Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 03.11.2020
1287

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlaryň melhem suwlary we howasy bilen dünýä belli bolan şypahanalarymyzyň hyzmatyndan netijeli peýdalanmagyny üpjün etmek hem-de olara berilýän ýollanmalaryň bahalaryny kesgitlemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalarynda bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollanmalaryň bahalary tassyklanyldy.

* * *
Ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegleri bilen ýük daşamagy düzgünleşdirmek we ulaglar ulgamynyň halkara gatnawlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşyga (Aşgabat Ylalaşygyna) hem-de Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşyga) agza döwletlerden ýa-da bu döwletleriň üsti bilen daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegleri Türkmenistana getirilende we onuň çäginden üstaşyr geçirilende, daşary ýurt döwletleriniň tirkeg çekiji awtomobili ulanylmadyk ýagdaýynda, olaryň eýelerinden alynýan degişli ýygymlar hem-de tölegler 2020-nji ýylyň 15-nji noýabryndan 2021-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli döwür üçin bellenildi. Şeýle hem resminama laýyklykda, şol ýygymlar we tölegler ygtyýarly banklar tarapyndan alnar hem-de Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasyna geçiriler. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Döwlet gümrük gullugyna we «Türkmenawtoulaglary» agentligine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow