Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahat
Ykdysadyýet
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahat
Çap edildi 07.10.2020
4040

Türkmenistan — Özbegistan işewür geňeşiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen 1-nji mejlisinde köpugurly döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onlaýn duşuşyga birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri hem-de iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Geňeşe başlyklyk edijiler — iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň başlyklary mejlisi açmak bilen, wajyp hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň özara saparlarynyň, duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtadylar. Munuň özi syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary netijeli ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda uzak möhletleýin, ynanyşmak we özara bähbitli esasda ýola goýulýan gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşe eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Taraplar söwda-ykdysady mümkinçilikleri we ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin dürli ugurlarda ägirt uly kuwwatyň bardygyny belläp, işewür duşuşyklaryň iki doganlyk halkyň bozulmaz dostluk, taryhy-medeni we ruhy umumylyklaryna esaslanýan däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Wideoduşuşyga gatnaşyjylar işewür hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda, dokma, gurluşyk hem-de himiýa, elektron senagaty, saglygy goraýyş we derman senagaty, aragatnaşyk, ekologiýa, daşky gurşawy goramak, obasenagat toplumy ýaly pudaklarda işewür gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şonuň ýaly-da, Özbegistanyň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde synagdan geçirilen oba hojalyk tehnikalarynyň satyn alynýandygyny nazara almak bilen, bu ugurdaky gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygy nygtaldy. Bu ugurda logistika ulgamyna möhüm orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, goňşy döwlet ulag ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyjyny goldaýar. Özbegistan «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär. Bu ugurlar halkara üstaşyr geçelgeleriniň ugurlaryny artdyrar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň we milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmeginiň hem-de sanlylaşdyrylmagynyň iki ýurduň giň ugurlar boýunça gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy. Mejlise gatnaşyjylar netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanmalaryny tassyklap, Türkmenistan — Özbegistan işewür geňeşiniň işiniň özara haryt dolanyşygynyň mukdarynyň artdyrylmagyna, maýa goýum işiniň höweslendirilmegine we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow