Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Jahan» döredijilik merkeziniň açylyş abarasyna gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
«Jahan» döredijilik merkeziniň açylyş abarasyna gatnaşyjylara
Çap edildi 30.10.2020
1172

Hormatly watandaşlar! Gadyrly medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri! Sizi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde bina edilen «Jahan» döredijilik merkeziniň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde täze üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin! Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady kuwwaty has-da pugtalanýar, sanly ulgamy hem-de häzirki döwrüň iň kämil tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda uly ösüşler gazanylýar, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş, medeni, aň-bilim derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini saklamak bilen birlikde jemgyýeti we demokratiýany mundan beýläk hem ösdürmäge tarap tutumly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzda bedew batly ösüşleriň gazanylmagy ugrunda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylmagy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetimize ornaşdyrylmagy raýatlarymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky, 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň sebit we dünýä syýasatynyň esasy meseleleri babatdaky netijeli garaýyşlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldawa mynasyp boldy. Bu garaýyşlar, esasan, pandemiýa garşy göreşde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy, halkara syýasy, parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri, durnukly ösüş hem-de halkara ynsanperwer hyzmatdaşlyk bilen bagly möhüm başlangyçlary öz içine alýar. Häzirki döwürde biz döwletimiziň kanunçylyk we hukuk tertibini kämilleşdirmek, raýatlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak boýunça giň möçberli işleri durmuşa geçirýäris. Munuň şeýledigine ýurdumyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeler hem doly şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda, demokratik-hukuk ulgamynda aýdyň beýanyny tapdy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda amala aşyrylýan bu taryhy wakalar ähli raýatlarymyz bilen birlikde medeniýet we sungat işgärlerini hem döredijilikli zähmete, belent maksatlara ruhlandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlar boýunça belent sepgitlere ýetmegine medeniýet we sungat işgärleri uly goşant goşýarlar. Hormatly medeniýet we sungat işgärleri! Soňky ýyllarda mähriban Watanymyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda medeni-durmuş maksatly döwrebap binalar, ýaşaýyş jaýlary, senagat we önümçilik desgalary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Şu gün açylyp, ulanmaga berilýän «Jahan» döredijilik merkezi hem biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämizden gelip çykýan aýdyň wezipeleri, tutumly işleri çeper wasp etmekde, watandaşlarymyzy il-ýurt bähbitli işlere ruhlandyrmakda, medeniýet ulgamyny has-da kämilleşdirmekde, medeniýet we sungat işgärleriniň alyp barýan köpugurly işleriniň netijeliligini has-da artdyrmakda, şeýle hem milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň dürli ugurlarynyň özara baglanyşygyny, bitewüligini emele getirmekde alnyp barylýan işlere uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn. «Jahan» döredijilik merkezinde döwrüň iň kämil tehnologiýalary we ösen tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen uly we kiçi tans toparlary üçin aýratyn zallar, zenanlar üçin gündogar sport maşklary zaly, gelin-gyzlar üçin fitnes zaly, ses studiýasy, suratkeşler üçin otag, orkestr üçin taýýarlyk zaly, tikin we el işleri bölümi, maslahatlar zaly, köpugurly sport zaly, wokal saz gurallary topary we kiçi hor toparlary üçin taýýarlyk otaglary ýaly ençeme döredijilik maksatly düzümler bar. Munuň özi sungatyň dürli ugurlary bilen gyzyklanýanlaryň tebigy zehin-başarnyklaryny açmagy, döredijiligini has-da kämilleşdirmegi, döwrebap eserleri döretmekleri üçin zerur şertleri üpjün edýär. Hormatly adamlar! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýetini wagyz etmekde, bagtyýar halkymyzy merdana ata-babalarymyzdan miras galan hoşniýetli däplerimize, döwletlilik ýörelgelerimize eýerip, täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmakda medeniýet we sungat, döredijilik işgärleri, alymlarymyz uly işleri alyp barýarlar. Häzirki döwürde türkmen medeniýeti halkymyzyň ruhy gymmatlyklary, edebi-çeper, sahna eserleri, asylly ahlak-edep terbiýeçilik ýörelgeleri bilen barha baýlaşýar. Medeniýetiň ösmegi, sungatyň kämilleşmegi halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, watançylyk duýgularyny pugtalandyrýar. Munuň özi jemgyýetimiziň bitewüligini şertlendirýär. Medeniýet we sungat ojaklarynda, teleradioýaýlymlarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde alnyp barylýan aň-bilim, wagyz-nesihat işleri raýatlarymyzyň kalbynda watansöýüjiligi, ruhubelentligi, halallygy kemala getirýär. Şoňa görä-de, medeniýet ulgamyny yzygiderli ösdürmek, döredijilik işgärlerine netijeli we öndürijilikli zähmet çekmek, medeniýetli dynç almak hem-de bagtyýarlygyň eşretini duýup ýaşamaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek biziň esasy wezipelerimiziň biridir. Gadyrly medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri! Sizi «Jahan» döredijilik merkeziniň açylyp, ulanmaga berilmegi mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan döredijilik işleriňizde hemişe uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin! Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
top-arrow