Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahat görnüşindäki nobatdaky duşuşyk
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahat görnüşindäki nobatdaky duşuşyk
Çap edildi 30.09.2020
1037

Şu gün DIM-nde wideomaslahat görnüşinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça baş direktory (ÝUNESKO) hanym Odri Azulaý bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, milli we dünýä gymmatlyklaryny goramaga, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň esasynda ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň öňe ilerledilmegine ýurdumyzyň ygrarlydygy bellenildi. Odri Azulaý ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmäge, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Bilim, ylym, maglumat ulgamy, suw serişdelerini dolandyrmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, hanym Azulaý bilermenleriň duşuşyklaryny guramagyň, taraplaryň uzak aralykdan okuw geçmäge degişli taslamalara gatnaşmagynyň wajypdygyny nygtady. Türkmen tarapynyň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, ÝUNESKO-nyň birnäçe düzümlerine Türkmenistany dalaşgärlige hödürlemek maksadyny beýan etdiler. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, halkymyzyň maddy däl medeni-taryhy mirasyny gorap saklamak ulgamy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biridir. ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna ozal Türkmenistanyň möhüm medeni gymmatlyklarynyň girizilendigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, taraplar atlaryň ahalteke tohumyny hem-de itleriň iň gadymy görnüşleriniň biri bolan alabaýlary gorap saklamagyň ähmiýetini nygtadylar. Şolaryň wagyz edilmegi dünýä derejesindäki medeni mirasy gorap saklamak nukdaýnazaryndan möhümdir. Şeýle hem türkmen tarapynyň wekilleri ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň ulgamyna goşulmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdiler. Bu bolsa medeniýetara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow