Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Gyrgyz Respublikasyndaky wakalar hakynda Bilelikdäki Beýannamasy
Syýasy habarlar
Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Gyrgyz Respublikasyndaky wakalar hakynda Bilelikdäki Beýannamasy
Çap edildi 09.10.2020
1076

Doganlyk Gyrgyzystanda bolup geçýän wakalar bizde uly ynjalyksyzlyk döredýär. Köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, umumy medeni hem-de ruhy gymmatlyklar bilen baglanyşan ýakyn goňşular hökmünde biz Gyrgyzystanyň halkyny şu çylşyrymly günlerde ýurtda parahatçylygy saklamagyň we durnuklylygy dikeltmegiň bähbidine oňa mahsus bolan parasatlylyk görkezmäge çagyrýarys. Gyrgyzystanyň ähli syýasy partiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik toparlarynyň parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek, Konstitusiýany hem-de milli kanunçylygy gyşarnyksyz berjaý etmek arkaly ýüze çykan meseleleri çözmek üçin zerur tagallalary etmegine umyt edýäris. Gyrgyzystanyň abadançylygy sebit howpsuzlygynyň hem-de tutuş Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Biziň ýurtlarymyzyň geçmişi birdir we olar umumy geljegi gurýarlar. Merkezi Aziýanyň halklary taryhyň dowamynda geljekki nesilleriň abadançylygynyň bähbidine berk parahatçylyga, ylalaşyklylyga hem-de döredijilige ymtylmak meýli bilen birleşendir. Biziň döwletlerimiz umumy maksatlary paýlaşmak bilen, söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa we medeni-ynsanperwer, serhetýaka hem-de sebitara gatnaşyklary giňeltmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny işjeň pugtalandyrýarlar. Merkezi Aziýa raýdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak ýoly bilen öňe gidip, biz Gyrgyzystanyň halkynyň bitewülige, parahat, garaşsyz ösüşe hem-de rowaçlyga ymtylmasyny hemişe goldarys.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow