Esasy
\
2020-nji ýyl - Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany
\
Aşgabatda sungat ussatlarynyň döwlet konserti boldy
2020-nji ýyl - Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany
Aşgabatda sungat ussatlarynyň döwlet konserti boldy
Çap edildi 12.12.2020
7256

Şu gün Döwlet medeniýet Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti boldy. Dünýä bileleşiginiň ýurdumyza beren täsin halkara =hukuk derejesi diňe bir giň gerimli döwlet maksatnamalaryny we durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin däl, eýsem, ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, dünýäniň ähli ýurtlary we abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary giňeltmek üçin ygtybarly .binýat boldy. “Bitaraplyk biziň dünýä halkalyryny beýik maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dostlugy dabaralandyrýan ýörelgämizdir. Biziň Bitaraplyk syýasatymyz döwletimiziň halkara derejedäki abraýyny has-da pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir” diýip, hormatly Prezidentimiz ählihalk baýramy mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda nygtaýar. Döredijilik ugry “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň çäreleriniň aýrylmaz bölegidir, çünki ýurdumyzyň medeniýetiniň wekilleriniň we sungat ussatlarynyň işi Watanymyzyň üstünliklerini giňden wagyz etmäge, hem-de ähmiýetini açyp görkezmäge, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir. Mukamlar köşgüniň konsert zalynyň ägirt uly ekranynda döwletimiziň taryhy ýylýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan Türkmenistanyň bitaraplyk ösüşiniň 25 ýylynyň şanly wakalary beýan edilýär. Bitaraplyk hukuk ýagdaýy parahatçylygyň we dürli halklaryň dostlugynyň ýörelgelerini wagyz edýän ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň aýratyn wezipesini hem kesgitledi. Häzirki döwürde medeni diplomatiýa döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen birlikde, Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty taryhy-medeni ýadygärlikleri we milli ruhy mirasy içgin öwrenmäge hem-de wagyz etmäge ýardam edýär. Türkmenistanyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen netijeli hyzmatdaşlygy hem munuň aýdyň mysallarynyň biridir. “Görogly” dessançylyk sungatynyň, “Küştdepdi” tansynyň hem-de türkmen milli halyçylyk sungatynyň medeni gymmatlyklaryň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi şu hyzmatdaşlygyň netijesidir. Biziň ýurdumyz bu abraýly sanawa türkmen däp-dessurlaryny, şol sanda türkmen medeniýetiniň özboluşly nyşany hökmünde dutar bilen baglanyşykly däpleri girizmek teklibini öňe sürdi. Bu sungat şol saz guralyny ýasamak ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny özüne birleşdirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, halkymyzyň özboluşly mirasy nesilden-nesile aýawly geçirilýän bimöçmer ruhy hazynadyr. Türkmen ruhy däp-dessury dünýäniň medeni ösüşine işjeň gatnaşýar. Häzirki wagtda ata-babalarymyzyň taryhy-medeni mirasy ruhyýetimiziň esasy özenini düzýär, ruhy-medeni kuwwat bolsa sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň sütüni hökmünde çykyş edýän, siwilizasiýanyň gadymy merkezleriniň biri bolan Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryny ynsanperwer gymmatlyklaryň esasynda ösdürmek wezipesini kesgitleýär. Şu döwlet konsertiniň ähli çykyşlarynda Bitarap Watanymyzyň waspy ýaňlandy. Konserte ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary we sazandalary, belli tans hem-de folklor toparlary, ýaş zehinler gatnaşdylar. Konsert “Arkadagym toý tutýar, toýumyza gel, toýumyza!” atly edebi-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Bu çykyşda Gahryman Arkadagymyza hakyky ählihalk söýgisi we buýsanjy beýan edildi. Ruhubelentlik ýagdaýynda başlanan baýramçylyk konserti gyzykly çykyşlar bilen dowam etdirdi. Şol çykyşlaryň her birini uly bolmadyk sahna oýny bilen deňeşdirmek bolýar. Umuman, Bitarap Watanymyzy wasp etmäge bagyşlanan şu günki konserti ýurtlar hem-de yklymlar boýunça özboluşly döredijilik syýahaty bilen deňeşdirmek bolýar. Ajaýyp zalda dünýäniň dürli dillerinde aýdym-sazlar ýaňlandy hem-de halklaryň tanslary ýerine ýetirildi. Şunda tans toparlary wekilçilik edilýän ýurtlaryň her biriniň milli lybaslaryna beslendiler, uly ekranda görkezilýän tebigatyň ajaýyp görnüşleri, dünýäniň dürli şähenrleriniň özboluşly gymmatlyklary hem-de ajaýyp künjekleri bolsa baýramçylyk konsertine aýratyn öwüşgin çaýdy. Joşgunly rus kadrili we ajaýyp gyzlar baradaky gazak halk aýdymy, meşhur “Anor-Anor” täjik aýdymy, azerbaýjan halk aýdymy hem-de döwrebap özbek aýdymy bir sahnada birleşdi. Şadyýan “Kuma-kuma” belarus halk aýdymynyň yzysüre “Aýdyşyk” ukrain halk aýdymy ýerine ýetirildi. Türkmen aýdymçylary türk, gyrgyz we ermeni dillerinde söýgi hakyndaky aýdymlary ýerine ýetirdiler. “Parahatlyk şuglasy” atly çykyşda Döwlet tans topary joşgunly polka, gopak, moldowan, lezgi tanslaryny ýerine ýetirdiler. “Alys Gündogaryň owazlary” – ýapon, koreý we hytaý aýdymlary konserte özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. “Dost-doganlyk sazlary” bölüminde eýran, owgan, pakistan, arap sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. “Disko” hindi tansy bolsa Bolliwudyň meşhur kinofilmlerinden parçalary ýatlatdy. Zehinli ýerine ýetirijiler köpöwüşginli aýdym-saz we tans çykyşlarynda çäginden Beýik Ýüpek ýoly geçen ýurtlarda ýaşan halklaryň baý we özboluşly däp-dessurlary barada gürrüň berdiler. Häzirki wagtda bu ýol halkara ähmiýetli ykdysady we medeni taslamalarda gaýtadan dikeldilýär. Ýewropanyň nusgawy we estrada aýdym-sazlary baýramçylyk konsertiniň hakyky bezegine öwrüldi. “Mukam” çagalar skripkaçylar topary Bramsyň “Wenger tansyny” ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Bu saz ajaýyp kompozitor tarapyndan wenger halk sazynyň esasynda döredildi. Ýewropa yklymyna özboluşly aýdym-sazly gezelenç meşhur “Funikuli finikula” italýan aýdymy, fransuz hem-de ispan aýdymlary, “Modern Talking” toparynyň esaslandyryjysy we gatnaşyjysy Diter Boleniň repertuaryndan iňlis dilinde ýerine ýetirilen “Sen meniň kalbym” aýdymy bilen dowam etdirildi. “Gitaranyň owazy” latyn amerikan aýdymy hem tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Konsert maksatnamasynyň Ýewropa bölegi meşhur aýdymçylaryň hem-de paýtagtymyzyň sazçylyk okuw mekdepleriniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde “Ýewropanyň ýalkymy” çykyşy bilen tamamlandy. Elbetde, bu ajaýyp aýdym-saz çemeninde türkmen halk sazlary hem-de aýdymlary ruhubelentlik bilen ýerine ýetirildi. Däp bolşy ýaly, baýramçylyk konsert maksatnamasy gadymy “Küştdepdi” tansy bilen jemlenildi. Bu çykyş eýýamlaryň we nesilleriň, geçmişiň hem-de şu günüň aýrylmaz arabaglanyşygyny alamatlandyrdy, mähriban halkymyzyň baý ruhy mirasynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygyny we ähmiýetini açyp görkezdi. Meşhur aýdymçylar, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hory hem-de baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilen “Arkadagly ýurdum baky Bitarap” atly watançylyk aýdymy Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň şanyna guralan döwlet konsertiniň özboluşly we köpöwüşginli jemlenmesine öwrüldi. Joşgunly aýdym Garaşsyz ,baky Bitarap Watanymyzyň waspnamasy bolup ýaňlandy. Bu çykyş halkymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda nurana geljege tarap ynamly gadam urýan ata Watanymyzyň şu bagtyýar eýýamyna buýsanjynyň örän belentdigini görkezdi. Beýik baýramçylyk Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň özenini düzýän parahatçylygyň, dostlugyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Şu gün ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda bu baýramçylyga bagyşlanan köpöwüşginli baýramçylyk dabaralary hem-de çäreleri guraldy. Baýramçylyk güni bolsa paýtagtymyzda ajaýyp senäniň hormatyna owadan feýerwerk bilen tamamlandy. Bu sene Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmen döwletiniň taryhy ýylýazgysyna ajaýyp sahypalary ýazar.

Soňky habarlar
24.02
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
23.02
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
23.02
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam merkeziniň işi bilen tanyşdy
22.02
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.A.Gylyjow hakynda
22.02
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Durdyýew A.A. hakynda
22.02
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi