Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Jemgyýet
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Çap edildi 10.11.2020
5576

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Barha gözelleşýän Aşgabadyň günbatar böleginde milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda belent ýaşaýyş jaýlaryny özünde jemleýän gözel künjek peýda boldy. Bu ýerde zerur ýol-ulag düzümi döredildi, aýlawly awtomobil çatrygynyň merkezini bolsa täsin “Türkmen alabaýy” ýadygärlik binasy bezeýär. Şeýle hem şäheriň bu böleginde iň häzirki zaman talaplaryna, dynç alyş we hyzmatlar ulgamynyň desgalaryna bildirilýän talaplara kybap gelýän “Gül zemin” söwda-dynç alyş merkezi bina edildi. Türkmenistanda uly ählihalk baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda täze binalary açyp ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl Watanymyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň şanly 25 ýyllyk senesine beslendi. Bu uly baýramyň öňüsyrasynda dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň 1008 maşgalasy Aşgabadyň täze ýaşaýyş jaý toplumlarynda ähli amatlyklary bolan öýleriň açarlaryny aldylar. Munuň özi 5 müňden gowrak adama barabardyr. Binalaryň buýrujylary hökmünde, Aşgabat şäher häkimligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi çykyş etdiler. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň hususy kärhanalara — TSTB-niň agzalaryna ynanylandygy buýsançly ýagdaýdyr. Hususy bölegiň wekilleri milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak bilen, Watanymyzyň ösüşine we abadançylygyna uly goşant goşýarlar. Türkmen telekeçileri özleriniň önümçilik hem-de hünär mümkinçiliklerini yzygiderli ýokarlandyryp, bu gün dürli ulgamlarda, şol sanda gurluşyk ulgamynda üstünlikli işleýärler hem-de iň gowy işewürlik taraplaryny we öňde goýlan wezipeleriň çözgüdine döredijilikli çemeleşmegiň nusgasyny görkezýärler. Soňky ýyllarda ýaşaýyş jaý gurluşygy ýokary dünýä ölçegleriniň derejesinde ýurdumyzda görlüp-eşidilmedik gerime eýe boldy. Aşgabatda tutuş köçäniň ugrunda ýokary amatlylyga we zerur bolan düzümlere eýe bolan, ýanaşyk ýerlerinde ýaşyl zolaklar döredilen ýaşaýyş jaýlarynyň tapgyrlaýyn gurulmagy guwançly ýagdaýdyr. Adamlaryň ýaşaýşy üçin iň amatly şertleriň döredilmegi döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen paýtagtymyzy ösdürmegiň öňdengörüjilikli we ylmy taýdan esaslandyrylan konsepsiýasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ähli sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler strategiýasynyň möhüm wezipesidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda bina edilen täze ýaşaýyş jaý toplumy Magtymguly şaýolunyň ugry boýunça, Taslama we Tähran köçeleriniň arasyndaky giň çäkde Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşdy. Bu ak mermerli toplum Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ynsan eli bilen döredilen ýene bir alamatyna, milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary bilen amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatynyň hasyl bolýandygynyň aýdyň mysalyna öwrüldi. Ir bilen bu ýerde uly baýramçylyk we ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Ýygnananlaryň ählisi döwlet Baştutanymyzy ägirt uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýaşaýyş jaý toplumynyň öňünde gurnalan baýramçylyk görnüşinde bezelen derwezäniň (arkanyň) ýanyna barýar. Bu ýerde milli Liderimizi çagalar uly şatlyk bilen garşylaýarlar, olar joşgunly goşgulary aýdýarlar. Döredijilik toparlary mähriban hem-de abadan Watanymyzy, agzybir we jebis türkmen halkyny hem-de onuň milli Lideri — Gahryman Arkadagymyzy wasp edýän ajaýyp öwüşginli aýdym-tans maksatnamasy bilen çykyş edýärler. Tolgundyryjy pursat ýetip gelýär: milli Liderimiz körpeler bilen bilelikde baýramçylyk görnüşinde bezelen derwezäniň ýanyna barýar hem-de dabaraly ýagdaýda, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesip, paýtagtymyzyň täze binalar toplumyny açýar. Şol pursatda asmana dürli reňkdäki şarlar uçurylýar. Döwlet Baştutanymyz çagalar bilen bilelikde täze binalar bilen tanyşlyga başlaýar. Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-sy hem-de 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy bina edildi, şolaryň hemmesi ähli ýokary amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan öýlerdir. Ýanaşyk ýerlerde ähli degişli düzümler göz öňünde tutulyp, umumy uzynlygy 5 kilometr 564 metre deň bolan täze ýollar çekildi, olar zerur tehniki serişdeler, ýerasty pyýada geçelgeler hem-de ýolagçy ulaglar üçin duralgalar bilen üpjün edildi. Desgalaryň ýanaşyk çäkleri doly abadanlaşdyryldy we agaç nahallary oturdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryndan we maslahatlaryndan ugur alnyp, täze binalaryň ulanyş mümkinçiliklerine, ekologiýa we bezeg häsiýetnamalaryna uly üns berildi. Dynç alyş we sport bilen meşgullanmak üçin ýörite zolaklar oýlanyşykly ýerleşdirilipdir we abadanlaşdyrylypdyr. Täze binalaryň körpe ýaşaýjylar üçin çagalar oýun meýdançalary gurnalyp, olar şeýle desgalara mahsus zerur derejede enjamlaşdyrylypdyr. Täze belent ýaşaýyş jaýlarynyň daşky bezeginiň aýratynlyklaryny hem bellemek gerek — olary köpöwüşginli mozaika pannolary bezeýär, şolaryň her biri özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu giň möçberli “nakgaşlyk eserlerinde” Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň buýsançly nyşanlary, onuň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri hem-de nurana geljege tarap bedew bady, halkymyzyň baý taryhy we medeniýeti öz beýanyny tapypdyr. Olaryň keşbinde mähriban ülkämiziň gaýtalanmajak gözelligi, türkmen topragynyň sahawaty hem-de onuň tebigy baýlyklary öz beýanyny tapýar. Şolaryň ählisi bilelikde, parahatçylyk, döredijilik hem-de ösüş ýoly bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýan Türkmenistanyň durmuşynyň özboluşly aýdyň waspnamasyna öwrülýär. Mozaikaly “suratlar” jaýlaryň buýrujylary hökmünde çykyş eden ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işiniň ugurlaryny şöhlelendirýär. Olary döretmekde reňk öwüşgininden başlap, bezeg ugurlaryna hem-de beýan edilen keşplere çenli her bir zat göz öňünde tutuldy. Bezeg işlerinde täzeçil tehnologiýalaryň hem-de milli bezegiň äheňleriniň işjeň ulanylmagy binalaryň gözelligini has-da artdyrýar. Her bir täze binanyň ýanynda aýdym-saz ýaňlanýar, artistleriň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlanýar. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde özüne mahsus ajaýyp öwüşginli dabaraly türkmen toýunyň hem-de myhmansöýerligiň gadymy ýörelgeleriniň ruhubelentligi emele geldi. Halkymyzda gadymy döwürlerden bäri täze öý tutunmak ynsan durmuşynda aýratyn ähmiýetli waka hasap edilýär hem-de bu gün täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan, asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli ýörelgelere beslenýär, muny şu gezekki dabaranyň barşy hem aýdyň görkezdi. Täze 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynda amatly we abadan ýaşamak üçin ähli şertler döredilendir. Şolarda ähli amatlyklary, şol sanda giň myhman otaglaryny, amatly ýatylýan otaglary, häzirki zaman durmuş enjamlary bilen üpjün edilen aşhanalary, kömekçi jaýlary öz içine alýan amatlyklaryň doly toplumy göz öňünde tutulan üç, dört we bäş otagly öýler ýerleşdirildi. Şeýle hem zerur ähli durmuş üpjünçilik ulgamlary göz öňünde tutulandyr. Ýeri gelende aýtsak, girelgeler, aşhanalar we ýaşaýyş otaglary her bir öýlerde goýlan dürli ölçegdäki iki smart-telewizorlar ýaly ýurdumyzda öndürilen mebeller bilen gurnalandyr. Ýurdumyz üçin täze bolan bu önümiň çykarylyşy döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňe sürlen elektron senagatyny döretmek we ösdürmek boýunça maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýola goýuldy. Bilelikdäki “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän “Tolkun”, “Zemin” we “Älem” smart-telewizorlary alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar. Bu önümler dünýä ölçeglerine kybap gelýär. Bularyň ählisi otaglaryň içki bezegi hem-de enjamlar bilen üpjün edilişi bilen birlikde taslamada göz öňünde tutulandyr. Elbetde, myhman otaglarynyň, ýatakhanalaryň we beýleki otaglaryň bezegi türkmen halylarydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen zenanlarynyň zehininden kemal tapýan halylar halkymyzyň durmuşynyň möhüm bölegi bolmak bilen bir hatarda, milletiň taryhy we medeniýeti bilen berk baglanyşyklydyr. Milli halyşynaslyk önümleriniň ajaýyp nagyşlarynda çuňňur many bardyr. Şolarda türkmen halkynyň kalbynyň, mähriban topragymyzyň gözelligi, köpöwüşginliligi öz beýanyny tapýar. Deňsiz-taýsyz sungat eserleri hasaplanylýan el halylary döwlet Baştutanymyzyň “Janly rowaýat” we “Arşyň nepisligi” atly kitaplarynda ýokary çeperçilik derejesinde wasp edilýär. Milletiň bahasyz gymmatlygy bolan halylar dünýä medeniýetiniň möhüm gymmatlygydyr. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halyçylyk däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolugra täze jaýlaryň birine bardy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz öz ýanyndaky çagalara sowgatlary gowşurdy hem-de olar bilen ýadygärlik surata düşdi. Soňra döwlet Baştutanymyz jaýyň içine girdi — Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň düzümleriniň biriniň baş hünärmeni Resul Myradowyň maşgalasynyň göçüp baran öýüne bardy. Öý eýesi milli Liderimizi mähirli garşylap, halkyň abadançylygy baradaky çäksiz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi, öz maşgalasynyň dört adamdan ybaratdygy barada gürrüň berdi. Öý bikesi Gunça, olaryň iki sany çagasy — gyzy Mähekjemal we ogly Muhammetnur bar. Ýaş maşgalabaşy ýokary bilimli hünärmen bolup, degişli ugurda zähmet çekýär. Hormatly Prezidentimiz R.Myradowyň maşgalasyny täze jaý bilen gutlap we otaglarynyň ýerleşdirilişi hem-de abadanlaşdyrylyşy bilen gyzyklanyp, hemme ugurlarda türkmenistanlylaryň mynasyp durmuşyny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu ugurdaky işler geljekde hem dowam etdiriler. Milli Liderimiz öýi gözden geçirip, söhbetdeşligiň barşynda myhmansöýer öý eýesinden işi, maşgalanyň ýaşaýyş-durmuşy hem-de täze jaýyň ýaşaýjylary üçin göz öňünde tutulan amatlyklar barada sorady. R.Myradow öz öýünden hem-de bu ýerde ýaşamak üçin döredilen şertlerden örän hoşaldygyny aýtdy. Öýde döredilen oýlanyşykly, ugurdaş düzüm hem ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaga ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem ýaş maşgala gymmatly sowgady gowşurdy. Öý eýeleri muňa jogap edip, däp bolan toý paýyny gowşurdylar hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýaş maşgalalaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak hem-de olara goldaw bermek meselelerine berýän hemişelik ünsi üçin öz hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle maşgalalar şunuň ýaly ýokary hil häsiýetleri we amatlyklary bolan ajaýyp öýleri satyn almak mümkinçiligine eýedirler. Döwlet Baştutanymyz öý eýeleri bilen hoşlaşyp, olara berk jan saglyk, bagt we maşgala abadançylygyny arzuw etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň baryp gören jaýynyň öýleriniň “akylly öý” ýörelgesi boýunça enjamlaşdyrylandygyny bellemek gerek. Bu ulgam belli bir gündelik işleri adam gatnaşmazdan, ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Hususan-da, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we internet ulgamyna daýanmak bilen şunuň ýaly awtomatlaşdyrylan ulgam öýleriň eýelerine durmuşda ulanylýan enjamlaryň hereket edişine ykjam telefonlar arkaly gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Bu özboluşly taslama Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary tarapyndan taýýarlanyldy. Ýeri gelende aýtsak, şunuň ýaly taslama goňşy jaýda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň talyplary tarapyndan ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň geljekki hünärmenleri özleriniň ýokary tehnologiýalar ulgamynda alan bilimlerini innowasion taslamalary işläp düzmäge gatnaşmak bilen iş ýüzünde durmuşa geçirýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki gyrasyny ak mermerli belent binalar gurşap alan ýoluň ugrunda täze ýaşaýyş toplumlary bilen tanyşmagyny dowam etdi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Medeniýet ministrligi, Energetika ministrligi, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, “Türkmen standartlary” baş döwlet gullugy, “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi, Türkmenistanyň Merkezi banky hem-de ýokarda bellenilişi ýaly, Aşgabat şäheriniň häkimligi, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi belent ýaşaýyş jaýlarynyň buýrujylary hökmünde çykyş etdiler. Desgalaryň gurluşygyny ýurdumyzyň ugurdaş kompaniýalary amala aşyrdylar. Şolaryň hatarynda “Aşgabatgurluşyk” önümçilik birleşigi, “Weli gurluşyk”, “Nusaý ýollary”, “Rysgally zähmet”, “Çakmak daşy”, “Bereketli” hususy kärhanalary, “Altyn nesil”, “Ajaýyp bina” hojalyk jemgyýetleri bar. Täze öýlere göçüp baran bagtyýar ýaşaýjylar Arkadag Prezidentimize ýaşamak we dynç almak babatda döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler. Ähli ýerde baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyrylyp, halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän özboluşly däp-dessurlary şöhlelendirilýär. Ol ýörelgeler häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär. Şeýle dabaralaryň biri milli ýörelgämize laýyklykda bellenilýän “Bäbek toýy” diýlip atlandyrylýar. “Ädimler gutly bolsun, gadamlar batly bolsun!” atly dessur bolsa çaganyň ilkinji dişiniň çykmagy, onuň ýörjen-ýörjen bolup, ilkinji ädimleri ätmegi, galpak toýy bilen baglanyşyklydyr. Nesilleriň arasyndaky ruhy baglanyşygy üpjün edýän bu däplerde çagajyga bagtly ykbal, berk jan saglyk we ähli gowulyklar arzuw edilýär. Şol ýerde bu wakalary wideofilme surata düşürmegi şöhlelendirýän sahna oýny goýlupdyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tegelek görnüşli ýol çatrygyna barýar, şol ýerde “Türkmen alabaýy” atly heýkel oturdylypdyr. Kuwwatly, arassa ganly alabaýyň heýkeli diňe bir köpegiň şekili bolman, eýsem, ol türkmen halkynyň wepaly syrdaşy, ygtybarly kömekçisi we dosty hökmünde görýän alabaýa bolan gatnaşygyny äşgär edýär. Alabaýlaryň öz eýelerine wepasy, mähirli gatnaşygy ebedileşdirilmegine mynasyp häsiýetlerdir. Alabaýyň heýkelini oturtmak, şeýlelikde, bu ajaýyp hem-de gaýduwsyz we mähirli ýüregi bolan alabaýlara hormat-sarpa goýmak, milletiň taryhynda hem-de halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornuny aýratyn bellemek başlangyjy döwlet Baştutanymyzyň hut özüne degişlidir. Şu ýyl Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi. Onuň esasy maksady türkmen alabaýlaryny yzygiderli köpeltmek, halk seçgiçilik usulyny hem-de milli itşynaslyk mekdebini giňden peýdalanyp, halkara derejesine ýetirmek bolup durýar. Şeýle hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumy hem-de Änew şäherinde weterinariýa bejerişhanasy we öý haýwanlaryny saklaýan, dünýä ölçeglerine gabat gelýän toplum gurlup, ulanylmaga berildi. Toplumda haýwanlara keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek, keselini anyklamak we bejermek boýunça hyzmatlaryň dürli görnüşleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, assosiasiýa tarapyndan ýurdumyzyň Ahal welaýatynda türkmen alabaý itleriniň Karantin merkeziniň, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde türkmen alabaý itleriniň Tohumçylyk merkezleriniň hem-de Aşgabat şäherinde Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň wepaly ýoldaşy, milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri hakynda edilýän aladanyň ýurt derejesinde özüniň oňyn netije berýändigini aýdyňlygy bilen subut edýär. Ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylan üstünlikleri halkara derejede giňden wagyz etmek maksady bilen, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň “Türkmeniň nusgalyk alabaýy” žurnaly döredildi. Onda çap edilýän makalalarda türkmen alabaýlaryny köpeltmegiň taryhy we däpleri, milli hem-de dünýä tejribesi hakynda gürrüň berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk bölüminiň weterinar lukmançylygy kafedrasynda täze hünär — kinologiýa hünäri açyldy. Şu ýyl bu ugur boýunça ilkinji talyplar saýlap alan hünärleri boýunça bilimleri özleşdirýärler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda türkmen alabaýlaryny köpeltmek we olaryň tohumyny gowulandyrmak merkeziniň binalarynyň täze toplumy ulanylmaga berildi. Bu işler bilen bir hatarda, halkara hyzmatdaşlygyna ähmiýetli orun berilýär. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birligi bolan Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) hem-de başga-da birnäçe iri abraýly halkara guramalar, şol sanda bu ugurda iş alyp barýan daşary ýurt assosiasiýalary, ýuridik şahslar we dünýäniň dürli künjeklerinden hususy itşynaslar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar. Geljekde ýurdumyzda türkmen alabaý itlerine bagyşlanan maslahatlary, sergileri, alabaý itleriniň gözellik bäsleşiklerini we beýleki halkara çärelerini yzygiderli geçirmek hem-de ylmy işleri alyp barmak meýilleşdirilýär. Soňky ýyllarda türkmen itlerine bolan gyzyklanma artdy. Türkmenistanda, dünýäniň dürli künjeklerinde türkmen alabaý itleriniň muşdaklarynyň sany barha köpelýär. Şeýle uly gyzyklanmany nazara almak bilen, awgust aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi, munuň özi itleriň tohum arassalygyny saklamak we köpeltmek boýunça ähli hünärmenleriň, türkmen alabaýlarynyň muşdaklarynyň dünýä belli Orta Aziýa itleriniň taryhy mesgenine birleşmegine ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu saýlama tohum itleriniň baş sanynyň has-da artmagyna, itşynaslyk babatda tejribe alşylmagyna hem-de netijeli halkara başlangyçlarynyň ýola goýulmagyna ýardam eder. Guramanyň birinji mejlisinde oňa gatnaşyjylar tarapyndan her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek we şol günlerde Aşgabatda “Türkmen alabaý itleri” halkara assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisini geçirmek baradaky teklip goldanyldy. ...Heýkeliň öňündäki meýdançada edebi, aýdym-sazly çykyş ýaýbaňlandyrylýar. Artistler çopanlaryň durmuşyndan bir sahnany janlandyrýarlar. Alabaý itleri hemişe çopanlaryň ýakyn kömekçisi bolupdyr we häzirki wagtda hem şeýle bolmagynda galýar. Sahnanyň baş gahrymanlary — oglanjyk we onuň atasy nesilleriň dowamatlylygyny alamatlandyrýar. Sahnalaşdyrylan çykyşyň barşynda ýene-de bir gahryman — owadanja güjüjek peýda bolýar. Ýaşuly ony agtygyna gowşurýar hem-de şeýle dostuň hemişe gadyryny bilmelidigini pent edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen alabaýy” atly kitabyndan parasatly sözler ýaňlanýar. Bu kitap ägirt uly ylmy-barlag maglumatlarynyň esasynda milli taryhy-medeni gymmatlygyň diňe bir ugruny açyp görkezýär. Bu eserde dünýäde iň gadymy tohumdaky meşhur köpekleriň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň berilýär, şeýle hem ahalteke bedewleri, türkmen halylary we bakja önümleri ýaly gözbaşyny gojaman taryhdan alyp gaýdýan milli gymmatlyklar bilen bir hatarda durýan alabaýlaryň özboluşly aýratynlygy açylyp görkezilýär. Alabaýlar aýratyn ähmiýetli görnüşleri bilen türkmen halkynyň sazlaşyk, gözellik, diňe bir maddy däl, eýsem, ruhy gymmatlyk düşünjelerini özünde jemleýär. Häzirki döwürde alabaýlaryň keşbi öz ähmiýetini ýitirmän, has giň mazmuna eýe bolýar. Çünki olar köp nesilleriň şöhratly pederlerimiziň özboluşly ugry döretmäge mümkinçilik beren halal zähmetine bolan hoşallyklarynyň jemine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň milli gymmatlygyny giňden wagyz etmek boýunça alyp barýan maksada okgunly we işjeň syýasaty bu ugruň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagyny şertlendirdi. Alabaý batyrlygy, gaýduwsyzlygy hem-de eýesine juda wepalylygy bilen tanalyp, ol ojagyň sakçysy, şol bir wagtda olary dost tutunýan çagalara hem örän mähirli sypatlary bilen bellidir. Olar türkmen halkynyň hormatyna we söýgüsine eýe bolup, häzir hem doly hukukly maşgala agzalaryna deňelýär. Alabaýyň “Aşgabat 2017” oýunlarynyň nyşany hökmünde saýlanyp alynmagy hem tötänden däldir, şol oýunlar tamamlansa-da, Wepaly sport ýeňişleriniň we sport ruhunyň baş tumary bolup galdy. Emma Türkmenistanda alabaýlar itleriň beýleki tohumlaryndan goralyp saklanypdyr hem-de beýleki tohumlar bilen goşulyşman, özleriniň ilkibaşdaky görnüşini saklap galypdyr. Arheologlaryň Türkmenistanyň çäginde tapan, çopanlaryň wepaly hemrasynyň şekilleri bu tohumyň gadymylygyna şaýatlyk edýär. Altyndepe we Goňurdepe (biziň eýýamymyza çenli ikinji müňýyllyk) ýaly belli ýadygärliklerde dürli ýyllarda itleriň şekiljikleri tapyldy, gadymy Nusaýda ýüze çykarylan Parfiýa ritonlarynyň biriniň ýüzünde daýaw itiň şekilini görmek bolýar. Aşgabadyň muzeýlerinde alabaýyň dürli asyrlarda we dürli senetçilik merkezlerinde döredilen beýleki heýkelleri saklanýar. Orta asyra degişli Daňdanakan ilatly ýerde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde kiçi göwrümli faýans heýkeljigi tapyldy, onda türkmen alabaýynyň şekilini görmek bolýar. Magtymguly şaýolunyň esasy çatryklarynyň biriniň baş bezegine öwrülen heýkelde alabaýlaryň özboluşly aýratynlygy öz beýanyny tapypdyr. Heýkel örän uly bolup görünýär: itiň şekiliniň beýikligi 6 metre barabardyr. Ol beýikligi 9 metre barabar bolan postamentde ornaşdyryldy. Şeýlelikde, diametri 36 metre barabar bolan meýdançada ýerleşen 15 metrlik heýkel ähli tarapdan we alyslardan oňat görünýär. Soňra hormatly Prezidentimiz täze binalary we baýramçylyk dabaralaryny synlap, ýoluny dowam etdi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” diýen kitabynyň esasynda oglanjygyň ilkinji gezek bedewe mündürilişi bilen baglanyşykly däp görkezilýär. Bedew özüniň şöhratly taryhynyň bütin dowamynda türkmen halkynyň wepaly ýoldaşy we dosty bolupdy. Şonuň üçin hem bu däp gadymy döwürlerden biziň günlerimize gelip ýetipdir. Şu ýerde çagalar döredijilik topary ýaşajyk atçaparlaryň göçgünli tansyny ýerine ýetirýärler. Elbetde, türkmen toýunda desterhan giňden ýazylýar. Uly gazanlaryň ýanynda ussat aşpezler milli tagamy taýýarlamagy baýramçylyk aýdymlary bilen utgaşykly alyp barýarlar. Şol bir wagtyň özünde goňşy jaýyň ýanynda, öňden gelýän asylly däbe görä, gullukdan gaýdyp gelen ýigidi garşylamak dabarasy bolýar. Bu