Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahat görnüşdäki nobatdaky duşuşyk
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahat görnüşdäki nobatdaky duşuşyk
Çap edildi 05.10.2020
865

Şu gün ýurdumyzyň Mejlisinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň başlygy Muhammad Sadyk Sanjrani bilen onlaýn duşuşyk geçirildi. Onda parlamentleriň derejesindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň we uly geljegiň bardygyny belläp, iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň derejesindäki aragatnaşyklaryň ösdürilmeginiň türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudygyny nygtadylar. Türkmenistanyň milli parlamentiniň täze iki palataly düzümini döretmek bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, tejribe we amaly bilimleri alyşmagyň, olary parlamentara gatnaşyklary berkitmek maksady bilen iş ýüzünde ulanmagyň zerurdygyna üns berildi. Muhammad Sadyk Sanjrani Türkmenistanyň hem-de Pakistanyň parlamentleriniň hyzmatdaşlygynyň häzirki zamanyň sebitde gapma-garşylygy kadalaşdyrmak, ekstremizme we terrorçylyga garşy göreşmek ýaly möhüm meselelerini, howanyň üýtgemegi bilen bagly wezipeleri çözmekde hyzmatdaşlyk edip biljekdiklerine ünsi çekdi. Şeýle hem taraplar halkara derejede, şol sanda Parlamentara birleşigiň çäklerinde özara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygyny ykrar eden we ýurdumyza hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berilmegi üçin ses beren ilkinji döwletleriň biri bolan Pakistanyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden öňe süren başlangyçlaryny işjeň goldaýandygyna ýokary baha berýär. Söhbetdeşler türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, onuň möhüm ugry bolan parlamentara gatnaşyklary yzygiderli dowam etmek barada ylalaşdylar.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow