Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» neşiriniň nobatdaky sany
Jemgyýet
«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» neşiriniň nobatdaky sany
Çap edildi 17.09.2020
3683

«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» neşiriniň saýlanan eserleriniň nobatdaky 13-nji jilti çapdan çykdy. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň täze taryhyna «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar bilen giren 2019-njy ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlary, ylmy makalalary, interwýulary, halkymyza ýüzlenmeleri we gutlaglary girizildi. Neşirde milli Liderimiziň amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleri, durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalar, jemgyýetiň syýasy ulgamyndaky maksatnamalar, ykdysadyýetiň depginli ösüşi, durmuş syýasatynyň berjaý edilişi, ylym-bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylyşy, türkmen halkynyň medeni mirasynyň baýlaşdyrylyşy aýdyň beýanyny tapýar. Şunuň bilen birlikde, nobatdaky jiltiň makalalary dünýä ýurtlary bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilişine, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilişine şaýatlyk edýär. Kitap «Watanymyzyň taryhy ösüşiň täze tapgyrynda gülläp ösüşi» atly gysgaça seljerme syny bilen açylýar. Onda jemgyýetçilik-syýasy durmuşdaky ähmiýetli wakalar, hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen çuň manyly şygarynda öz beýanyny tapýan oňyn ugurly we ynsanperwer manyly syýasaty şöhlelendirilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň köpugurly üstünlikleri, dünýä hojalyk ulgamyndaky ynamly goşulyşmagy Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara derejedäki ornuny we abraýyny berkitmäge ýardam edýär. Bu mysallar hormatly Prezidentimiziň parahatçylygyň, agzybirligiň, bitewüligiň, abadançylygyň we bagtyýarlygyň höküm sürýän jemgyýetini gurmak baradaky asylly maksatlara esaslanýan ýokary döwlet wezipesindäki netijeli işleriniň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň dowamy bolan 2019-njy ýylyň wakalary milli Liderimiziň syýasatynyň okgunly häsiýetini aýdyň açyp görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary boýunça kabul edilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli uzak möhletleýin maksatnamalary Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçiliklerini halkyň abadançylygynyň we bagtly durmuşynyň bähbidine doly derejede durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Neşir wajyp ylmy-resminamalaýyn we maglumat-aň-bilim çeşmesi bolup, döwletimiziň häzirki syýasatynyň many-mazmunyny açyp görkezýär, durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň depginini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeleriniň çuňlugyny we täzeçilligini aýdyň şöhlelendirýär. Döwlet Baştutanymyzyň kitaba girizilen işleri taryhçylar, syýasatşynaslar, jemgyýeti öwrenijiler üçin olaryň geljekki ylmy seljermelerinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň häzirki taryhy ýoluny döredijilikli beýan etmekde nazaryýet we tejribe gymmatlygyna eýedir. Kitabyň milli Liderimiziň mähriban Watanymyzy gülletmegiň bähbidine alyp barýan syýasatyny resminama çeşmeleriniň esasynda giňden wagyz etmekde, jemgyýetdäki syýasy, ykdysady, durmuş, medeni babatdaky oňyn özgertmeleri beýan etmekde ägirt uly ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiziň makalalarynyň çap edilmegi ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmeti söýmek we ýokary ahlak ruhunda terbiýelemekde, olarda raýat jogapkärçilik duýgusyny, sagdyn durmuş ýörelgesini döretmekde bahasyna ýetip bolmajak orny eýeleýär. Türkmen we rus dillerinde neşir edilen nobatdaky jilt ylmy-maglumat bölümi bilen üpjün edilendir. Goşundyda at we ýer-ýurt görkezijileri, gysgaltmalaryň sanawy berilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpugurly işlerini hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüşiň täze belentliklerine barýan ýoluny şöhlelendirýän neşir giň okyjylar köpçüligi üçin uly gyzyklanma döredýär.

Soňky habarlar
29.12
Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
29.12
Geljek ýylda ösüşiň belent sepgitlerine tarap
29.12
Ýurt garşy alsyn!
29.12
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 972 müň dollaryndan gowrak boldy
27.12
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
27.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
26.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
26.12
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etmek hakynda
26.12
Çagalaryň baýramçylyk dabaralary
25.12
Daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow