Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri özara gatnaşyklaryň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar
Syýasy habarlar
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri özara gatnaşyklaryň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar
Çap edildi 15.10.2020
962

Şu gün «Merkezi Aziýa + Russiýa» derejesinde daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi. Häzirki wagtda köpugurly esasda dowam edýän bu däp bolan gatnaşyklar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynda aýratyn strategik orny eýeleýär. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça birnäçe derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni alyş meýilnamalaryny we maksatnamalaryny işläp taýýarlamak hem-de sebit ýurtlaryna bolan durmuş-ykdysady täsirlerini ýeňip geçmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Türkmen tarapy şeýle hem ýurdumyzda pandemiýa howpuna garşy durmak boýunça geçirilýän çäreleri beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýeti nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde eden wideoýazgy çykyşynda beýan eden başlangyçlaryna laýyklykda, ylmy diplomatiýanyň gurallaryny ulanmak hem-de döwletleriň degişli edaralarynyň, ilkinji nobatda, Saglygy goraýyş ministrlikleriniň we Arassaçylyk-epidemiologik gulluklarynyň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy. Ministrler Owganystan Yslam Respublikasynda dowam edýän ýagdaýy göz öňünde tutup, sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bu ýurtdaky ýagdaýlaryň kadalaşdyrylmagy, umumymilli raýdaşlygy parahatçylykly gepleşikler arkaly ýola goýmak üçin şertleriň döredilmegi hem-de Owganystanyň halkyna ykdysady we ynsanperwer kömegi bermek ugrunda çykyş edýändigini tassyklady. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary umumy howplara we wehimlere garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek meseleleri barada hem pikir alyşdylar. Bu ugurda umumy kabul edilen kadalaryň we ýörelgeleriň göz öňünde tutulmagy bilen, sebitleýin hem-de halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmegiň zerurlygy nygtaldy. Ýewraziýa giňişliginde deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, şol sanda söwda-ykdysady hem-de maýa goýum babatda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň ýollary hem-de görnüşleri barada pikir alşyldy. Pandemiýadan soňky döwürde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, oňyn nyrh şertleriniň üpjün edilmegine we bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlandyrylmagyna itergi berjek Merkezi Aziýa döwletleriniň, Russiýa Federasiýasynyň we Aziýa — Ýuwaş umman sebiti ýurtlarynyň ulag-logistika ulgamyndaky ähmiýetli başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň aýratynlyklary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy seljerdiler we bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen «Ýewraziýanyň kalby» başlangyjynyň ähmiýeti nygtaldy. Mejlisiň ahyrynda ministrler şu derejede özara hereketleri dowam etmäge ygrarlydyklaryny nygtamak bilen, hyzmatdaşlygyň strategik ugurlary boýunça Beýannamany kabul etdiler.

Soňky habarlar
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
top-arrow