Baş sahypa
\
\
Watanymyzyň şanly Bitaraplygynyň hormatyna baýramçylyk dabaralary
Watanymyzyň şanly Bitaraplygynyň hormatyna baýramçylyk dabaralary
Çap edildi 11.12.2020
19430

Şu gün, Halkara Bitaraplyk gününiň öňýanynda paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyz boýunça ajaýyp senä – Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanylan birnäçe dabaraly çäreler geçirildi. Günüň birinji ýarymynda Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Watanymyzyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabara gatnaşyjylar buýsanç we aýdyň tolgunma duýgulary bilen mynasyp bolan sylaglaryny kabul edip, döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, daşary ýurtlar bilen doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça öz alyp barýan işlerine beren ýokary bahasy üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli hoşallyk bildirdiler. Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, onuň halkara abraýyny artdyrmaga uly şahsy goşantlaryny goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň oňat işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, olaryň düzümleýin bölümleriniň işgärlerine Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabaralary şu gün tutuş ýurdumyz boýunça-da geçirildi. Dabaralara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize iň oňat arzuwlaryny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlaýan ösüşlere beslenen giň gerimli özgertmelerini amala aşyrmaga, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrmaga, mähriban Watanymyzy gülledip ösdürmäge öz ähli güýç-kuwwatyny we başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň dürli pudaklarynda gazanan üstünlikleriniň şu günler giň gerimli sergisi geçirilýän Söwda senagat edarasynyň meýdançasynda-da boldy. Serginiň şu günki jemleýji güni DIM-niň işine bagyşlandy we bu edaranyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşarysyýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan köptaraply işleriniň ähmiýetini açyp görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly täze kitabynyň halkara tanyşdyryş dabarasy günüň uly wakalarynyň birine öwrüldi. Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan çärä milli Parlamentiň, Aşgabatda işleýän halkara düzümleriň hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly birnäçe ýurtlaryň diplomatlary gatnaşdylar. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň möhüm taryhy-syýasy senäniň öňýanynda çapdan çykan täze kitaby ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşinde oňyn bitaraplyk derejesiniň eýeleýän orny barada giňişleýin gürrüň berýär, Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilik, açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň hemmesi bilen deňhukukly özara bähbitli gatnaşyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ugrunyň yzygiderli maksadyny beýan edýär. Bu syýasatyň netijeliliginiň aýdyň ykrar edilmegi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 47-nji mejlisinde halkara parahatçylygyny, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi goldamak we pugtalandyrmak işinde Bitaraplyk syýasatynyň eýeleýän orny hem-de ähmiýeti hakynda Kararnamalaryň kabul edilmeginden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabynyň sahypalarynda ýurdumyzyň bitarap ösüşiniň tapgyrlaryna düýpli seljerme berilýändigi, Türkmenistanyň halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde ýola goýulýan hem-de häzirki tapgyrda täze hile we mazmuna eýe bolan netijeli köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň geçen ýollarynyň beýan edilendigi bellenildi. Bu gün döwletimiziň Milletler Bileleşiginiň birnäçe düzümleriniň agzasy hökmünde şolaryň çäklerinde degişli işleri amala aşyrýandygy nygtaldy. Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Satoşi Nakanişiniň wideoýüzlenmesinde Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasatynyň eýeleýän oňyn orny bellenildi. Şunuň netijesinde, Ýaponiýa bilen depginli oňyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar, iki döwletiň işewür gatnaşyklary ýola goýuldy. Syýasatçy Wladimir Gorýaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de tutuş türkmen halkyny şanly sene bilen mähirli gutlap, jedelleriň öňüni almak, sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmak, ynsanperwer meselelerini çözmek maksady bilen, halkara gepleşiklerini geçirmekde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetini nygtady. Öz nobatynda, BMG-niň ýurdumyzdaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa döwlet Baştutanymyzy we ähli türkmen halkyny baýramçylyk hem-de oňa gabatlanylyp, “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly täze kitabyň neşir edilmegi bilen gutlap, ýetip gelýän 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Kararnamanyň kabul edilmeginiň Milletler Bileleşiginiň Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgesine oňyn baha berýändiginiň ajaýyp subutnamasydygyny ýatlatdy. Türkmenistan netijeli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirip, tutuş dünýäde parahatçylygy we rowaçlygy üpjün etmäge, durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna ýetmäge örän uly goşant goşýar diýip, Ýelena Panowa aýtdy. Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diýego Ruiz Alonso Türkmenistan bilen ÝB-niň gatnaşyklaryna mahsus bolan ösüş depginini belledi. Dürli pudaklardaky eýýäm durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň onlarçasy munuň subutnamasydyr. Diplomat Ýewropa Bileleşiginiň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren dünýä jemgyýetçiliginde ynjalyksyzlanma döredýän möhüm meseleleriň sazalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga hem-de sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüş üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýändigini hem-de goldaýandygyny nygtady. Çykyş edenler halkara hem-de sebit durnuklylygynyň pugtalandyrylmagynda, ýurtlaryň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde bitaraplyk syýasatynyň eýeleýän ornuny nygtap, adamzadyň nurana geljeginiň bähbidine halklary birleşdirýän ynsanperwer maksatlaryň berkarar bolmagynda milli Liderimiziň täze eseriniň ähmiýetini bellediler. Ýygnananlar döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk ýörelgesine ýokary baha berip, milli Liderimiziň täze kitabynyň hünärmenler hem-de giň okyjylar köpçüligi üçin peýdaly boljakdygy barada bir pikirde boldular. Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenme kabul edip, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy gazanmaga hem-de Ýer ýüzüniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasaty alyp barýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Halkara sergisiniň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýlek-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara hemgol çekildi.

Soňky habarlar
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
top-arrow