Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň gurluşyk senagaty ýokary dünýä ölçeglerini özleşdirýär
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň gurluşyk senagaty ýokary dünýä ölçeglerini özleşdirýär
Çap edildi 29.08.2015
2593

Aşgabat, 29-njy awgust (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda “Türkmengurluşyk-2015” halkara sergisi öz işini tamamlady. Däp boýunça guralýan serginiň çäklerinde “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahat geçirildi. Bu iri forum paýtagtymyzdaky Sergi köşgüni pudagyň dolandyryş düzüminiň işgärleri, gurluşykçylar, marketologlar, işewürler, önüm öndürijiler, bilermenler, önüm getirijiler we buýrujylar üçin özboluşly gepleşik meýdançasyna öwürdi we ýurdumyzyň gurluşyk toplumynyň gazananlaryny, geljekki ösüşini beýan etdi. Sergä gatnaşan 230-dan gowrak wekiller döwlet düzümlerini, iri gurluşyk kompaniýalaryny, senagat kärhanalaryny, taslama institutlaryny we Russiýanyň, Fransiýanyň, Germanýianyň, Awstriýanyň, Şweýsariýanyň, Polşanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Gazagystanyň, Ermenistanyň we beýleki ýurtlaryň ugurdaş guramalaryna wekilçilik etdiler. Olaryň hatarynda biziň ýurdumyzyň ozaldan gelýän we täzelikde goşulan hyzmatdaşlary bar. Hyzmatdaşlaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň gurluşyk pudagy özara gatnaşyklar üçin ägirt uly mümkinçilige eýedir. Gurluşyk toplumy durmuş we senagat düzüminiň zerur bolan binýadyny emele getirýär. Binagärleriň we taslamaçylaryň, inženerleriň, gurluşykçylaryň we gurluşyk serişdelerini öndürijileriň netijeli işi milli ykdysadyýetimiziň ösüşini şertlendirýär. Şäherleriň we obalaryň keşbiniň özgermegi ykdysadyýetimiziň milli ugrunyň, biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Bazaryň iň wajyp ýörelgelerine, täzeçil tehnologiýalara, şeýle hem işewür çäreleriň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine kuwwatly itergi bermek Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň hem-de “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň bilelikde guran “Türkmengurluşyk-2015” sergisiniň esasy üstünligidir. Köpsanly duşuşyklaryň we geňeşmeleriň barşynda bilelikdäki işiň esasy ugurlary kesgitlendi, täze gatnaşyklar ýola goýuldy, ýakyn geljek üçin meýilnamalar işlenip taýýarlanyldy. Bu ýerde geçirilen maslahat serginiň esasy wakasyna öwrüldi. Onda Türkmenistanda gurluşyk senagatynyň ösdürilmegi, durmuşa geçirilmegine taýýarlanan iri maýa goýum taslamalarynyň ugurlary, halkara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler açýan täze ýörelgeler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahatda çykyş edenler gurluşyk senagatynyň köpsanly möhüm meseleleri, ýollaryň we ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşygynda, häzirki zaman binagärliginde we bezeg işlerinde bar bolan täzeçe ugurlar barada giňişleýin gürrüň etdiler. Gurluşyk kärhanalarynyň netijelliliginiň umumy derejesini ýokarlandyrmakda soňky ýyllarda işlenip taýýarlanylan maksatnamalar, binalaryň we desgalaryň inženerçilik ulgamy, ýaşaýyş jaýlarynda we jemgyýetçilik edaralarynda amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýertitremä garşy durnuklylyk, serişdeleriň we guramalaryň berkligi bilen baglanyşykly meseleler äşgär edildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, paýtagtymyzy we ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmegiň geljekki ugurlary has-da netijelidir. Goýberilýän ägirt uly maýa goýumlar täze işläp taýýarlamalaryň we dolandyryşyň awtomatik ulgamynyň, täze energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň, netijeli enjamlaryň, senagat we beýleki maksatly desgalar üçin gurluşyk materiallarynyň önümçilige işjeň ýagdaýda ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Serginiň ýapylyş dabarasynda sergä ве маслахата gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul edildi. Onda maslahatyň üstünlikli geçirilmegine goldaw berendigi üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk bildirip, netijeli köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ynam bildirilýär.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow