Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 15.09.2020
1052

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysyny Tatarystanyň döwlet Baştutany wezipesine geçirilen saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi dostlukly ýurduň ýolbaşçysynyň respublikada jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygyň we durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen syýasatyna ýokary ynam bildirilýändiginiň hem-de giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rustam Minnihanowa alyp barýan jogapkärli işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine önjeýli goşant goşan ýurduň ilkinji Prezidenti, häzirki wagtda Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewe hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy. Prezident Rustam Minnihanow mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň üýtgewsiz dostlukly häsiýete eýedigini we ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny nygtady. Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen hem-de tatar halklarynyň asyrlaryň dowamynda medeniýetleriň we diniň, diliň hem-de däp-dessurlaryň umumylygyna daýanýan doganlyk gatnaşyklary saklaýandygy aýratyn bellenildi. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlarynyň yzygiderli alyp barýan wajyp hyzmatdaşlyk gatnaşyklary netijesinde sebit derejesinde ikitaraplaýyn özara gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ýola goýulýan doly möçberli hyzmatdaşlygyň çäklerinde tagallalaryň utgaşdyrylmagy arkaly türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ýygjam häsiýete eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Söhbetdeşligiň dowamynda köpugurly türkmen-tatar gatnaşyklarynyň gün tertibinde soňky ýyllarda kuwwatly itergä eýe bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Işewür düzümleriň ulgamy boýunça göni aragatnaşyklary ýola goýmak arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Şol bir wagtyň özünde netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklar, ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk işjeň ýola goýulýar. Bu ugurlarda özara gatnaşyk boýunça asylly däplere eýe bolan baý tejribe toplanyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine Prezident Rustam Minnihanowyň goşýan goşandyna ýokary baha berilýändigini belläp, abadançylygyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça netijeli gatnaşyklaryň we bilelikdäki işleriň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikler, Türkmenistanyň we Tatarystanyň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow