Syýasy habarlar
Resmi habaralar
Çap edildi 25.09.2020
1309

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ilatynyň ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, dünýäde dörän ýiti ýokanç keseliň ýurda getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde raýatlaryň saglygyny berkitmäge we goramaga gatnaşýan döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna, şol işleri ýerine ýetirýän döwrüniň dowamynda degişli Tertibe laýyklykda, olaryň aýlyk zähmet haklarynyň 15 göterimi möçberde goşmaça hak tölemek bellenildi. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap: degişli sanawda görkezilen ýurduň uzakda ýerleşip, barmasy kyn bolan obalaryndaky döwlet saglygy goraýyş edaralarynda işleýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna olaryň aýlyk zähmet haklarynyň 20 göterimi; degişli sanawda görkezilen Kararyň birinji bendinde görkezilenden beýleki obalardaky döwlet saglygy goraýyş edaralarynda işleýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna olaryň aýlyk zähmet haklarynyň 10 göterimi möçberde hak tölemek bellenildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, häkimliklere degişli saglygy goraýyş işgärlerine döwlet maksatnamalarynyň çäginde gurluşygy amala aşyrylýan hususy ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin mellek ýerleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ilkinji nobatda berilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Buýruga gol çekdi. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda çykaran birinji buýrugy 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýjüni ýitiren diýlip ykrar edildi.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow