Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 18.09.2020
981

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde döwletara gatnaşyklaryň ýagdaýyny we esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Şol gatnaşyklar özara hormatlamak, deňhukuklylyk ýörelgelerine hem-de ösüşe we rowaçlyga bolan islege esaslanandyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine uly goşandy hem-de berýän ünsi üçin Prezident Arif Alwä tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, biziň döwletlerimizi hem-de halklarymyzy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan baý dostluk we hyzmatdaşlyk däpleriniň baglanyşdyrýandygyny belledi. Telefon söhbetdeşliginiň barşynda soňky ýyllarda dostlukly, ynamly türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň täze mazmuna eýe bolandygy hem-de taraplaryň uly kuwwatynyň we özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge taýýar bolmagy netijesinde ösdürilýändigi nygtaldy. Munuň özi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna we mümkinçiliklerine hem-de häzirki dünýä meýillerine garaýyşlardaky özara düşünişmek bilen şertlendirilendir. Şu babatda pikir alyşmalaryň dowamynda söhbetdeşler syýasy ugurda, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistanyň Hökümetine dünýä giňişliginde Türkmenistanyň başlangyçlaryny işjeň goldaýandygy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Şol başlangyçlar tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem söwda-ykdysady ulgamda özara gatnaşyklaryň okgunly häsiýeti aýratyn bellenildi, bu ugurda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň taslamasy strategik esasy düzýär. Häzir onuň türkmen bölegindäki gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Ýakynda bolsa Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda goňşy ýurduň çäginde işleri çaltlandyrmaga ýardam etjek TOPH-nyň owgan böleginde ýerleri saýlap almak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pakistanly kärdeşiniň ýardam etmeginde we goldaw bermeginde ýakyn wagtda Pakistanyň çäginde hem gaz geçirijiniň gurluşygyna başlanjakdygyna umyt bildirdi. Bellenilişi ýaly, bu iri taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi sebitiň ykdysady taýdan ösmegine täze itergi bermek bilen, biziň döwletlerimizi hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen has-da jebisleşdirip, parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şertine öwrüler. Ulag-aragatnaşyk düzümini ösdürmek, elektrik geçiriji ulgamlary çekmek boýunça tagallalaryň netijeli utgaşdyrylmagy döwletara we sebit hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzir Türkmenistan we Pakistan ikitaraplaýyn söwdanyň görkezijilerini artdyrmak, özara haryt alyş-çalşygyny diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek üçin ýeterlik kuwwata eýedir. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň umumy ýagdaýyny hem-de haryt dolanyşygynyň depginini bilelikde düýpli öwrenmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Şunda Hökümetara türkmen-pakistan topary öz işini görkezmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda onlaýn görnüşde onuň nobatdaky mejlisini geçirmegi teklip etdi. Şeýle hem söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegi ugrunda pikirlerini beýan etdiler. Olaryň halklaryny öňden gelýän ruhy-medeni gatnaşyklar birleşdirýär. Şol gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin mäkäm esas bolup durýar. Bu babatda medeniýet hem-de sungat, ylym-bilim we lukmançylyk ulgamlarynda yzygiderli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Arif Alwi söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň geljekde-de umumy bähbidiň hatyrasyna ähli ugurda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge özara islegleriniň bardygyny tassyklap, birek-birege berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
top-arrow