etmegini kepillendirýär we alyjynyň öz saýlan önümine ynamly bolmagyna mümkinçilik berýär. Munuň üçin ähli dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýörite enjamlar, hususan-da, batereýalaryň partlama howpsuzlygyny, tehnikanyň çygdan we tozandan goraglylygyny, klawiaturanyň uzak möhletliligini, kompýuterleriň açylyp ýapylmagynyň aňryçäk sanyny, onuň ýere gaçan halatyndaky berkligini we şuňa meňzeşleri barlagdan geçirmek üçin enjamlar satyn alyndy. Kärhana dürli edaralara kompýuterleri ibermek boýunça iri buýurmalary ýerine ýetirýär. Şol kompýuterleriň ýurdumyzdaky önümçiligi döwlet ulgamlarynyň hem-de işewürlik düzümleriniň kiber goraglylygynyň goşmaça kepili bolup hyzmat edýär. Önümçilik ulgamynyň kämilleşdirilmegi serwer we ulgam enjamlaryny, söwdany awtomatlaşdyrmak üçin apparat toplumlaryny goşmak bilen önümleriň 30-dan gowrak görnüşi boýunça ýylda 200 müňden gowrak önüm öndürmäge mümkinçilik berdi. “Agzybirlik tilsimaty” ilkinji nobatda içerki hem-de sebit bazarynyň isleglerini kanagatlandyrmaga niýetlenendir, ýöne eksport mümkinçilikleri has giň çäkleri hem gurşap alyp biler. Şu jähetden kuwwatlyklary artdyrmagyň hem-de senagat möçberlerine çykylmagynyň taslamalaryna seredilýär. Munuň üçin Türkmenabatda Aşgabatdaky synag kärhanasyndan uly mümkinçilikleri bolan, ýagny 500 müňe çenli önüm birligini öndürmäge ukyply iri önümçiligi—täze zawody döretmek meýilleşdirilýär. Lebap welaýatynyň saýlanyp alynmagy logistika nukdaýnazary bilen baglanyşyklydyr. Şonuň ýaly-da, ilkinji türkmen kompýuter önümçiliginiň önümlerine goňşy döwletler hem gyzyklanma bildirýärler. Kärhananyň ýokary hünärli hünärmenleri Hytaýyň milli reýtinginde ilkinji orunda durýan hem-de dünýäniň bilim reýtingleriniň öňdäki hatarlaryna girýän Sinhua uniwersiteti tarapyndan sertifikatlaşdyryldy. “Agzybirlik tilsimatynyň” işgärleri üçin hünär okuwlary hem-de hatarynda “Microsoft” we “Intel” ýaly kompaniýalar bolan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Agzybirlik tilsimaty” kompaniýasy 2018-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda bu ýokary derejeli hünärmenleriň topary bolup, olar eýe bolan bilimleriniň hem-de başarnyklarynyň netijesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ykdysadyýeti we milli IT bazaryny ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözýärler. Döwlet Baştutanymyz bu ulgama ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny, onuň maýa goýum babatyndaky özüne çekijiligini ýokarlandyrmagyň, çig mal serişdelerine daýanmazdan köpugurly ykdysadyýeti döretmegiň aýrylmaz bölegi hökmünde aýratyn uly üns berýär. Biziň ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, innowasion senagat pudaklaryny döretmek boýunça toplumlaýyn baş ugurlarda hem-de pudaklaýyn maksatnamalarda beýan edilen maksatlarymyz tehnologiýa merkezleriniň ulgamlaryny ösdürmegiň zerurdygyny ýüze çykarýar. “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasynyň üstünlikli işläp başlamagy özlerini işjeň görkezip başlan şunuň ýaly beýleki taslamalara hem ýol açýar. Golaýda ýurdumyzda öndürilen smart-telewizorlar hem-de ykjam telefonlar görkezildi. Milli Liderimiz ak ýol nyşany hökmünde olara degişli atlary dakdy. Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky özgertmeler, onuň sanlylaşdyrylmagy we döwrebaplaşdyrylmagy hem ýokary hünärli programmaçylaryň, inžener-işläp düzüjileriň, kompýuter ylymlarynyň we maglumatlar tehnologiýalarynyň hünärmenleriniň nesliniň kemala gelmegine goldaw bermäge gönükdirilendir. Olar onuň sanly taýdan ösüş üçin işgärleri taýýarlamagyň wezipelerine laýyk gelýän täze ýokary okuw mekdepleriniň döredilen ýokary derejesi bilen birlikde, orta we başlangyç derejeleri hem gurşap alýar. Eýýäm birinji synpda okuwçylar “Informatikanyň esaslary” diýen dersi öwrenýärler. Şol ders olara adamzadyň gözlemek pikiriniň mümkinçilikleriniň çäksiz dünýäsine gapylary açýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan mekdebe gadam urýan ýurdumyzyň ähli çagalaryna noutbuklary sowgat bermek däbiniň özi hem ýurdumyzda ösüp gelýän nesilleriň ylmy-tehniki döredijilige aralaşmagy, onuň intellektual mümkinçiliginiň amala aşmagy üçin hemme şertleriň döredilýändiginiň ajaýyp subutnamasy bolup hyzmat edýär.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
top-arrow