sahna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine bagyşlanan “Mertler Watany beýgeldýär” atly eseriniň esasynda goýlupdyr. Gapdalda türkmen toýy bilen baglanyşykly milli däpler — “ýaglyk daňdy” we “halat geçdi” dessury sahnalary ýaýbaňlandyrylýar. Soňra gelnalyjy — öýlenýän ýigidiň öýüne gelniň getirilişi bilen baglanyşykly toý dabarasy görkezilýär. Ýurdumyzyň baş şäheriniň bu künjeginde bina edilen täze desgalar çalt depginde ösýän ak mermerli Aşgabadyň keşbine ýene-de bir özboluşly gözellik çaýýar. Bu häzirki zaman taryhy eýýamyň gazananlaryny wasp edýän owazda öz şöhlelenmesini tapýar. Toý dabarasy täze açylýan “Gül zemin” söwda-dynç alyş merkezinde dowam etdi. Bu ýerde milli Liderimizi sungat ussatlary ruhubelentlikli çykyşlary bilen garşyladylar. Magtymguly şaýoly bilen Taslama köçesiniň çatrygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerini ýurdumyzyň “Altyn” hojalyk jemgyýetiniň işgärleri ýerine ýetirdi. 3,8 gektar meýdany bolan taslamada 43 müň 560 inedördül metr ýerde üç gatly bina guruldy. Onuň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy we gök zolaklar döredildi. Şeýle hem bu ýerde ýollar, ýanýodalar, kömekçi desgalar bina edildi. Şu gün täze söwda-dynç alyş merkezi özüniň ilkinji myhmanlaryny kabul etdi. Şu pursatdan başlap, merkeziň köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin söýgüli künjege öwrüljekdigi gürrüňsizdir. Köp sanly söwda nokatlaryndan başga-da, onda jemgyýetçilik iýmiti kärhanasy ýerleşdi. Bu ýerde 800 orunlyk we 400 orunlyk toý dabaralaryny geçirmek üçin iki zal, 200 orunlyk we 100 orunlyk restoranlar, 5 sany çaýhana bar. Binanyň birinji gatynyň 15 müň inedördül metrden gowrak ýerinde bölek söwda dükanlary bar. Alyjylara ýokary hilli harytlary we hyzmatlary hödürleýän marketler, söwda dükanlarynyň 65-si häzirki zaman ýokary ülňüleri esasynda enjamlaşydyryldy. Şeýle hem bu ýerde durmuş hyzmatlary edarasy we dermanhana ýerleşýär. Binanyň üçünji gatynda her biri 90 orunlyk kinozallaryň ikisini, bir wagtyň özünde çagalaryň 300-sini kabul edip biljek dürli attraksionlary öz içine alýan dynç alyş we şüweleňler zolagy ýerleşýär. Körpeler üçin oýun meýdançalarynyň 4-si göz öňünde tutulypdyr. Çagalar şolarda wagtlaryny gyzykly geçirip bilerler. Merkez döwrebap tehniki enjamlar — amatly liftleriň 10-sy, eskalatorlaryň 6-sy we beýlekiler bilen üpjün edildi. Hormatly Prezidentimiz binanyň içine girýär hem-de täze söwda toplumynda döredilen şertler bilen tanyşýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow merkeze baryp görmeginiň barşynda binanyň merkezini gözden geçirýär. Ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp binalary, Köpetdagyň täsin görnüşleri, ahalteke bedewleri şekillendirilen täsin görnüşler onuň bezegidir. Eýwanda ähli dükanlaryň hem-de iýmit kärhanalarynyň ýerleşişi we şolarda hödürlenilýän harytlaryň görnüşleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän maglumat tablosy bar. Indi biziň durmuşymyza ykjam ornaşan hyzmatlaryň bu görnüşi müşderilere islendik desgadan internet-dükana oňaýly elýeterliligi üpjün edýär. Ol özüne harytlaryň belli bir görnüşi boýunça islegleri kesgitlemäge hem-de buýurmalary çalt resmileşdirmek üçin seçilip alnan önümleri wirtual sebede goýmaga mümkinçilik berýän katalogy özüne birleşdirýär. Ýagny, degişli maglumatlary hem-de harytlary eltip bermek we tölemek boýunça zerur maglumatlary girizäýmek galýar. Döwlet Baştutanymyz eskalatorda merkeziň ikinji gatyna galýar. Şol ýerde Gündogar köşk görnüşinde bezelen uly banket zaly ýerleşýär. Bu ýerde köp adamlyk baýramçylyk dabaralary, ilkinji nobatda bolsa, toýlary geçirmek üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Şolarda ýaş çatynjalaryň ýakynlary hem-de dostlary täze maşgalanyň döredilmeginiň şatlygyny paýlaşyp bilerler. Milli Liderimiz stollaryň ýokary derejede bezelişine mynasyp baha berdi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ol jaýyň hem-de “Gül zemin” merkezindäki beýleki dynç alyş desgalarynyň enjamlaşdyrylyşy hem-de üpjünçiligi barada gürrüň berdiler Döwlet Baştutanymyz şeýle hem golaýda ýerleşen bary synlady. Onuň bezegi modern ugry boýunça ýerine ýetirilipdir. Milli Liderimiz söwda-dynç alyş merkeziniň Gündogar bezegini ulanmak arkaly ýerine ýetirilen içki bezegine mynasyp baha berdi. Diwardaky pannolar hem söwda merkeziniň döwrebap içki bezegi bilen sazlaşýar. Şolarda halkymyzyň taryhy-medeni mirasy hem-de mähriban topragymyzyň tebigy baýlyklary beýan edilýär. Döwlet Baştutanymyz tanyşlygyny dowam edip, geçelge arkaly birinji gatda ýerleşen dükanlaryň öwşün atýan tekjeleriniň öňünden geçýär. Bu ýerde ähli zatlar — parfýumeriýa we dokma önümleri, sowgatlyklar, çagalar üçin oýnawaçlar, elektronika, egin-eşik, aýakgap, kosmetika hem-de şaý-sep önümleri, sagatlar we el telefonlary... bar. Dürli ugurly dükanlar alyjylara ýurdumyzyň örän köp görnüşli harytlaryny hem-de dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň önümlerini hödürleýärler. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça haryt bolçulygyny üpjün etmek we içerki bazary zerur bolan önümlerden doldurmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Halkyň sarp edýän harytlarynyň çykarylyşyny, ýeňil we azyk senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen birlikde, hyzmatlar ulgamyny hem-de söwdany ösdürmäge iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Türkmenistanda öndürilen önümleriň köp görnüşli bolmagy ýurdumyzyň oba senagatynyň hem-de gaýtadan işleýän pudaklaryň, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalaryň mümkinçilikleriniň has-da ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda şol kärhanalaryň sany barha artýar. “Gül zemin” söwda-dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň dokma senagatynyň önümleriniň hem köp görnüşleri bar. Bu pudak milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşiniň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, bu ulgamda pudagyň bar bolan kuwwatyndan has doly peýdalanmak, ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça ýokary tehnologiýaly kärhanalary döretmek baradaky wezipeleri çözmek maksady bilen netijeli çäreler görülýär. Bu ulgamyň önümçilik binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň hem-de tehniki taýdan täzelemegiň netijesinde hil we ekologiýa howpsuzlygy babatda halkara ölçeglerine laýyk gelýän taýýar önümleriň görnüşleri yzygiderli köpeldilýär. Şol önümler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýar. Döwlet Baştutanymyz merkezi gözden geçirmegi dowam edip, çaga egin-eşikleriniň dükanyna bardy we körpe alyjylara hödürlenilýän önümleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu ýerde islendik ýaşdaky çagalar üçin oňaýly we owadan eşikleri satyn alyp bolýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şeýle ýöriteleşdirilen dükanlarda önümleriň görnüşleri düzülende, çaga harytlarynyň hiline aýratyn üns bermek zerurdyr. Olar çagalar üçin oňaýly bolmalydyr. Hormatly Prezidentimiz ýolugra dynç alyş we şüweleňler üçin niýetlenen jaýy hem synlady, şol ýerde çagalaryň boş wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi. Dürli attraksionlar hem-de oýun meýdançalary çagalary özüne çekip biler. Şol ýerde wagtyňy şadyýan we gyzykly geçirip bolýar. Bu ýerde ýerleşýän kinozallaryň ikisinde çagalar üçin niýetlenen animasion we çeper filmlere tomaşa etmek körpelerde uly kanagatlanma döreder. Attraksionlaryň hem-de oýun awtomatlarynyň köpdürlüligi haýran galdyrýar. Şol pursatda bu ýerde olara ussatlyk bilen erk edýän çagalaryň şadyýan sesi we gülküsi ýaňlanýardy. Bu ýerde “Ähli gowy zatlar — çagalara!” diýen şygar iş ýüzünde äşgär boldy: şol ýerde oýun senagatyndaky iň gyzykly we haýran galdyrýan täzelikler jemlenipdir. Olar uly ýaşly adamlary hem biparh goýmaýar. Ilatyň köpdürli isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýaşamak üçin has oňaýly şertleri döretmek, hyzmatyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak söwda kärhanalarynyň işiniň möhüm wezipeleriniň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Bazar özgertmeleri döwründe ýurdumyzyň sarp edijiler bazarynyň düzümi düýpli özgerdi: söwda kärhanalarynyň sany ep-esli artdy, ýokary telekeçilik işjeňligi netijesinde bu ulgamda bäsdeşlik ýagdaýy emele geldi. Munuň özi hyzmatlaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegini, mahabatyň we harytlary ýerlemegiň öňdebaryjy usullaryny, goşmaça hyzmatlary ulanmagy talap edýär. Hut şu ýagdaýlary nazara almak bilen, satyn alyjy özi üçin amatly dükany saýlap alar. Müşderilere ýokary derejede üns berilmegi, edilýän hyzmatlaryň hiliniň yzygiderli gowulandyrylmagy söwda işiniň netijeliliginiň esasyny düzmelidir diýip, milli Liderimiz belledi. ...Türkmen halky gadymdan bäri myhmansöýerligiň we göwnaçyklygyň baý däpleri bilen meşhurlyga eýe bolupdyr. Şol däpler bolsa ýurdumyzyň çäklerinden daşda hem mälimdir. Biziň günlerimizde bu gadymy däpler täze öwüşgine eýe bolýar, şol sanda hyzmatlar we söwda ulgamynda iň döwrebap innowasiýalaryň ählisini özüne birleşdirýär. Täze “Gül zemin” söwda-dynç alyş merkezi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu merkez amatly söwda etmegi, dynç almagy hem-de maşgalanyň boş wagtyny netijeli geçirmegini utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlan bazarlar, döwrebap söwda merkezleri türkmen halkynyň sahawatlylygynyň hem-de mähriban topragymyzyň berekediniň nyşanyna, halkymyzyň abadançylygynyň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan milli ykdysady nusganyň netijesidir. Çäginde Beýik Ýüpek ýoly dikeldilýän Türkmenistanda bu işe uly ähmiýet berilýär. Beýik Ýüpek ýoly mundan beýläkki ykdysady we medeni ösüşde möhüm orun eýelemelidir. Bu giň gerimli çäreler döwletleriň arasynda işewür we ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyny, türkmen halkynyň ruhy däpleriniň giňden wagyz edilmegini şertlendirýär. Milli Liderimiz şeýle hem täze söwda merkeziniň bezeginde milli äheňleriň ulanylandygyny belledi. Munuň özi diňe bir estetiki däl, eýsem, terbiýeçilik ähmiýetine eýedir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetçilik ýerleriniň içki bezeginde şeýle nagyşlary hem-de halk äheňlerini giňden ulanmagy, türkmen halkynyň çeperçilik däplerini beýan etmäge döredijilikli çemeleşmegi maslahat berdi. Döwlet Baştutanymyz “Gül zemin” söwda-dynç alyş merkezi bilen tanyşlygyny tamamlap, hemmeler bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady. Şol pursatda hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweniniň barýan ýolunyň ugrunda joşgunly “Küştdepdi” tansy ýerine ýetirildi. Oňa dabara gatnaşyjylaryň ählisi ruhubelentlik bilen goşuldylar. Ýurdumyzyň baş şäheriniň şu künjeginde ulanylmaga berlen täze desgalar okgunly ösýän Aşgabadyň görküne görk goşdy. Paýtagtymyzyň binagärlik toplumlarynyň üsti her ýyl iri ýaşaýyş toplumlary, dürli maksatly täze binalar bilen ýetirilýär. Türkmen paýtagty soňky ýyllarda gurlan we ulanylmaga berlen ak mermerli binalary bilen haýran galdyrýar. 2011-nji ýylda Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary şäheriň günorta böleginde, Arçabil şaýolunyň ugrunda gurlan ajaýyp edara binalarynda jaý toýlaryny tutdular. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan belent ýaşaýyş jaýlaryny, ulag-kommunikasiýa hem-de beýleki maksatly desgalary öz içine alýan tutuş binalar toplumlary yzly-yzyna ulanylmaga berildi. Hususan-da, Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyryny gurmagyň taslamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde, şäheriň günorta-günbatar böleginde milli Liderimiziň gatnaşmagynda iki gatly kottejleriň, üç, dört we on iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň toplumlarynyň, şeýle hem umumybilim berýän mekdebiň, çagalar baglarynyň we söwda merkezleriniň birnäçesiniň açylyşy boldy. Şeýle hem ýakyn geljekde nobatdaky, 17-nji tapgyryň desgalaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabady ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, onuň binagärlik keşbinde şähergurluşyk ulgamynda gazanylanlar hem-de inžener-tehniki pikiriň belent sepgitleri we şunuň bilen birlikde, milli binagärligiň hem-de bezegiň iň gowy däpleri öz beýanyny tapýar. Paýtagtymyzyň ajaýyp desgalarynyň ençemesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Dünýäde ak mermerli binalaryň bir ýere iň köp jemlenen şäheri hökmünde Aşgabadyň özi hem bu kitapda mynasyp orun eýeledi. Türkmen paýtagty gündizine bolşy ýaly, gijesine hem ajaýyp keşbi bilen hemmeleri haýran galdyrýar. Dürli reňkde öwşün atýan täsin suw çüwdürimleri, özboluşly binalaryň bezegi, paýtagtymyzyň giň şaýollaryna, meýdançalaryna we seýilgählerine nur saçýan çyralar şäheriň gözelligini has-da artdyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň kerwenbaşysy bolmak bilen, Aşgabat häzirki wagtda täze taryhy eýýamyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Şeýle hem milli Liderimiziň adyndan 16-njy tapgyryň desgalarynyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Açylyş dabarasy tamamlanandan soň, täze ýol boýunça awtoulaglaryň köpçülikleýin hereketi başlandy. Şeýlelikde, şu gün paýtagtymyzda täze desgalaryň dabaraly ýagdaýda açylmagy ata Watanymyzyň iň täze taryhyna ýene-de bir öçmejek sahypany ýazdy. Eziz Diýarymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar hem-de hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görýär.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow