Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan — ÝUNISEF: saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
Syýasy habarlar
Türkmenistan — ÝUNISEF: saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
Çap edildi 05.10.2020
954

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň halkara guramalar bilen saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna bagyşlanan ýörite maslahat geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hem-de abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasynyň, BSGG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda ilatyň saglygyny goramagyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny taýýarlamaga ýolbaşçylyk eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny üpjün etmegi esasy maksady hökmünde kesgitlän hem-de ilatyň saglygyny ýurduň baýlygy diýip yglan eden milli Liderimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berýär. Halkara hyzmatdaşlykda daşary ýurtlaryň ýöriteleşdirilen düzümleri, ilkinji nobatda bolsa, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we BMG-niň Çagalar gaznasy bilen gatnaşyklara möhüm orun degişlidir. «Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen syýasy şygardan ruhlanyp, Türkmenistanda lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, BSGG-niň tekliplerine laýyklykda, saglygy goramak, şol sanda keselleriň öňüni almak boýunça degişli maksatnamalar amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän saglygy goraýşyň baş ugrunyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen Türkmenistanyň ilatyna, ilkinji nobatda bolsa, çagalara doly sanjym geçirilmegi netijesinde, sebitde has köp ýaýran köp sanly keseller doly we bölekleýin aradan aýryldy. Şeýlelikde, ýurdumyzda birnäçe ýokanç keseller, şol sanda drakunkulýoz, poliomielit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja ýaly ýokanç keselleriň doly soňuna çykyldy. Bu üstünlikler degişli halkara güwänamalar arkaly berkidildi. Nygtalyşy ýaly, ÝUNISEF-niň goldaw bermeginde, keselleriň öňüni almakda aýratyn ähmiýetli waksinalar we beýleki immun serişdeleri yzygiderli getirilýär. Duşuşygyň ahyrynda 2015-nji ýylyň 28-nji awgustynda gol çekilen «Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-niň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň» çäklerinde 2021 — 2025-nji ýyllarda sanjym geçirmek üçin waksinalary we enjamlary satyn almak boýunça hyzmatlary üpjün etmegiň meýilnamasyna” ikitaraplaýyn gol çekmek çäresi boldy.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow