Baş sahypa
\
Sport
\
Awtomobil sporty boýunça Türkmenistanyň çempionatlary geçirildi
Sport
Awtomobil sporty boýunça Türkmenistanyň çempionatlary geçirildi
Çap edildi 18.10.2020
25127

Şu günler ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli awtomobil sportunyň ralli-reýd, “Volkicar-drift”, toparlaýyn “Volkicar” görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Häzirki wagtda Diýarymyzda awtomobil sportuny ösdürmek üçin uly mümkinçilikler döredildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli täzelenildi we giňeldildi, Onuň üsti täze, ýokary tizlikli awtomobiller bilen yzygiderli ýetirilýär. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň şu ýyl üçin köpçülikleýin sport çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň çägine degişli bolan “Garagum ýalkymy” atly alaw odunyň ýanyndaky ýerden ýaryşlara badalga berildi. Sportuň bu görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatyna toparlaryň 10-sy gatnaşdy. Aşgabat-Daşoguz ýolunyň ugry boýunça badalga alan türgenler Garagum sährasynyň içi bilen 100 kilometre golaý aralyk boýunça ýaryşdylar. Bu gezekki çempionata gatnaşýanlaryň düzüminiň artandygyny, köpüsiniň bolsa ýaş türgenlerdigini bellemeli. Bu sportuň şu görnüşiniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolýandygyny hem-de ýaşlaryň onuň bilen meşgullanýandygyny subut edýär. Türgenler ýokary tizlikli sport awtomobillerine ezberlik bilen erk edip, ýaryşy okgunlylyk bilen ynamly dowam etdirdiler. Bellenilen ugruň iň çylşyrymly böleklerinden başarnykly geçilmegi ulaglara erk edýän türgenleriň we olaryň tälimçileriniň ýokary ussatlygyndan habar berýär. Geçilmeli menziliň aýratynlyklary bilen içgin tanyşan türgenleriň ählisi çölüň geçmesi kyn bölegini ussatlyk bilen geçdiler. Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkezinde awtomobil sportunyň “Volkicar-drift” boýunça toparlaýyn, “Volkicar” hem-de karting görnüşleri boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ilki bilen ýurdumyzyň kartingçileri bellenilen aralyk boýunça ýaryşa goşuldylar. Ýurdumyzda awtomobil sportunyň hemmetaraplaýyn ösdürilýändigini görkezen bu günki ýaryşlaryň netijeleri türkmen türgenleriniň degişli ugurlar boýunça ýokary ussatlyk derejesine ýetendigini äşgär etdi. Türgenleriň sport ulagyna ussatlyk bilen erk edýändigini görkezen bäsleşikler ýurdumyzda sportuň bu görnüşlerini wagyz etmekde görülýän çäreleriň netijelidigine şaýatlyk edýär. Ýokary tizlikde çylşyrymly öwrümleri ýerine ýetirýän kartingçileriň ýeňşe bolan ynamy aýdyň duýulýar. Alty sürüjiniň gatnaşmagynda geçirilen karting ýaryşy örän çekeleşikli we gyzykly boldy. Soňra “Volkicar” boýunça toparlaýyn ýaryşlar geçirildi. Gönüden-göni milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen üstünlikli ösdürilýän awtomobil sportunyň bu görnüşi dünýä ýüzünde bolşy ýaly, türkmen ýaşlarynyň arasynda hem uly meşhurlyga eýe boldy. Bellenilen badalgadan ugran türgenler ýokary tizlikli sport ulaglarynda 1671 metr aralyk boýunça üç tapgyrda ýaryşdylar. Türgenler bellenilen aralygy çalt geçmek ugrunda öz ussatlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Häzirki zaman sport ulaglarynyň tehniki mümkinçilikleri, enjamlaşdyrylyşy hem-de ulagda sürüjiler üçin döredilen şertler guralýan ýaryşlaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirkizaman sport ulaglarynyň hil häsiýetleri bilen bir hatarda, olaryň bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şu günki ýaryşlar muny ýene bir gezek tassyklady, çempionata gatnaşýan sport ulaglarynyň daşky görnüşlerinde milli äheňde taýýarlanan bezeg aýratynlyklary özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem milli Liderimiz sport ulagyny dolandyrmakda ýokary netijeleri gazanmak bilen bir hatarda, sürüjileriň degişli inženerçilik ugrundan hem ukyply bolmagyny zerur şertleriň biri hökmünde kesgitleýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, islendik ýagdaýda degişli çözgüdi çalt kabul etmek hem-de hereketi yzygiderli dowam etmek sürüjiniň esasy endigi bolmalydyr. Şol birwagtyň özünde sport ulagyny sürmegiň tehnikasyna oňat düşünmek, kesgitlenen öwrümleri ussatlyk bilen geçmek türgenden degişli başarnyklary talap edýär. Soňra Volkicar-drift boýunça ýaryşlara badalga berildi. Oňa jemi bäş türgen gatnaşyp, olar ýekelikde öz ussatlyklaryny hem-de sport ulagyna erk etmegiň özboluşly aýratynlyklaryny görkezdiler. Awtomobil sportunyň bu görnüşiniň ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolýandygyny aýratyn bellemeli. Soňky ýyllarda awtomobil sportunyň “Volkicar” görnüşi boýunça tälim alýanlaryň we bu ugra höwesekleriň sany yzygiderli artýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesi sportuň bu görnüşine höwes bildirýän ýaşlary uly ýeňişlere ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan awtomobil sporty boýunça ýurdumyzyň çempioanaty tamamlanandan soň, ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda bu günki ýaryşlaryň ýurdumyzyň senagat işgärleriniň hünär baýramçylygy bilen gabat gelmeginde çuňňur manynyň bardygyny belledi. S.Berdimuhamedow çempionatlara gatnaşyjylary we onuň guramaçylaryny ýaryşlaryň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlap, ýurdumyzyň awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenlerine, tälimçilerine türkmen sportunyň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galdyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi. Eminleriň çözgüdine laýyklykda, birinji ýere “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň türgenleri Merdan Toýlyýew we Şöhrat Toýlyýew mynasyp boldular. Olar “Nissan Patrol” kysymly ýaryş awtoulagynda bellenilen aralygy 1 sagat 42 minut 07 sekuntda geçmegi başardylar. Içeri işler ministrliginiň Bezirgen Nyýazowdan we Bäşim Saparowdan ybarat topary “Mini Cooper”awtoulagynda 1 sagat 48 minut 8 sekunt netije görkezip, ikinji orny eýeledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň toparyna wekilçilik edýän Çary Muhyýew we Mekan Populow “Nissan Padfinder” awtomobil ulagynda pellehana 2 sagat 7 minut 3 sekuntda gelip, üçünji orna mynasyp boldular. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgärleri Bezirgen Nyýazowdan we Bäşim Saparowdan ybarat topar “Mini Kuper” awtoulagynda bellenilen aralygy 1 sagat 48 minut 8 sekuntda geçip, ikinji orna mynasyp boldy. “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Merdan Toýlyýewden we Şöhrat Toýlyýewden ybarat topary “Nissan Patrol” kysymly awtoulagda bellenilen aralygy 1 sagat 42 minut 07 sekuntda geçip, birinji orny eýelemegi başardy. Karting boýunça geçirilen ýaryşda IIM-niň Sport-ulag merkeziniň türgeni Merdan Orazmuhammedow bellenilen aralygy 3 minut 33 sekuntda geçip, üçünji baýrakly oruna mynasyp boldy. IIM-niň Sport-ulag merkeziniň türgeni Kemal Täşliýew bellenen aralygy 3 minut 26 sekuntda geçip, ikinji orna düşdi. Bellenilen aralyga 3 minut 21 sekunt wagt sarp eden Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkeziniň türgeni Rüstem Begenjow birinji orny eýelemegi başardy. “Volkicar” boýunça üç tapgyrda geçirilen bäsleşigiň jemleri final ýaryşyň netijeleri boýunça jemlendi. Şonda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni Maksat Daňatarow bellenilen aralygy 4 minut 35 sekuntda geçip, üçünji baýrakly ornuna mynasyp boldy. IIM-niň Sport-ulag merkeziniň türgeni Gara Garaýew bolsa bu aralygy 4 minut 30 sekuntda geçip, ikinji orna düşdi. Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni Muhammetmyrat Gurbanow bellenilen aralygy 4 minut 29 sekuntda geçip, birinji orny eýeledi. “Volkicar-drift” boýunça ýaryşyň ýeňijileri yglan edildi. Emin agzalarynyň çözgüdine laýyklykda, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň türgeni Merdan Toýlyýew bu ýaryşda 66 utuk gazanyp, baýrakly üçünji ornuna düşdi. Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni Karen Awagýan 69 utuk gazanyp, ikinji orny eýeledi. IIM-niň Sport-ulag merkeziniň türgeni Parahat Garlyýew bu ýaryşda 73 utuk gazanyp, birinji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzyň elektron senagatynyň önümleri bolan gymmatly baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda milli Liderimiziň baştutanlygynda alyjylaryň uly isleginden peýdalanýan elektron we elektrotehniki önümleriň öndürilişi ýola goýulýar. Öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň, pudaklaýyn önümçiligi ylmy esasda ösdürmegiň, bilelikdäki kärhanalary döretmegiň meselelerine uly ähmiýet berilýär. Bu köpugurly işde esasan ýerli çig maly ulanmagy, häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmagy maksat edinýän ýurdumyzyň telekeçilerine uly ornuň berilýändigi bellärliklidir. Şeýlelikde, uly wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý bolan awtomobil sporty boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Munuň özi eziz Diýarymyzyň her bir gününiň şanly wakalara hem-de ilatyň saglygyny berkitmekde gazanylýan üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu ýaryşlaryň awtomobil sportuny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine şübhe bolup bilmez.

Soňky habarlar
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
21.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine
21.04
Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
21.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.04
“Galkan” hokkeý toparynyň türgenleriniň we tälimçileriniň hormatyna dabara
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow