Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
Çap edildi 16.09.2020
1038

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Suga Ýosihide Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. «Siziň ýolbaşçylygyňyzda Ýaponiýanyň syýasy we durmuş-ykdysady ösüşlerde täze sepgitlere ýetjekdigine, şeýle hem halkara giňişlikde öz at-abraýyny has-da berkitjekdigine ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz öz hatynda nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti biziň döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini belläp, soňky ýyllarda üstünlikli özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny aýratyn nygtady. «Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz has giň ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Strategik häsiýete eýe bolan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň biziň bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna berk ynanýaryn» diýlip, hatda aýdylýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Suga Ýosihide tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly Ýaponiýanyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna bu ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow