Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Çap edildi 27.09.2020
1502

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň synmaz binýady, bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr. Döretmäge we gurmaga güýç-kuwwat berýän hem-de milletimizi beýik maksatlara birleşdirýän mukaddes düşünjedir. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyny şanly wakalar, ajaýyp üstünlikler bilen uludan toýlap, möhüm wakalar bilen şöhratlandyrýarys. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda hem asylly däbimize eýerip, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň nusgalyk ýoluny saýlap alan eziz Watanymyzyň milli baýramynyň şanyna Aşgabat şäherinde hem-de sebitlerimizde döwrebap ýaşaýyş toplumlaryny we kärhanalary dabaraly açyp, ulanmaga berýäris. Milli ykdysadyýetimizde gazanan uly üstünliklerimize bagyşlanan sergileri, ylmy-amaly maslahatlary, medeni-jemgyýetçilik dabaralaryny geçirýäris. Kabul eden maksatnamalarymyzy, giň gerimli özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan uly üstünlikleri üçin watandaşlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglaýarys. Agzybirligimizi, jebisligimizi we döwletliligimizi alamatlandyrýan bu dabaralar Garaşsyz Diýarymyzyň, merdana halkymyzyň at-abraýyny, mertebe-şanyny has-da artdyryp, her birimizi belent maksatlara ruhlandyrýar. Eziz watandaşlar! Türkmen halky Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, belent maksady — demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmek, raýat jemgyýetini gurmak ýoluny saýlap aldy. Şoňa görä-de, biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özbaşdak ösüşiň röwşen ýoly bilen ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe alyp barýarys. Merdana halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerine daýanyp, tebigy baýlyklarymyzy milli we umumadamzat bähbitlerine gönükdirýäris. Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny öňküden-de berkitmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny mundan beýläk hem ýokarlandyrmak, kuwwatly we köpugurly milli ykdysadyýeti döretmek ugrunda öz öňümizde täze, has uly wezipeleri goýýarys. Halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň bähbidine milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan uzak möhletleýin maksatnamalarymyzy hem-de toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçirmek ugrundaky işleri üstünlikli dowam etdirýäris. Täze obalarydyr şäherleri, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri senagat kärhanalaryny, mekdepleridir çagalar baglaryny, ýaşaýyş toplumlaryny we ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, köp sanly medeni-durmuş maksatly desgalary giň gerim bilen gurýarys. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna demokratik kadalary tapgyrma-tapgyr ornaşdyrýarys. Medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda, gurluşyk, senagat, oba hojalygy, nebitgaz pudaklarynda ýokary ösüşleri gazanýarys. Mähriban watandaşlar! Hemmetaraplaýyn ösen döwleti gurmaga gönükdirip alyp barýan syýasatymyz, beýik we asylly maksatlara niýetlenen giň möçberli özgertmelerimiz Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrýar. Berkarar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrýar. Bagtyýarlygyň, parahatçylygyň, asudalygyň we abadançylygyň mekany hökmünde eziz Watanymyzy şan-şöhrata besleýär. Biziň alyp barýan işjeň daşary syýasatymyz durmuş-ykdysady ösüşe we döwletimiziň berkararlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen içeri syýasatymyzyň dowamydyr. Sebäbi ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny hemmetaraplaýyn berkitmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimizi mundan beýläk hem okgunly ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny has-da gowulandyrmak üçin möhüm kararlary kabul etdik hem-de ileri tutulýan wezipeleri kesgitledik. Munuň özi merdana halkymyz bilen el-ele berip, döredijilikli zähmet çekip, ata Watanymyza gulluk edip, ähli maksatlarymyzy we arzuwlarymyzy üstünlikli amala aşyrmaga täze mümkinçilikleri açýar. Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin! Goý, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň röwşen ýolunda abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öne barýan berkarar Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün, eziz Diýarymyzyň at-abraýy has-da belende galsyn! Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
top-arrow