Amyderýanyň ýakasyndaky şäheriň ýaşaýjylary ýakynlaşyp gelýän baýramçylyga — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna ajaýyp sowgat aldylar. Şäheriň bagtyýar ýaşaýjylaryna täze gurlan jaýlardaky öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dört gatly jaýlaryň 14-sinden ybarat bolan täze ýaşaýyş toplumy welaýat merkeziniň günorta böleginde, Türkmenabat — Mary awtomobil ýolunyň ugrunda guruldy. Täze binalaryň taslamalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Diýarymyzyň şäher gurluşygyna bildirýän talaplary nazara alnyp işlenip taýýarlanyldy. Ýaşaýyş jaýlary «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň edaralary tarapyndan guruldy. Paý esasynda «Ýeňişli ýollar», «Beýik sepgit» hususy kärhanalary, «Amul ýoly» hojalyk jemgyýeti gurluşyga saldamly goşant goşdular. Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 14-siniň her birinde iki we üç otagly öýleriň 24-si göz öňünde tutuldy. Iki otagly öýleriň her biriniň umumy meýdany 115 inedördül metre, üç otagly öýleriň meýdany 121 inedördül metre barabardyr, otaglaryň beýikligi bolsa üç metrden gowrakdyr. Gurluşykçylar hem-de bezegçiler öýleriň abadanlaşdyrylyşyna we bezegine aýratyn üns berdiler. Aşhanalar mebeller we döwrebap durmuş tehnikalary bilen doly üpjün edildi. Ýörite inženerçilik bölüminde ýerleşdirilen özbaşdak podstansiýa, kotelnýa öýleriň gyzgyn we sowuk suw, elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini kepillendirýär. Taslamany işläp taýýarlaýjylar körpe ýaşaýjylar barada hem alada etdiler. Olar ýörite sport we çagalaryň oýun meýdançalaryny gurdular. Gurluşykçylar ýaşaýyş jaýlaryna ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak işine hem örän jogapkärli çemeleşip, binalaryň öň tarapynda owadan gül aýmançalaryny döretdiler hem-de oturgyçlary we çyra sütünlerini ornaşdyrdylar. Täze jaýlaryň ýaşaýjylarynyň awtoulaglaryny goýmak üçin niýetlenen üsti açyk duralgalar bu ýerde döredilen amatlyklaryň üstüni ýetirýär. Täze ýaşaýyş toplumynyň açylmagy mynasybetli guralan dabaralara welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.