Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirdi
Syýasy habarlar
Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirdi
Çap edildi 22.10.2020
925

Wise-premýer, daşary işler ministri Reşit Meredow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarlly ilçisi Takahiko Kasumata bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösüş derejesine ýokary baha berildi we syýasy gatnaşyklaryň oňyn häsiýeti bellenildi. Şu jähtden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa saparlarynyň ähmiýeti bellenildi, olar ugurlaryň ählisi boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge itergi berdi. Taraplar abraýly sebit we halkara guramalarynyň, ozaly bilen BMG-nyň meýdançasynda özara goldawy dowam etmäge gyzyklanma bildirdiler. Şu jähtden ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň garaýyşlarynyň ýakynlygy tassyklanyldy. Söhbetdeşligiň barşynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy, şeýle hem parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ýaponiýanyň ilçisine döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň ahyrynda ilçi Takahiko Kasumata Türkmenistanyň Prezidentine we DIM-niň ýolbaşçysyna diplomatik wezipesini ýerine ýetirmekde goldawy üçin hoşallyk bildirdi.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow