Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aşgabatda Ýaşlar guramasynyň işjeňlerini sarpalamak dabarasy geçirildi
Jemgyýet
Aşgabatda Ýaşlar guramasynyň işjeňlerini sarpalamak dabarasy geçirildi
Çap edildi 16.11.2020
4640

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününe gabatlanyp, işjeňleri sarpalamak dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ýaşlarynyň işlerine ýokary baha berip, olaryň Watanymyzyň güýji we kuwwaty, mertebesi hem-de abraýy, beýik geljegi bolup durýandyklaryny aýdýar. Milli Liderimiz ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni-aňyýet, beden taýdan ösüşine, mynasyp bilim almagy hem-de sazlaşykly terbiýelenmegi üçin ähli amatly şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Bu gün ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazaryýet bilimleriniň kämilleşdirilmegine, iş başarnyklarynyň ýokarlandyrylmagyna, sanly tehnologiýalary öwrenmegine, täze ylmy taglymlary, öňdebaryjy barlag işleriniň netijelerini hem-de tehnologiýa tejribelerini özleşdirmegine ýardam bermek meselelerine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlar syýasatynyň milli kanunçylygyň çäklerinde hem-de umumy ykrar edilen kadalaryň esasynda, üstünlikli amala aşyrylýandygyny bellemek gerek. Häzirki zaman dünýäsiniň syýasy, ykdysady we durmuş şertlerinde ýaşlar diňe bir döwletimiziň uzak geljegi nazarlaýan ösüşinde strategik güýç bolmak bilen çäklenmän, umuman, halkara gatnaşyklarda hem möhüm orun eýeleýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýaş, kalby joşgundan doly we işe yhlasly türkmenistanlylaryň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge işjeň çekilmegine aýratyn üns berilýändigini bellemek gerek. Şol maksatlar Ýer ýüzüniň abadançylygyny gowulandyrmaga hem-de gülläp ösmegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda çykyş edip, ýaş nesliň öňünde anyk wezipeleri goýdy hem-de döwlet ýaşlar syýasaty we milli ösüş strategiýalary çygrynda işleriň esasy ugurlaryny kesgitledi. Şolaryň hatarynda ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, olary watançylyk, raýat jogapkärçiligi ruhunda terbiýelemek, telekeçilik işlerini goldamak we höweslendirmek wezipeleri görkezildi. Döwlet ýaşlar syýasaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň alyp barýan işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr, bu gurama öz hatarynda 900 müň agzany jemleýär hem-de Diýarymyzda ýaş raýatlaryň bähbitlerini goraýan iň iri jemgyýetçilik birleşmesi bolup durýar. Bu gurama esaslandyrylan gününden, has takygy, 1991-nji ýylyň 16-njy noýabryndan bäri beden we ruhy taýdan ösen, zähmetsöýer, başarjaň, Watanymyza wepaly nesli terbiýeläp ýetişdirmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirýän gurama öz agzalarynyň bilim başarnygyny hem-de ukyplaryny Garaşsyz Watanymyzyň sazlaşykly ösüşine gönükdirmegi gazanýar. Ýaşlar guramasynyň döredilen senesinde döwletimiziň Garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan, zähmetde we döredijilikde uly üstünlikleri gazanan ýaşlary sylaglamak dabarasy asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden medeniýetde, ylymda we tehnikada, bilimde, terbiýeçilik işinde, sportda, saglygy goraýyşda hem-de beýleki ugurlarda has tapawutlanan ýaşlaryň 47-si milli Liderimiziň adyndan degişli güwänamalar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Olaryň hatarynda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, aspirantlary, talyplary we mekdep okuwçylary, döredijilik toparlarynyň agzalary, žurnalistler, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bar. Diýarymyzyň «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň elektron senagatyny döretmek we ösdürmek boýunça maksatnamasyny durmuşa geçirýän ýaş hünärmenleriň gatnaşmagynda öndürilen «Tolkun» smart-telewizorlarynyň sowgat gowşurylandygyny bellemek ýakymlydyr. Dabarada milli Liderimiziň yzygiderli aladasy netijesinde, ýurdumyzda raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň bagtyýar durmuşy hem-de hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi we has batyrgaý meýilnamalary durmuşa geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýändigi nygtaldy. Dabara gatnaşyjylar ýaşlaryň mümkinçiliklerini açyp görkezmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasaty üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Olar Diýarymyzyň ýaşlarynyň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň şöhratly ýeňişleriniň we eýeleýän belent sepgitleriniň artmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar. Bu ýerde şu dabaranyň hormatyna ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine we ýeten derejesine bagyşlanan ýörite sergi guraldy. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow