Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen alabaýy — milli mirasymyz we buýsanjymyz
Jemgyýet
Türkmen alabaýy — milli mirasymyz we buýsanjymyz
Çap edildi 01.10.2020
6466

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnalyň birinji sany çapdan çykdy. Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy tarapyndan esaslandyrylan täze neşir türkmen alabaýlaryny tutuş dünýäde giňden wagyz etmäge hem-de okyjylary şu ýyl döredilen we dünýäniň dürli ýurtlaryndan kinologlary öz hataryna birleşdiren assosiasiýanyň işi bilen tanyşdyrmaga ýardam etmelidir. Şeýle bolsa-da, ýöriteleşdirilen žurnal diňe bir kinologik häsiýete eýe bolman, eýsem, medeniýeti öwrenmäge hem kömek eder. Çünki onuň wezipesi türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde alabaý itlerini aýawly saklamaga we ösdürmäge ýardam etmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurdaky işe kuwwatly itergi berip, ýurdumyzda it idetmegiň döwrebap düzüminiň döredilmeginiň başyny başlady. Täze neşiriň birinji sany milli Liderimiziň türkmen alabaýyna bagyşlanan goşgusy bilen açylýar. Žurnal Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň işgärleriniň adyndan giriş makalasy bilen dowam etdirilýär. Onda bu ulgama berýän ünsi we goldawy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda alabaýyň türkmen halkynyň durmuşynda we ykbalynda eýeleýän orny barada gürrüň berilýär. Onda köpýyllyk barlaglar, oýlanmalar, tutuş dünýäde giňden ýaýran bu gadymy tohumyň gelip çykyşy barada taryhy we edebi maglumatlar umumylaşdyrylýar. Žurnalyň sahypalarynda bu kitapdan jümleler getirilýär. Indiki makalada bolsa şol eseriň ruhy ähmiýeti babatdaky seljerme berilýär. Milli Liderimiziň bu kitabynda diňe bir itleriň dünýädäki iň gadymy tohumlarynyň biriniň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň berilmän, eýsem, ahalteke bedewi ýa-da haly ýaly, asyrlaryň jümmüşinden gelýän milli gymmatlyklar bilen bir hatarda durýan alabaýyň medeni özboluşlylygy açylyp görkezilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, alabaýlar halk medeniýetiniň möhüm gatlagyny düzüp, türkmenleriň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky düşünjelerini beýan edýän çuň manyly keşplere öwrülýär. Häzirki wagtda bu keşpler özüniň derwaýyslygyny birjik-de ýitirmedi, gaýtam, has çuň manyly gymmatlyga öwrüldi. Çünki olar özüne adamlaryň köp nesliniň haýran galyjylyk, ata-babalarymyza tutanýerli zähmeti üçin hoşallyk duýgularyny birleşdirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmenleriň milli baýlyklaryny giňden wagyz etmek boýunça durmuşa geçirýän maksadalaýyk we tutanýerli işi wepaly, mert we batyr alabaýlaryň tutuş dünýäde meşhurlygyny artdyrmaga ýardam etdi. «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnaly hem bu giň gerimli işe saldamly goşant bolar. Onuň sahypalaryndan okyjylar baş gahryman, alabaýyň milletiň ykbalynda, halk döredijiliginde, edebiýatda, türkmenleriň filosofiýasynda eýeleýän orny barada gyzykly maglumatlary alyp bilerler. Neşir köpöwüşginli suratlar bilen bezelipdir. Žurnal hut itşynaslyk boýunça nazaryýet we amaly bölümleri birleşdirýär. Mysal üçin, žurnalyň birinji sanynda «Türkmen alabaýyny ýetişdirmegiň halk tejribesi» atly giňişleýin makala berilýär. Onda geljekki goragçylar we kömekçiler hökmünde itleri terbiýelemek, taýýarlamak hem-de türgenleşdirmek bilen baglanyşykly däpleriň köpüsi barada gürrüň berilýär. Idegi ýetirilen türkmen alabaýy birnäçe möjegiň hötdesinden gelmegi başarypdyr. Türkmen alabaýy ýyrtyjylaryň sürüsi bilen söweşende hem ýeňiş gazanmaga ukyplydyr. Türkmen itşynaslary tarapyndan ýetişdirilen çopan itleriniň arasynda meşhurlyga eýe bolanlary hem bar. Žurnalyň nobatdaky makalasy «Türkmen alabaýynyň arheologiýa we etnografiýa mirasy» diýlip atlandyrylýar. Onda Türkmenistanyň çäginden tapylan we itiň bu tohumynyň gadymylygyna şaýatlyk edýän täsin tapyndylardyr gadymy gymmatlyklar hem-de ata-babalarymyzyň alabaýa aýratyn garaýşy barada gürrüň berilýär. Biziň eýýamymyzdan ozalky V-IV müňýyllyklarda gülläp ösen Änewiň çäginde ähli dessurlar berjaý edilip jaýlanan äpet türkmen alabaýynyň galyndylary tapyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda belleýşi ýaly, itler bilen baglanyşykly arheologik tapyndylar bürünç eýýamynyň Altyndepe, Goňurdepe, Ajyguýy ýaly ýadygärliklerinde ýüze çykaryldy. «Gadymy Merw» medeni-taryhy ýadygärlikler toplumynyň merkezinde ýerleşen Gäwürgala ýadygärliginde gazuw-agtaryş işleri geçirilende, biziň eýýamymyzyň II asyryna degişli çopan itiniň heýkeljigi tapyldy. Türkmen alabaýynyň laýdan ýasalan, biziň eýýamymyzyň VI-VII asyrlaryna degişli ýene-de bir heýkeljigi Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda ýerleşýän Araphana ýadygärliginde ýüze çykaryldy. Gadymy Nusaý ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan ritonlarda aw pursady şekillendirilen şekiller hem meşhurdyr. Şolary akademik M.Ý.Masson ýüze çykardy we ylym dünýäsine ýaýratdy. Akademik öz ylmy işlerinde bu jandaryň ýolbarsyňky ýaly uly penjeleri, dik göwresiniň onuň türkmen alabaýydygyna şaýatlyk edýändigini belleýär. Žurnalda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň işiniň kanunçylyk üpjünçiligi we ylmy-usulyýet esaslary barada-da gürrüň berilýär. Bu işiň esasy maksady milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däpleriniň dowamatlylygyny üpjün etmekden, halk tohumçylygynyň usullaryny hem-de häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly onuň iň gymmatly häsiýetlerini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Şunuň bilen birlikde, halkara hyzmatdaşlara möhüm orun degişlidir. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy (ÝUNESKO) we beýleki abraýly iri guramalar, şol sanda bu ugurda netijeli işleri alyp barýan daşary ýurt assosiasiýalary hem-de ýuridik şahslar we dünýäniň dürli döwletlerinden hususy itşynaslar bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk ýola goýlar. Geljekde ýurdumyzda maslahatlary, sergileri, türkmen alabaýlarynyň gözellik bäsleşiklerini we beýleki halkara çäreleri hem-de ylmy işleri yzygiderli geçirmek meýilleşdirilýär. Soňky ýyllarda dünýäniň dürli künjeklerinde türkmen alabaýlarynyň muşdaklarynyň sany barha artýar. Bu ägirt uly gyzyklanmany nazara almak bilen, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy we onuň neşir edýän ýöriteleşdirilen žurnaly itleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça hünärmenleri birleşdirmäge, alymlary hem-de muşdaklary meşhur alabaýyň taryhy watanynda jemlemäge ýardam eder. Iň möhüm zat bolsa, ol hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu täsin tohumyň naýbaşy sanyny mundan beýläk-de köpeltmek, ýaýratmak we wagyz etmek, arassalygyny saklamak, tejribe alyşmak hem-de itşynaslyk babatda netijeli halkara gatnaşyklary ýola goýmak babatynda öňde goýan wezipelerini çözmäge itergi berer.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow